Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

TERJIMEHAL

«Akyldarlar bilen gezip», men köp zatlary öwrendim

«Akyldarlar bilen gezip», men köp zatlary öwrendim

BRUKINGS (ABŞ, Günorta Dakota) şäheri. Säher çagy howa sowukdy. Aňzak gyşyň golaýlaýandygy duýulýardy. Biz birnäçe adam bolup, malýatakda sowukdan ýaňa sandyraşyp durdyk. Göz öňüne getiriň, öňümizde suwdan doly mallaryň suw içýän gaby dur! Geliň, bu wakany size giňişleýin gürrüň bereýin.

ÇAGALYK DÖWRÜM

Alfred daýym bilen kakam

Men 1936-njy ýylyň 7-nji martynda maşgalamyzda dördünji çaga bolup dünýä indim. Biz Günorta Dakotanyň gündogarynda ýerleşýän kiçijik fermada ýaşaýardyk. Biziň maşgalamyz, esasanam, fermada işläp gazanç edýärdi, ýöne biziň üçin ondanam has wajyp zat bardy. Kakam bilen ejem 1934-nji ýylda suwa çümdürilip, Ýehowanyň Şaýatlary bolupdy. Olar özüni gökdäki Atamyz Ýehowa bagyş edip, onuň islegini berjaý etmegi birinji orunda goýdular. Başda kakam Klerens, soňra Alfred daýym Konde (Günorta Dakota) şäherindäki kiçijik ýygnagymyzda birleşik gözegçisi (häzir ýaşulular maslahatynyň koordinatory) bolup gulluk etdiler.

Biziň maşgalamyz üçin ýygnak duşuşyklaryna barmak we öýden-öýe wagyz edip, adamlara Mukaddes Ýazgylaryň gelejek baradaky berýän umydy hakda gürrüň bermek wajypdy. Kakamyň hem-de ejemiň göreldesi we öwreden zatlary bize güýçli täsir etdi. Aýal doganym Doroti ikimiz 6 ýaşymyzda wagyzçy bolduk. 1943-nji ýylda men Wagyz mekdebine ýazyldym, şonda bu duşuşyk ýaňy açylypdy.

Pioner gullugynda, 1952-nji ýyl

Biziň maşgalamyz kongreslere gatnaşmagy hem wajyp saýýardy. 1949-njy ýylda Su-Folsda (Günorta Dakota) geçirilen kongrese ýörite nutukçy hökmünde doganymyz Grant Sýuter çagyrylypdy. Onuň «Siziň pikir edişiňizden hem golaý» atly nutugy meniň henizem ýadymdan çykanok. Ol Ýehowa özüni bagyş eden mesihçileriň Hudaýyň Patyşalygy baradaky hoş habary wagyz etmek üçin elinde baryny etmelidigini nygtady. Bu meni özümi Ýehowa bagyş etmäge höweslendirdi. Ýokarda agzap geçişim ýaly, Brukingsde geçirilen kongresde suwa çümdürilmek üçin sowuk malýatakda sandyrap durdum. Şeýlelikde, biz 4 adam bolup, 1949-njy ýylyň 12-nji noýabrynda demirden ýasalan «suw howdanynda» suwa çümdürildik.

Soňra men pioner bolmagy maksat goýdum we 1952-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda 15 ýaşymda pioner gullugyna başladym. Mukaddes Ýazgylarda: «Akyldarlar bilen gezýän adam akyldar bolar» diýilýär; meniň maşgalamda bolsa pioner gullugymy goldajak akyldar adamlar köpdi (Sül. tym. 13:20). 60 ýaşly daýym Ýulius ikimiz pioner bolup gulluk edýärdik. Biz dürli ýaşda bolsak-da, bile gulluk edip şatlyk tapýardyk. Onuň durmuş tejribesinden men köp zatlary öwrendim. Tizden Doroti hem pioner gullugyna başlady.

ETRAP GÖZEGÇILERINIŇ GOLDAWY

Ýaş wagtym kakam bilen ejem hemişe diýen ýaly etrap gözegçilerini we olaryň aýallaryny myhmançylyga çagyrýardy. Etrap gözegçisi Jessi bilen Linn Kantuell maňa köp kömek etdiler. Olar meni pioner bolmaga höweslendirdiler. Şeýle-de olaryň ýürekden eden aladasy maňa ruhy maksatlary goýmaga kömek etdi. Olar golaýdaky ýygnakda gulluk edenlerinde, meni wagza çagyrýardylar. Olar bilen wagyz etmek diýseň ýakymlydy, ruhlandyryjydy!

Olardan soň Bud Miller we onuň aýaly Joanna aýlanýan gözegçisi bolup gulluk etdiler. 18 ýaşymda meni harby gullugyna çagyrdylar. Harby wekillikdäki adamlar meni gullukdan boşatsalar-da, özümi Isanyň bitaraplygy saklamak baradaky beren tabşyrygyna eýermeýän ýaly duýdum. Sebäbi olar maňa käbir işleri etdirjek bolýardy. Ýöne men Patyşalyk baradaky hoş habary wagyz etmek isleýärdim (Ýah. 15:19). Şol sebäpli olara meni Hudaýyň gullukçysy hasaplamagy haýyş etdim.

