Nakyllar 13:1—25

  • Maslahatlaşýanlar akyldarlyk gazanýar (10)

  • Uzaga çeken tama ýürege dertdir (12)

  • Wepaly çapar jana melhemdir (17)

  • Paýhasly adam bilen dost bolsaň, paýhasly bolarsyň (20)

  • Söýýän adam terbiýe berýär (24)

13  Akylly ogul atasynyň terbiýesinden çykýan däldir+,Özdiýenli ogul käýinji* diňleýän däldir+.   Süýji dilli adam haýyr tapýandyr+,Mekirleriň ýüregi zalymlykdan doludyr.   Dilini saklaýan janyny gorar+,Boş gepleýän heläk bolar+.   Ýaltanyň arzuw⁠-⁠hyýaly köpdür, ýöne kör⁠-⁠köpügi ýokdur+.Işeňňir adamyň garny gerk⁠-⁠gäbe doýýandyr*+.   Dogruçyl ýalany ýigrenýär+,Erbediň eden işleri abraýdan düşürýär.   Dogruçyllyk günäsizi gala kimin goraýar+,Erbetlik günäkäri mazara indirýär.   Biri bardyr, özüni baý görkezýär, ýöne hiç zady ýok+,Biri bardyr, özüni garyp görkezýär,Emma mal⁠-⁠mülki dünýä sygýan däldir.   Barly adam jany üçin baýlygyny berer+,Garyp bolsa howpdan daşdadyr*+.   Dogruçylyň çyrasy ýalkym saçýar*+,Erbetleriň çyrasy tiz öçýär+. 10  Tekepbirlik dawa⁠-⁠jenjel turuzýar+,Maslahatlaşýanlar akyldarlyk gazanýar+. 11  Aňsat ýol bilen toplanan* baýlyk tiz dargaýar+,Agyr zähmet bilen toplanan baýlyk bereketli bolýar. 12  Uzaga çeken tama ýürege dertdir+,Ýerine ýeten arzuw ýaşaýyş daragtydyr+. 13  Tabşyrygy* äsgermedige temmi berler+,Kanundan gorkýana halat⁠-⁠serpaý ýapylar+. 14  Paýhasly adamyň sözleri* ýaşaýyş çeşmesidir+,Adamy ölüm penjesinden halas edýändir. 15  Düşünjeli bereket alýar,Mekirlige baş goşan görgi baryny görýär. 16  Ätiýaçly adam paýhasly* ädim ädýär+,Akylsyz bolsa akmaklygyny görkezýär+. 17  Erbet habarçy şum habar getirýär+,Wepaly çapar halkyň janyna melhemdir+. 18  Terbiýäni ýigrenen garyp düşüp, masgara bolýar,Käýinji diňläp düzelen adam öwülýär+. 19  Arzuwyna ýeten ýürek begenýär+,Akmak erbetlige jany⁠-⁠teni bilen ýapyşýar+. 20  Paýhasly adam bilen dost bolsaň, paýhasly bolarsyň+,Akmak bilen dost bolsaň, zyýan çekersiň+. 21  Betbagtçylyk günäkäri yzarlaýandyr+,Dogruçylyň sylagy mal⁠-⁠mülküdir+. 22  Ýagşy adam agtyklaryna miras goýýar,Erbediň baýlygy dogruçyllara galýar+. 23  Garyp daýhanyň mellegi bol hasyl berýär,Adalatsyzlyk bolsa ýakyp kül edýär. 24  Temmi taýagyny gaýgyrýan ogluny ýigrenýär+,Çagasyny söýýän yhlas bilen* terbiýeleýär+. 25  Dogruçyl iýip doýýar+,Erbet adam aç galýar+.

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: düzedişi.
Sözme⁠-⁠söz: garnyny ýag basýandyr.
Sözme⁠-⁠söz: käýinç eşitmeýär.
Sözme⁠-⁠söz: şatlanýar.
Ýa⁠-⁠da: Haram.
Ýa⁠-⁠da: Görkezmäni.
Ýa⁠-⁠da: kanuny.
Ýa⁠-⁠da: bilime esaslanyp.
Başga manysy: şol bada.