Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Siz geçmişde bolan wakalardan sapak edinýärsiňizmi?

Siz geçmişde bolan wakalardan sapak edinýärsiňizmi?

«Bular bize, ýagny şu zamanyň ahyryna garaşýanlara duýduryş hökmünde ýazylandyr». 1 KOR. 10:11

AÝDYMLAR: 11, 61

1, 2. Biz näme üçin Ýahudanyň dört patyşasy hakda gürrüň ederis?

EGER siz bir adamyň taýyp ýykylandygyny görseňiz, şol ýerden seresaplyk bilen geçseňiz gerek. Biz başgalaryň goýberen ýalňyşyny görüp, ony gaýtalamajak bolýarys. Hudaýa edýän gullugymyz barada hem şeýle diýse bolar. Biz Mukaddes Ýazgylarda gürrüň berilýän adamlaryň goýberen ýalňyşlaryndan köp zatlary öwrenip bileris.

2 Geçen makaladan bilşimiz ýaly, Ýahudanyň dört patyşasy Ýehowa bütin ýüregi bilen gulluk etdi. Emma olar agyr günäleri hem etdiler. Biz olaryň goýberen ýalňyşyny gaýtalamazlyk üçin näme edip bileris? Olar bilen bolan wakalara seretsek, görkezme üçin ýazylan öňki zatlar bize peýdaly bolar (Rimliler 15:4-i okaň).

YNSAN AKYLDARLYGYNA BIL BAGLAMAK HELÄKÇILIGE ELTÝÄR

3—5. a) Asa bütin ýüregi bilen Ýehowa gulluk etse-de nähili kynçylyga duş geldi? b) Bagşa patyşa Ýahuda çozanda, Asa näme üçin ynsan akyldarlygyna bil baglady?

3 Geliň, ilki bilen, Asanyň mysalyna we Hudaýyň Sözüniň bize nähili kömek edip biljekdigine seredeliň. Efiopiýalylaryň bir million esgeri Ýahudanyň üstüne çozanda, Asa patyşa Ýehowa bil baglady. Emma Ysraýylyň patyşasy Bagşa Ýahuda bilen araçägi ýapmak üçin Rama galasyny berkidende, Asa Ýehowa bil baglamady (2 Ýyl. 16:1—3). Ol öz akyldarlygyna daýanyp, Aramyň (Siriýanyň) patyşasy Benhadatdan kömek sorady. Asanyň bu plany başa bardymy? Mukaddes Ýazgylarda: «Bagşa muny eşidende, Rama galasyny berkitmekden el çekip, işini togtatdy» diýilýär (2 Ýyl. 16:5). Göräýmäge, Asanyň işi jüpüne düşen ýalydy!

4 Emma Asanyň eden işine Ýehowa nähili garady? Ol Hanany pygamberini iberip, Asany Özüne bil baglamandygy üçin ýazgarýar (2 Ýyl ýazgylary 16:7—9-njy aýatlary okaň) *. Hanany pygamber oňa: «Mundan beýläk sen mydama uruş içinde bolarsyň» diýdi. Bagşa yza çekilse-de, Asa galan ömrüni söweşip geçirdi.

5 Geçen makalada Ýehowa Asanyň ýüregini barlanda, ony bütin kalby bilen gulluk eden adam hasaplandygy barada aýdylypdy (1 Pat. 15:14). Ol Hudaýyň nazarynda wepaly we dogry adamdy. Ýöne ol eden akylsyz işiniň ajy miwesini datdy. Eýsem, näme üçin Asa Ýehowa däl-de, özüne we Benhadada bil bagladyka? Belki-de, ol Hudaýdan kömek soranyndan, syýasy gatnaşyklary berkitmegi paýhasly hasaplandyr. Mümkin, oňa nädogry maslahat berendirler.