Miller doganyň şol adamlaryň ýanyna meniň bilen bile gitmegi gaty geň galdyrdy. Ol göwnaçyk we batyrgaý adamdy. Ruhy taýdan şeýle berk adamyň goldawy maňa özümi ynamly duýmaga kömek etdi! Netijede, 1954-nji ýylda tomsuň aýaklarynda meni Hudaýyň gullukçysy hökmünde kabul etdiler. Bu maňa başga-da ruhy maksatlary goýmaga ýol açdy.

Beýtel fermasynda ýük maşynyň ýanynda

Şol wagtlar meni Staten adasyndaky (Nýu-Ýork) Beýtelde gulluk etmäge çagyrdylar. Soňra oňa «Garawul diňi fermasy» diýip at berildi. Maňa ol ýerde takmynan 3 ýyl gulluk etmek miýesser etdi. Men ol ýerde ençeme akyldar adamlar bilen işleşip, köp tejribe topladym.

BEÝTEL GULLUGY

Frens dogan bilen WBBR radiostansiýasynda

Staten adasyndaky fermada WBBR radiostansiýamyz bardy. Ýehowanyň Şaýatlary ony 1924—1957-nji ýyllar aralygy ulandylar. Beýteliň fermasynda bary-ýogy 15—20 adam gulluk edýärdi. Köpimiz ýaşdyk we tejribämiz ýokdy. Emma aramyzda gartaşan we mesh edilen Eldon Wudwort dogan bardy. Oňa hakyky akyldar adam diýseň bolýardy. Onuň atalyk aladasy bize ruhy taýdan durnukly bolmaga kömek etdi. Bikämillik zerarly aramyzda düşünişmezlik dörände, Wudwort dogan: «Halypamyzyň biziň ýaly adamlar bilen işleşmegi haýran galdyrýar» diýerdi.

Harri Peterson yhlasly wagyz edýärdi

Biziň ýanymyzda Fredrik Frens doganyň bolmagy hem uly hormatdy. Onuň akyldarlygy we Ýazgylary gowy bilmegi biziň ählimize güýçli täsir etdi. Ol biziň her birimiz hakda alada edýärdi. Aşpezimiz Harri Petersondy; onuň hakyky Papargyropulos adyny tutmakdan familiýasyny tutmak aňsatdy. Ol hem mesh edilendi we yhlasly wagyz edýärdi. Peterson dogan Beýtelde gulluk etse-de, wagyz etmegi hem wajyp saýýardy we her aýda ýüzlerçe žurnal ýaýradýardy. Mukaddes Ýazgylary gowy bilýändigi üçin, ol biziň köp soraglarymyza jogap bererdi.

RUHY TAÝDAN BERK UÝALARDAN ÖWRENÝÄRIN

Fermamyz konserwirlenen önümleri çykarýardy. Biz Beýtel maşgalasy üçin ýylda 42 müň 600 litr miwe we gök-önümlerini basyrýardyk. Men ol ýerde Etta Hut atly paýhasly uýa bilen işleşdim. Ol konserwirlenen önümlere jogapkärdi. Gök-önümler basyrylýan döwri şol töwerekde ýaşaýan uýalar oňa kömek etmäge gelýärdi. Bu işde Etta uýamyz esasy orun tutsa-da, ol ferma gözegçilik edýän doganlara hormat goýup, gowy görelde görkezýärdi. Onuň baştutanlyk prinsipine tabyn bolşy maňa güýçli täsir etdi.

Anžela, men we Etta Hut uýa

Kömege gelýän uýalaryň arasynda Anžela Romano atly ýaş uýa hem bardy. Ol hakykata gelende, Etta uýamyz oňa kömek edipdi. Beýtelde gulluk eden döwrüm men bu paýhasly uýa bilen tanyşdym. Biz 58 ýyldan bäri bile gulluk edýäris. Anžela ikimiz 1958-nji ýylyň aprel aýynda durmuş gurduk we bile köp hormatly işleri ýerine ýetirdik. Onuň Ýehowa bolan wepalylygy biziň nikamyzy has-da berkitdi. Nähili kynçylyk döräýende-de, men oňa doly bil baglap bilýärin.

MESSIONER WE AÝLANÝAN GÖZEGÇI BOLUP GULLUK EDÝÄRIN

1957-nji ýylda Staten adasyndaky WBBR radiostansiýamyz satylanda, men biraz wagt Bruklindäki Beýtelde gulluk etdim. Anžela bilen durmuş guranymyzdan soň, men Beýtel gullugyny goýdum we biz 3 ýyla golaý Staten adasynda pioner bolup gulluk etdik. Biziň radiostansiýamyzy satyn alan adamlar ony WPOW diýip atlandyrdylar. Men biraz wagt şol ýerde-de işledim.

