1 Şamuwel 2:1—36

  • Hannanyň dogasy (1—11)

  • Alynyň iki oglunyň günäsi (12—26)

  • Ýehowa Alynyň öýüne höküm çykarýar (27—36)

2  Hanna Hudaýa şeýle doga etdi: «Ýehowa şükür edip, joşýar ýüregim+,Ýehowadyr güýç⁠-⁠kuwwatym*. Duşmanlaryň öňünde gysga däl dilim,Dadyma ýetişdiň, begenýär ýüregim.   Ýehowa mukaddesdir, taý geljek ýokdur,Ondan başga hudaý ýokdur!+Arkadag Hudaýym ýeke⁠-⁠täkdir+.   Gopbamsylyk bilen geplemäň,Hiç biriňiz uly gürlemäň,Ýehowa ähli zady bilýän+ Hudaýdyr,Ynsan işlerini adalatly derňeýändir.   Batyr ýigitleriň peýkamy döwüldi,Büdränlere güýç⁠-⁠kuwwat berildi+.   Mesler el ýaly çörege zar bolar*,Açlar bolsa gerk⁠-⁠gäbe doýar+. Önelgesiz aýal ýedi ogul dogurdy+,Köp ogully aýal ýalňyz galdy.   Öldürýänem, ýaşadýanam* Ýehowadyr,Mazara* inderýänem, ölümden direldýänem Hudaýdyr+.   Garyp düşürýänem, baýadýanam Ýehowadyr+,Peseldýänem, beýgeldýänem Hudaýdyr+.   Galdyrýar ol ejizleri toprakdan,Garyp⁠-⁠gasarlary külüň astyndan*+,Oturdýar olary han⁠-⁠begler bilen,Orun berýär abraýly ýerlerden. Ýehowanyň elinde diregi zeminiň+,Mes topragy goýdy üstünde onuň.   Wepaly bendeleriň goraýar ýolun+,Tümlük gaplap alar zalymlaryň baryn+,Ýeňiş gazanmaz ynsan öz güýji bilen+. 10  Parçalanar Ýehowa garşy çykanlar*+,Gökden döker olara gahar⁠-⁠gazabyn+. Höküm eder Ýehowa bütin ýer ýüzün+,Güýçlendirer öz bellän patyşasyn+,Kuwwatyn artdyrar* öz saýlan adamynyň»+. 11  Soňra Alkana Rama öýüne gaýtdy, oglanjyk bolsa Aly ruhanynyň ýanynda Ýehowa hyzmat edip başlady+. 12  Alynyň ogullary zalymdy+, Ýehowadan gorkmaýardy. 13  Olar halkyň ruhanylara berýän paýy+ bilen kanagat etmeýärdiler. Biri Hudaýa gurbanlyk berse, ruhanynyň kömekçisi çarşak* alyp gelerdi⁠-⁠de, et gaýnap duran 14  gazanlaryň birine sokup, näme ilse, ruhana äkidip bererdi. Olar Şilo gelýän ähli ysraýyllaryň gurbanlyklaryndan şeýdip alýardylar. 15  Onsoňam, heniz malyň ýagy ýakylmanka+, ruhanynyň kömekçisi gelip: «Ruhana gowrar ýaly et ber, gaýnadylan etiň gerek däl, çig et ber» diýýärdi. 16  Gurban berýän adam: «Ilki malyň ýagy bir ýakylsyn+, soň islän zadyňy alaý» diýse, ol: «Ýok, şu wagt ber, ýogsam güýç bilen alaryn!» diýýärdi. 17  Şeýdip, ruhanynyň kömekçileri Ýehowa garşy agyr günä edýärdiler+. Olar Ýehowa berilýän gurbanlyklary hiç zatça⁠-⁠da görmeýärdiler. 18  Şamuwel ýaş oglan bolsa⁠-⁠da, zygyr* matadan öňlük*+ geýip, Ýehowanyň huzurynda hyzmat edýärdi+. 19  Ejesi bilen kakasy her ýyl Hudaýa gurban bermäge gelerdi+. Şonda Hanna Şamuwele don* tikip getirerdi. 20  Aly ruhany Alkana bilen aýalyna ak pata berip: «Ýehowa beren ogluňyza derek, goý, Ýehowa şu aýalyňdan ýene çaga bersin»+ diýdi. Soňra olar öýlerine gaýtdylar. 21  Ýehowa Hanna nazar saldy, ol göwreli boldy+. Hannanyň ýene üç ogly we iki gyzy boldy. Şamuwel bolsa Ýehowanyň huzurynda ösüp ulalýardy+. 