6. Biz Asa patyşanyň goýberen ýalňyşyndan näme öwrenip bileris? Mysal getiriň.

6 Asa bilen bolan waka özümizi barlamaga höweslendirýär. Biz kynçylykdan ýaňa ejizlänimizde, belki-de, Ýehowa bil baglaýandyrys. Emma gündelik durmuşda duş gelýän ujypsyz meselelerde näme edýäris? Ynsan akyldarlygyna bil baglap, olary özümizçe çözjek bolýarysmy? Ýa-da Ýehowa bil baglap, Mukaddes Ýazgylardan gerekli prinsipleri agtarýarysmy we olary ulanmaga jan edýärismi? Aýdaly, maşgala agzalaryňyz size ýygnaklara we kongreslere gatnaşmaga päsgel berýär. Siz hem bu ýagdaýy paýhasly çözmek üçin Ýehowadan kömek soraýarsyňyz. Eger sizi işden çykaran bolsalar we başga iş tapyp bilmeýän bolsaňyz näme? Täze işe gireniňizde, başlygyňyza her hepde ýygnaklara barmalydygyňyzy aýdarmysyňyz? Elbetde, kynçylykdan gaçyp bolmaz, ýöne mezmurçynyň: «Ýoluňy Rebbe tabşyr, Oňa bil bagla; Ol dilegiňi ýerine ýetirer» diýen sözlerini unutmasaňyz gowy bolardy (Zeb. 37:5).

ERBETLER BILEN GATNAŞSAK NÄMÄNIŇ ÜSTÜNDEN BARARYS?

7, 8. Ýehoşapat nähili ýalňyşlyk goýberdi we netijesi nähili boldy? (Makalanyň başyndaky surata serediň).

7 Asanyň ogly Ýehoşapat patyşadan näme öwrenip bileris? Onuň köp gowy häsiýetleri bardy. Ol Ýehowa bil baglap, köp ýagşy işleri etse-de, birnäçe gezek akylsyzlyk hem edýär. Meselem, ol demirgazyk patyşalygynyň erbet patyşasy Ahap bilen guda bolýar. Mika pygamber Ýehoşapat patyşany duýdursa-da, ol Ahaba goşulyp, Arama garşy söweşe gidýär. Uruşda ol tas heläk bolupdy. Soňra ol Iýerusalime dolanýar (2 Ýyl. 18:1—32). Ýolda onuň öňünden Ýehu pygamber çykyp: «Sen näme üçin ýamana ýardam edip, Rebbi ýigrenýänleri söýýäň?» diýýär (2 Ýyl ýazgylary 19:1—3-nji aýatlary okaň) *.

8 Ýehoşapat mundan sapak edindimi? Ol Hudaýyň göwnünden turmak islese-de, Ahap patyşa bilen bolan wakadan we Ýehu pygamberiň aýdan sözlerinden sapak edinmedik bolmaly. Sebäbi ol ýene-de akylsyz hereket edýär. Bu gezek ol Hudaýyň duşmany bolan Ahabyň ogly Ahazýa bilen gämi gurýar. Emma olaryň gämileri çagşap, maksady amala aşmaýar (2 Ýyl. 20:35—37).

9. Erbet adamlar bilen gatnaşsak, durmuşymyza nähili täsir eder?

9 Ýehoşapat bilen bolan waka özümizi barlamaga höweslendirýär. Ýehoşapat gowy patyşady, ol Ýehowanyň nazarynda dogry işleri edip, ony «bütin kalby bilen agtarýardy» (2 Ýyl. 22:9). Emma ol şonda-da erbet adamlaryň täsirine düşdi. Mukaddes Ýazgylarda: «Akyldarlar bilen gezýän adam akyldar bolar; akylsyzlaryň dosty bolsa zelel çeker» diýilýär (Sül. tym. 13:20). Bizem gyzyklanýan adamlara hakykata geler ýaly kömek edýäris. Ýehoşapat Ahap bilen gatnaşyk edip, öz-özüne uly zyýan ýetirdi. Bizem Ýehowa gulluk etmeýän adamlar bilen gatnaşsak, özümizi howp astyna salarys.

10. a) Maşgala gurmak meselesinde Ýehoşapat bilen bolan wakadan näme öwrenip bileris? b) Erbetler bilen gatnaşyk etmek babatda nämäni unutmaly däl?