Anžela ikimiz sada ýaşamagy we kömek gerek ýerlerde gulluk etmegi ýüregimize düwdük. Şeýlelikde, 1961-nji ýylyň başynda Fols-Siti (Nebraska) şäherinde ýörite pioner gullugyna başladyk. Bu gulluga başlap-başlamankak, bizi Saut-Lansingdäki (Nýu-Ýork) bir aýlyk Patyşalyk gulluk mekdebinde okamaga çagyrdylar. Biz muňa gaty begendik we öwrenen zatlarymyzy Nebraskada gulluk edende ulanmaga sabyrsyzlyk bilen garaşýardyk. Emma bizi missioner edip Kamboja ugratdylar! Aziýanyň günorta-gündogarynda ýerleşýän bu owadan ýurt üýtgeşik tebigaty, ýakymly ysy bilen bizi haýran galdyrdy. Ol biziň öňki gören hem-de eşiden zatlarymyzdan düýpgöter tapawutlanýardy. Biz ol ýerde hoş habary tizden-tiz ýaýratmak isleýärdik.

Emma ýurduň syýasy ýagdaýy gowy däldi, şol sebäpli biz Günorta Wýetnama gitmeli bolduk. Gynansak-da, 2 ýyldan meniň saglyk ýagdaýym erbetleşdi we bize öýümize dolanmagy maslahat berdiler. Saglygym gowulaşar ýaly, maňa biraz wagt gerekdi. Soňra biz ýene-de uzak wagtly gullugy dowam etdik.

Telegepleşikde interwýu bermezden öň, 1975-nji ýyl

1965-nji ýylyň mart aýynda bizi aýlanýan gözegçi edip bellediler. Anžela ikimiz takmynan 33 ýylyň dowamynda etrap we welaýat işleri, şol sanda kongresleri taýýarlamak hem-de olary geçirmek işleri bilen meşgul bolduk. Meniň üçin kongresler örän wajypdy, şol sebäpli olary höwes bilen gurnaýardym. Biz birnäçe ýyllap Nýu-Ýorkdaky we onuň töweregindäki ýygnaklary idedik. Ýanki stadionynda geçirilen ençeme kongreslere gatnaşdyk.

BEÝTELE DOLANYP, MEKDEPLERDE TÄLIM BERÝÄRIN

Birnäçe ýyllap ýörite uzak wagtlap gulluk etsek-de, Anžela ikimize tolgundyryjy we aňsat bolmadyk gulluk garaşýardy. Meselem, 1995-nji ýylda maňa Gullugy kämilleşdiriş mekdebinde okatmagy tabşyrdylar. 3 ýyldan bizi Beýtele çagyrdylar. Takmynan 40 ýyl mundan öň uzak wagtly gulluga başlan ýeriňe dolanmak nähili gowudy. Men biraz wagt Gulluk bölüminde we birnäçe mekdepde mugallym bolup gulluk etdim. 2007-nji ýylda Ýolbaşçylyk maslahaty Mekdepler bölümini döredip, Beýtelde geçirilýän ähli mekdepleri şol bölümiň garamagyna berdi. Men ençeme ýyllap Mekdepler bölüminiň gözegçisi boldum.

Biz ýaňy-ýakynda mekdepler bilen bagly özgerişikleri öz gözümiz bilen gördük. Meselem, 2008-nji ýylda «Ýygnak ýaşululary üçin mekdep» açyldy. 2 ýylyň dowamynda Paterson we Bruklindäki Beýtelde 12 müňden gowrak ýaşuly dogan bilim aldy. Şeýle mekdep başga ýerlerde-de geçirildi we olary geçirýän mugallymlara hem tälim berildi. 2010-njy ýylda «Gullugy kämilleşdiriş mekdebi» «Sallah doganlar üçin mekdep» diýip atlandyryldy. Şeýle-de «Mesihçi är-aýallar üçin mekdep» diýen täze mekdep açyldy.

2015-nji gulluk ýyly başlanda, bu iki mekdep goşulyp, «Hoş habarçylar mekdebi» diýip atlandyryldy. Onda är-aýallar ýa-da durmuş gurmadyk dogan-uýalar hem okap bilýärler. Bu mekdebiň köp filliallarda açylandygyny eşidenlerinde, dogan-uýalar örän begendiler. Guramamyzda şeýle mekdeplerde bilim berilýändigini we köp dogan-uýalaryň olarda okaýandygyny görüp, diýseň begenýärin.

Durmuşyma ser salyp, suwa çümdürilmezden öň we şu günlere çenli maňa hakykat ýolunda ýöremäge kömek eden akyldar adamlar üçin, men Ýehowa örän minnetdar. Şeýle dogan-uýalaryň ýaşy, medeniýeti meniňkiden tapawutlansa-da, olar ruhy taýdan berk adamlardy. Olaryň Ýehowa bolan çuňňur söýgüsini edýän işlerinden we garaýşyndan görse bolýardy. Ýehowanyň guramasynda akyldar adamlar köp. Men olar bilen gulluk edip köp zatlary öwrendim.

Men dürli ýurtdan okamaga gelen dogan-uýalar bilen tanşyp begenýärin