22  Aly garrapdy, ol ogullarynyň ysraýyl halkyna edýän ýamanlygyny+, ýygnak çadyrynyň* agzynda hyzmat edýän aýallar bilen ýatyp turýandygyny eşidipdi+. 23  Aly ogullaryna: «Edip ýören işiňiz näme? Il⁠-⁠gün siz hakda erbet zatlary aýdýar. 24  Ogullarym, Ýehowanyň halkynyň arasynda siz barada edilýän gürrüňler⁠-⁠ä gowy däl. 25  Adam birine garşy günä etse, başga biri onuň üçin Ýehowa ýalbaryp biler*. Ýöne adam Ýehowa garşy günä etse+, onuň üçin kim doga etsin?» diýerdi. Olar bolsa kakasyna gulak asmaýardy. Şol sebäpli Ýehowa olary ölüme höküm etdi+. 26  Şamuwel bolsa ösüp kemala gelýärdi, Ýehowa hem, adamlar hem ony gowy görýärdi+. 27  Bir gün Aly ruhanynyň ýanyna Hudaýyň pygamberi gelip, şeýle diýdi: «Ýehowanyň sözüni diňle: „Ata⁠-⁠babalaryň Müsürde faraonyň elinde gul bolup ýaşaýarka, olara özümi tanatdym+. 28  Huzurymda ruhany bolup hyzmat etsin, gurbanlyk ojagymda*+ gurban berip, tütetgi ýaksyn*, öňlük geýip, hyzmatymda dursun diýip, ysraýyl taýpalarynyň arasyndan ataňy saýladym+. Ysraýyl halkynyň ýakyp berýän gurbanlyklaryndan ataň hojalygyna ýörite paý berdim+. 29  Indi näme üçin öýümde maňa berilýän gurbanlyklary, sadakalary äsgermezlik edýäňiz?*+ Ogullaryňy näme üçin menden has gowy görýäň? Garnyňyzy doýurjak bolup, ysraýyl halkymyň gurbanlaryndan iň gowy ýerini özüňize alýaňyz+. 30  Ine, şonuň üçin Ysraýyl Hudaýy Ýehowa şeýle diýýär: „Seniň bilen ataň öý⁠-⁠içerisi hemişe huzurymda hyzmat eder diýipdim+. — Ýöne Ýehowa yglan edýär — Indi beýle bolmaz. Meni sylany sylaryn+, äsgermezlik edýäni äsgermerin. 31  Tizden seni, ataň hojalygyny güýç⁠-⁠kuwwatdan gaçyraryn. Mundan beýläk maşgalaňda hiç kim garrylyk çagyna ýetmez+. 32  Ysraýyl abadançylykda ýaşar, sen bolsa öýüme duşmançylyk bilen seredersiň+. Gaýdyp öýüňdäkileriň hiç biri uzak ýaşamaz. 33  Ýöne hojalygyňdan bir adamy gurbanlyk ojagymda hyzmat etmäge bellärin, ol gözüň nuruny söndürip, janyňa ezýet çekdirer. Öýüňdäkileriň köpüsi gylyçdan geçiriler+. 34  Muny iki ogluň Hopny bilen Pinehasyň başyna injek zatlardan bilersiň, olaryň ikisem bir günde öler+. 35  Soňra özüme wepaly boljak bir ruhany bellärin+. Ol ähli zady isleýşim ýaly eder. Oňa hiç wagt ýykylmajak öý guraryn. Ol bellän patyşamyň huzurynda ömürboýy hyzmat eder. 36  Hojalygyňda diri galan adamlar bolsa gelip, onuň öňünde dyza çöker⁠-⁠de: „Bir döwüm çöregim bolar ýaly, meni ruhany edip belläý“ diýip, el ýaly çörek we gazanç üçin ýalbararlar“»+.

Çykgytlar

Sözme⁠-⁠söz: Ýehowa şahymy beýgeltdi. Sözlüge serediň: Şah.
Ýa⁠-⁠da: çörek üçin gul bolar.
Ýa⁠-⁠da: halas edýänem.
Sözlüge serediň.
Başga manysy: zir⁠-⁠zibiliň içinden.
Başga manysy: Ýehowa garşy çykanlary gorky basar.
Sözme⁠-⁠söz: Şahyny beýgelder. Sözlüge serediň: Şah.
Ýa⁠-⁠da: ýabak.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Ýa⁠-⁠da: ýeňsiz don.
Sözlüge serediň.
Başga manysy: Hudaý onuň üçin kazylyk eder.
Sözlüge serediň.
Başga manysy: gurbanlyk tütetsin.
Sözme⁠-⁠söz: depeleýäňiz.