10 Ýehoşapat bilen bolan wakadan nähili sapak edinse bolýar? Mesihçi imandaşlarynyň arasyndan özüme laýyk ýanýoldaş tapyp bilmerin öýdüp, Ýehowany söýmeýän adam bilen duşuşyp başlamagy mümkin. Ýa-da ol «ýaşyň geçmänkä, maşgala gur» diýýän dogan-garyndaşlarynyň täsirine düşüp biler. Mundan başga-da käbir mesihçiler özüni: «Her bir adam söýmäge we söýülmäge mätäçdir» diýen uýa ýaly duýýarlar. Onda mesihçi näme edip biler? Oňa Ýehoşapatyň mysaly kömek eder. Ýehoşapat adatça Hudaýdan görkezme agtarýardy (2 Ýyl. 18:4—6). Ýöne Ýehowa sežde etmeýän Ahap bilen guda bolmagy oňa nähili täsir etdi? Ol Ýehowa bütin ýüregi bilen gulluk edýän adamlar bilen dostlaşmalydygyny unutmaly däldi. Şu günlerem Ýehowa «özüne ak ýürekden hyzmat edenlere güýç-kuwwat bermek üçin... syn edýär» (2 Ýyl. 16:9). Ýehowa ýagdaýymyza düşünýär we bizi söýýär. Eger siz özüňize mynasyp ýanýoldaş gözleýän bolsaňyz, Ýehowanyň muny bilýändigine we bu babatda kömek etjekdigine ynanýarmysyňyz? Onuň sizi goldajakdygyna doly ynanyp bilersiňiz.

Ýehowa iman etmeýän adam bilen maşgala gurmakdan ägä boluň (10-njy abzasa serediň)

ÝÜREGIŇIZIŇ GATAMAGYNA ÝOL BERMÄŇ

11, 12. a) Hizkiýanyň ýüregindäki zatlar nädip aýan boldy? b) Hudaý näme üçin oňa rehim etdi?

11 Hizkiýa bilen bolan waka ýüregiň wajyp orun tutýandygyny görkezýär. Ýürekleri barlaýan Ýehowa Hizkiýanyň ýüreginde nämäniň bardygyny aýan etdi (2 Ýyl ýazgylary 32:31-i okaň) *. Hizkiýa ölüm ýassygynda ýatyrka, Hudaý ony sagaltjakdygy barada alamat görkezýär. Şondan biraz wagt geçensoň, Wawilonyň şazadalary «kölegäniň yza süýşendigi» baradaky alamaty bilmek üçin, onuň ýanyna wekillerini iberýär (2 Pat. 20:8—13; 2 Ýyl. 32:24). Ýehowa hem Hizkiýanyň «ýüreginde bolan bar zady bilmek üçin ony ýeke galdyrýar». Şonda ol gelen adamlara «hazynasyndaky... zatlaryň barysyny görkezýär». Şeýdip, Hizkiýa akylsyz hereket edýär.

12 Mukaddes Ýazgylarda Hizkiýanyň ýüreginiň gatamagyna nämäniň sebäp bolandygy aýdylmaýar. Belki-de, muňa aşurlaryň üstünden ýeňiş gazanandygy ýa-da Hudaýyň ony gudrat bilen sagaldandygy sebäp bolandyr. Mümkin, ol «ummasyz köp baýlygyny» we «şan-şöhratyny» görkezmek isländir. Her näme bolaýanda-da, Hizkiýa tekepbirligiň duzagyna düşüp, «özüne edilen ýagşylygy ödemedi». Gör, nähili akylsyz hereket! Hizkiýa Hudaýa bütin ýüregi bilen gulluk edendigini aýtsa-da, onuň eden şol işi Ýehowa ýaramady. Şondan soň Hizkiýa «özüni kiçeltdi», Hudaý hem oňa we halka rehim etdi (2 Ýyl. 32:25—27; Zeb. 138:6).

13, 14. a) Ýehowa «ýüregimizde bolan bar zady bilmek üçin» bizi haçan «ýeke galdyrmagy» mümkin? b) Bizi öwenlerinde, özümizi nähili alyp barmaly?

13 Hizkiýa bilen bolan wakadan näme öwrense bolýar? Ýehowa Hizkiýany Sanheripden we ölümden halas edenden soň, ol tekepbir boldy. Hormatly işi ýerine ýetirenimizde, Ýehowa «ýüregimizde bolan bar zady bilmek üçin» bizi hem «ýeke galdyrmagy» mümkin. Aýdaly, dogan nutuk taýýarlamak üçin köp wagtyny sarp edip, soňra birgiden dogan-uýalaryň öňünde çykyş edýär. Gowy çykyş edendigi üçin, köpleri ony öwýär. Şonda ol özüni nähili alyp barar?

