Eýýup 14:1—22

  • Eýýup sözüni dowam edýär (1—22)

    • Ynsanyň ömri gysgadyr, jebir⁠-⁠jepadan doludyr (1)

    • «Agaç üçin hem umyt bar» (7)

    • «Haýyş, meni mazarda gizle!» (13)

    • «Adam ölse, ýene⁠-⁠de ýaşarmy?» (14)

    • Hudaý öz eli bilen ýaradanyny küýsär (15)

14  Eneden doglanyň ömri gysgadyr+,Jebir⁠-⁠jepadan doludyr+.   Ol gül kimin açylýar, soňra solup gidýär*+,Kölege kimin geçip gidýär, gözden gaýyp bolýar+.   Sen gözüňi aýyrman ynsany synlaýarsyň,Höküm etmek üçin kazyýete eltýärsiň+.   Günäli adamdan bigünä* dünýä inermi?+ Asla dünýä inmez!   Ynsanyň günleri gysgadyr,Onuň ömri seniň eliňdedir.Ol goýan çägiňden çykyp bilmez+.   Nazaryňy ondan sow, goý, ol ýaşasyn,Işini tamamlan işçi kimin dynç alsyn+.   Hatda agaç üçin hem umyt bar, Çapylsa⁠-⁠da gögerýär.Şahalary ýene boý alýar.   Köki garrasa⁠-⁠da,Töňňesi çüýrese⁠-⁠de,   Çyg düşse, pyntyklaýar,Nahal kimin gögerýär. 10  Adam ölýär, sarsman ýatýar.Ömür tanapy üzülse, ol nirä gidýär?+ 11  Deňziň suwy bugarýar,Derýalar gurap galýar. 12  Ynsan hem bir ýykylsa galmaz+, Gökler ýok bolýança, ol oýanmaz,Hiç kim ukudan turzup bilmez+. 13  Haýyş, meni mazarda* gizle!+Gaharyň ýatyşýança, meni ýygşyr,Möhletim dolanda ýadyňa sal+. 14  Adam ölse, ýene⁠-⁠de ýaşarmy?+ Men gulçulykdan* azat bolýançam,Sabyrly garaşaryn+. 15  Sen çagyrarsyň, men jogap bererin+, Meni küýsärsiň*, sebäbi meni öz eliň bilen ýaratdyň. 16  Häzir bolsa ädimlerimi sanaýarsyň,Diňe günämi görýärsiň. 17  Ýazygymy torba salyp möhürleýärsiň,Ýalňyşlarymy ýelimläp saklaýarsyň. 18  Daglaryň ýykylyp, weýran bolşy deý,Gaýalaryň ýerinden süýşüşi deý, 19  Suwuň daşlary owradyşy dek,Siliň topragy dargadyşy dek,Senem başy ölümli ynsanyň umydyny üzýärsiň. 20  Ony tä ölýänçä köseýärsiň+.Keşbini üýtgedip, mazara inderýärsiň. 21  Ogullary at⁠-⁠abraý gazansa⁠-⁠da, abraýdan düşse⁠-⁠de,Ol baryndan bihabardyr+. 22  Ol diňe dirikä agyry duýýar,Başy dikkä hasrat çekýär».

Çykgytlar

Başga manysy: sogrulýar.
Sözme⁠-⁠söz: Haramdan päk.
Sözlüge serediň.
Ýagny mazardan.
Ýa⁠-⁠da: örän göresiň geler.