Danyýar 12:1—13

  • Dünýäniň soňunda boljak wakalar (1—13)

    • Mikaýyl aýaga galýar (1)

    • Akyldarlar ýagty saçýar (3)

    • Hakyky bilim artýar (4)

    • Danyýar paýyny alýar (13)

12  Şol wagt Mikaýyl*+, Beýik serkerde+ seniň halkyň üçin aýaga galar. Şonda halklar döräli bäri, görlüp⁠-⁠eşidilmedik agyr döwür bolar. Seniň halkyň, Hudaýyň kitabynda ady ýazylan+ her bir adam halas bolar+.  Toprakda ýatan ençeme adamlar ukudan oýanar. Olaryň käbiri ebedi ýaşaýşa gowşar, käbiri käýinje we ebedi höküme sezewar bolar.  Akyldar adamlar gök asman dek ýagty saçar. Halka dogruçyllygy öwredýänler ýyldyzlar kimin ebedilik şöhle saçar.  Danyýar, aýdylanlary gizlin sakla, dünýäniň soňuna çenli kitaby möhürle+. Köp adamlar gözleg geçirerler, hakyky bilim hem artar»+.  Soňra men, Danyýar iki sany perişdäniň durandygyny gördüm. Biri çeşmäniň bäri tarapynda, ýene biri aňry tarapynda durdy+.  Olaryň biri çeşmäniň ýokarsynda duran zygyr* köýnekli adamdan+: «Täsin wakalar haçan gutarar?» diýip sorady.  Soňra men çeşmäniň ýokarsynda sag hem çep elini asmana galdyryp duran zygyr köýnekli biriniň sesini eşitdim. Ol ebedi Bar Bolanyň+ adyndan ant içip: «Wakalar bir döwür, iki döwür we ýarym döwür dowam eder*. Mukaddes halk güýçden gaçanda+ bularyň barynyň soňy geler» diýdi.  Men eşitsem⁠-⁠de, düşünmedim+. Şonuň üçinem: «Agam, munuň soňy näme bilen gutarar?» diýdim.  Ol şeýle diýdi: «Danyýar, ýola düş, sebäbi aýdylan zatlar dünýäniň soňuna çenli gizlin saklanar we möhürlener+. 10  Köp adamlar arassalanar, tämizlener we päk bolar+. Erbet adamlar erbet işlerini ederler, olaryň hiç biri muňa düşünmez. Emma akyldarlar düşünerler+. 11  Her gün berilýän gurbanlygy+ gadagan edip, weýrançylyk getirýän ýigrenji zady dikenlerinden+ soň 1 290 gün geçer. 12  Sabyrly bolup, 1 335 gün geçýänçä garaşanlar bagtlydyr! 13  Soňuna çenli berk dur! Sen dynç alarsyň, soňky günlerde düşen paýyňy almak üçin turarsyň»+.

Çykgytlar

Manysy: Hudaýa taý geljek barmy?
Sözlüge serediň.
Ýagny 3,5 döwür.