14 Bizi öwenlerinde, Isanyň şu sözlerini unutmalyň: «Siz hem aýdylan ähli zatlary edeniňizden soň: „Biz bir ýönekeý guldurys. Biz diňe etmeli zady etdik“ diýiň» (Luka 17:10). Geliň, ýene-de Hizkiýa bilen bolan waka dolanalyň. Ol tekepbirlige ýol berip, «özüne edilen ýagşylygy ödemedi». Ýehowanyň biziň üçin eden ençeme ýagşylyklary hakda oýlansak, Hudaýyň ýigrenýän häsiýetinden, ýagny tekepbirlikden gaça durup bileris. Şeýle-de Ýehowa minnetdar bolmagy unutmaly däl. Ol halkyny öz Sözi we mukaddes ruhy arkaly goldaýar.

KARARA GELENIŇIZDE, SERESAP BOLUŇ

15, 16. Ýoşyýa näme üçin Hudaýyň goragyndan we ýaşaýşyndan mahrum boldy?

15 Biz Ýoşyýa bilen bolan wakadan näme öwrenýäris? Geliň, bu gowy patyşanyň ölümine nämäniň sebäp bolandygyny bileliň (2 Ýyl ýazgylary 35:20—22-nji aýatlary okaň) *. Müsür patyşasy Neko Ýoşyýa hiç hili dawasynyň ýokdugyny aýtsa-da, ol söweşmek üçin onuň garşysyna çykýar. Mukaddes Ýazgylarda Nekonyň «Hudaý tarapyndan» gepländigi aýdylýar. Onda näme üçin Ýoşyýa onuň bilen söweşjek boldy? Hudaýyň Sözünde bu barada aýdylmaýar.

16 Eýsem, Ýoşyýa Nekonyň Ýehowa tarapyndan gepleýändigini nädip bilmelidi? Ol muny Hudaýyň wepaly pygamberi Ýermeýadan sorap bilerdi (2 Ýyl. 35:23, 25). Ýöne onuň şeýle edendigi aýdylmaýar. Şeýle-de Ýazgylarda Nekonyň Karkemişe barandygy aýdylýar. Diýmek, ol Iýerusalim bilen däl-de, başga ýurt bilen söweşmekçidi. Galyberse-de, Neko ne Ýehowanyň adyny, ne-de onuň halkyny ýaňsylapdy. Şol sebäpli Ýoşyýa patyşanyň Nekonyň garşysyna çykmagy nädogrudy. Biz mundan nähili sapak edinýäris? Kynçylyga uçranymyzda, biz ony Ýehowanyň islegine görä çözmäge jan etmeli.

17. Kynçylyk ýüze çykanda, Ýoşyýanyň goýberen ýalňyşyny gaýtalamazlyga näme kömek eder?

17 Kynçylyk ýüze çykanda, biz ony Mukaddes Ýazgylardaky prinsiplere görä paýhasly çözmeli. Käte biz ýaşululardan maslahat soramak isleýändiris. Belki-de, olar öňki bilýän zatlarymyzy ýatladandyr we biz edebiýatlarymyzdan eýýäm şol barada gözleg geçirendiris. Şeýle-de ýaşuly kömek etmek üçin Mukaddes Ýazgylardaky başga prinsiplere ünsümizi çekmegi mümkin. Aýdaly, uýa hoş habary wagyz etmegiň wajypdygyna düşünýär (Res. iş. 4:20). Emma ol bir gün wagza gitmekçi bolanda, iman etmeýän ýanýoldaşy ony goýberesi gelmeýär. Ol aýalyna soňky döwür köp wagtyny bile geçirmeýändikleri üçin ikiçäk galmak isleýändigini aýdýar. Uýa Mukaddes Ýazgylardan Hudaýa gulak asmak we şägirt taýýarlamak tabşyrygy baradaky aýatlar hakda oýlanýar (Mat. 28:19, 20; Res. iş. 5:29). Emma onuň ýanýoldaşyna tabyn bolmak we paýhasly hereket etmek baradaky aýatlar hem ýadyna düşýär (Efes. 5:22—24; Flp. 4:5). Eýsem, ýanýoldaşy uýamyzyň wagza çykmagyna düýbünden garşymy ýa-da özüne birje güni sarp etmegini haýyş edýär? Biz Hudaýyň islegini berjaý edenimizde, paýhasly bolmaly we ynsabymyzy päk saklamaly.

