Eýýup 19:1—29

  • Eýýup söze başlaýar (1—29)

    • Dostlaryna jogap berýär (1—6)

    • Taşlanandygyny aýdýar (13—19)

    • Halasgärimiň bardygyny bilýärin (25)

19  Eýýup söze başlady:   «Haçana çenli janymy* ýakjak+,Sözleriňiz bilen meni ezjek?+   Meni on sapar ýazgardyňyz*,Gynamaga utanmadyňyz+.   Ýalňyşlyk eden bolsam,Onda günäm öz boýnuma.   „Eliň bilen edeniňi egniň bilen çekýärsiň“ diýýärsiňiz.Özüňizi menden ýokary tutýarsyňyz.   Emma Hudaýyň özi meni aldady,Tor gurup, meni tutdy.   „Gynaýarlar!“ diýsem⁠-⁠de, hiç kim jogap berenok+.Kömek sorap çagyrýaryn, adalat ýok+.   Ol ýolumy bekledi, aşyp bilemok,Köçelerimi tümlük bilen gaplady+.   Ol meni at⁠-⁠abraýdan düşürdi,Başymdan täjimi aldy. 10  Heläk bolýançam, meni gysyp gowurýar,Umydymy köki bilen sogurýar. 11  Meni duşmany hasaplaýar,Maňa garşy gahar ody tutaşýar+. 12  Goşunlary gelip, meni gabaýar,Çadyrymyň daşynda düşelge gurýar. 13  Doganlarymy menden daşlaşdyrdy,Tanyş⁠-⁠bilişler menden ýüz öwürdi+. 14  Hossarlarym meni taşlady,Dost⁠-⁠ýarlarym meni unutdy+. 15  Myhmanlaryma+, gyrnaklaryma ýat boldum,Olar üçin men bir gelmişek ýaly. 16  Hyzmatkärimi çagyrýaryn,Rehim et diýip ýalbarýaryn, emma jogap bermeýär. 17  Demim aýalymyň ýüregini bulaýar+,Doganlarym hem meni ýigrenýär. 18  Çagalar hem meni kemsidýär,Otursam⁠-⁠tursam üstümden gülýär. 19  Ähli dostlarym meni ýigrenýär+,Eziz görenlerim menden ýüz öwürýär+. 20  Diňe süňk bolup galdym+,Ölümiň bäri ýanyndan gaýtdym*. 21  Maňa rehim ediň, dostlarym, rehim ediň!Alla meni eli bilen urdy+. 22  Meni näme üçin Hudaý ýaly yzarlaýarsyňyz?+Näme üçin yzyny üzmän, maňa topulýarsyňyz?*+ 23  Käşgä sözlerim ýazylsady,Olar kitaba ýazylsady! 24  Wah, demir galam, gurşun bilen,Gaýanyň ýüzüne oýulyp ýazylsady! 25  Halasgärim+ bar, bilýärin,Ol biraz wagtdan ýeriň ýüzünde* durar. 26  Hamym çüýrese⁠-⁠de,Janym içimdekä Hudaýy görerin. 27  Men ony hökman görerin.Başganyň gözi däl, meniň öz gözüm görer!+ Içimde harasat gopýar*. 28  Siz maňa: „Azar berdikmi?“ diýýärsiňiz+. Meni belanyň körügi hasaplaýarsyňyz. 29  Gylyçdan siz gorkuň+,Gylyç günä edýäniň başyna iner.Kazy+ bardyr, unutmaň».

Çykgytlar

Sözlüge serediň.
Ýa⁠-⁠da: kemsitdiňiz.
Sözme⁠-⁠söz: Dişimiň hamy bilen gutuldym.
Sözme⁠-⁠söz: Näme üçin etimi iýip doýmaýarsyňyz?
Sözme⁠-⁠söz: şu toprakda.
Ýa⁠-⁠da: Böwreklerim işlänok.