BÜTIN ÝÜREKDEN WE ŞATLYK BILEN GULLUK EDIŇ

18. Şu makalada gürrüň berlen dört patyşa bilen bolan wakanyň bize nähili peýdasy bar?

18 Biz bikämil, şol sebäpli ýokarda agzalan dört patyşa ýaly käte ýalňyşyp bileris. Biz 1) ynsan akyldarlygyna bil baglamagymyz, 2) erbetler bilen gatnaşyk etmegimiz, 3) tekepbir bolmagymyz we 4) Hudaýyň islegini göz öňünde tutman karara gelmegimiz mümkin. Ýehowa dört patyşanyň gowy taraplaryny gören bolsa, onda ol biziňem gowy taraplarymyzy görýär. Şeýle-de Ýehowa biziň ony çuňňur söýýändigimizi we oňa ençeme ýyl bäri yhlasly gulluk edýändigimizi bilýär. Şol sebäpli-de ol dürli wakalar arkaly bize agyr günälerden gaça durmaga kömek edýär. Geliň, Mukaddes Ýazgylardaky şol wakalaryň üstünde oýlanyp, olar üçin Ýehowa sagbolsun aýdalyň!

^ abzas 4 2 Ýyl ýazgylary 16:7 Şol wagt görgür Hanany Ýahuda patyşasy Asanyň ýanyna gelip, oňa şeýle diýdi: «Hudaýyň Rebbe bil baglaman, Aram patyşasyna bil baglanyň üçin Aram patyşasynyň goşuny seniň eliňden gaçyp gutuldy. 8 Efiopiýalylar we libýanlylar biçak köp söweş arabaly we sansyz-sajaksyz söweş arabaly goşun dälmidi? Emma Rebbe bil baglandygyňyz üçin, Reb olary siziň eliňize berdi. 9 Özüne ak ýürekden hyzmat edenlere güýç-kuwwat bermek üçin Reb bütin ýer ýüzüne syn edýär. Sen akmaklyk etdiň. Mundan beýläk sen mydama uruş içinde bolarsyň».

^ abzas 7 2 Ýyl ýazgylary 19:1 Ýahuda patyşasy Ýehoşapat sag-aman Iýerusalime, öz köşgüne dolanyp geldi. 2 Hananynyň ogly Ýehu görgür Ýehoşapatyň öňünden çykyp, oňa: «Sen näme üçin ýamana ýardam edip, Rebbi ýigrenýänleri söýýäň? Şonuň üçin hem Rebbiň gazaby seniň başyňdan inendir. 3 Muňa garamazdan, sen gowy işler hem etdiň. Sen Aşera butlaryny ýurtdan ýok edip, ýüregiňi Hudaýy agtarmaklyga gönükdirdiň» diýdi.

^ abzas 11 2 Ýyl ýazgylary 32:31 Ine, Babyl hökümdarlarynyň ýurtda bolan alamat hakynda soramak üçin Hizkiýanyň ýanyna iberen ilçileri gelende, Hudaý Hizkiýany synap, onuň ýüreginde bolan bar zady bilmek üçin ony ýeke galdyrdy.

^ abzas 15 2 Ýyl ýazgylary 35:20 Ýoşyýa patyşa öýüň dikeldiş işlerini tamamlandan soň, Müsür patyşasy Neko söweşmek üçin Perat derýasynyň boýundaky Karkemişe gitdi. Ýoşyýa hem Müsür patyşasyny garşylamaga gitdi. 21 Emma Müsür patyşasy Ýoşyýa çaparlar ýollap: «Eý, Ýahuda patyşasy, seniň bilen meniň näme işim bar!? Bu gün men seniň garşyňa uruşmaga gelemok-da, özüm bilen uruşda bolan ýurduň garşysyna uruşmaga gelýärin. Hudaý maňa howlukmagy buýurdy. Hudaý meniň tarapymdadyr, sen Oňa garşy çykmagyňy bes et, ýogsam Ol seni heläklär» diýdi. 22 Emma Ýoşyýa ondan el çekmän, gaýtam onuň garşysyna uruşmak üçin tanalmaz ýaly eşige girdi. Ýoşyýa Nekonyň Hudaý tarapyndan aýdan sözlerine gulak asman, onuň bilen uruşmak üçin Megido düzlügine çykdy.