Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Asa, Ýehoşapat, Hizkiýa, Ýoşyýa

Ýehowa bütin ýüregiň bilen gulluk et!

Ýehowa bütin ýüregiň bilen gulluk et!

«Eý, Reb, meniň Saňa wepalylyk bilen ak ýürekden hyzmat edenimi... ýatla». 2 PAT. 20:3

AÝDYMLAR: 52, 32

1—3. Ýehowa bütin ýüregiň bilen gulluk etmek nämäni aňladýar? Mysal getiriň.

BIZ bikämil bolandygymyz üçin köp ýalňyşýarys. Emma Ýehowa «günälermize laýyk iş etmeýär», sebäbi biz toba edip, Isanyň töleg gurbany arkaly iman bilen oňa ýakynlaşdyk (Zeb. 103:10). Ýöne her gün Ýehowa ýaramly sežde etmek üçin, Dawudyň ogly Süleýmana aýdyşy ýaly, biz Hudaýa «ak ýürekden... gulluk etmeli» (1 Ýyl. 28:9). Biz muny nädip edip bileris?

2 Bu soragyň jogabyny bilmek üçin, geliň, Asa bilen Amasýa patyşanyň mysalyna seredeliň. Olaryň ikisi-de Ýahudanyň patyşasydy we Ýehowanyň nazarynda dogry işleri edýärdi. Emma Asa Hudaýa bütin ýüregi bilen gulluk edýärdi (2 Ýyl. 15:16, 17; 25:1, 2; Sül. tym. 17:3). Olar hem biziň ýaly bikämil adamlardy we köp ýalňyşýardy. Ýöne Asa Hudaýyň ýolundan sowulmady we oňa «ak ýürekden» gulluk etdi. Amasýa bolsa ondan tapawutlylykda, Ýehowa doly wepaly bolup bilmedi. Ol Hudaýyň duşmanlarynyň üstünden ýeňiş gazananda, olaryň hudaýlaryna sežde edip başlady (2 Ýyl. 25:11—16).

3 Hudaýa bütin ýüregiň bilen gulluk etmek oňa ömürboýy wepaly bolmagy aňladýar. Mukaddes Ýazgylarda «ýürek» diýlende, köplenç adamyň içki dünýäsi göz öňünde tutulýar. Muňa onuň islegi, pikiri, gylyk-häsiýeti, garaýşy, ukyby, niýeti we maksady degişli. Ýehowa bütin ýüregi bilen gulluk edýän adam ikiýüzli bolmaýar. Ol Ýehowa sežde etmeklige bolaýmaly zat ýaly garamaýar. Biz munuň bilen ylalaşýarysmy? Hawa, biz bikämil bolsak-da, ikiýüzli bolman, Hudaýa doly wepaly bolup, oňa bütin ýüregimiz bilen gulluk edip bileris (2 Ýyl. 19:9).

4. Biz şu makalada nämä serederis?

4 Hudaýa bütin ýüregiň bilen gulluk etmegiň näme aňladýandygyna has gowy düşünmek üçin, geliň, Asa ýaly başga-da üç patyşanyň, ýagny Ýehoşapatyň, Hizkiýanyň we Ýoşyýanyň mysalyna seredeliň. Olar ýalňyşsalar-da, Ýehowanyň razylygyny gazanyp bildiler. Hudaý näme üçin olary özüne ýürekden gulluk eden adam hasaplady we biz olardan nädip görelde alyp bileris?

ASA BÜTIN ÝÜREGI BILEN ÝEHOWA GULLUK ETDI

5. Asa batyrgaýlyk bilen nähili işleri etdi?

5 Ysraýylyň on taýpaly demirgazyk patyşalygy bölünip özbaşdak bolansoň, Asa Ýahudanyň üçünji patyşasy bolup tagta geçýär. Ol ýurdy butparazlykdan arassalaýar we ybadathanadaky azgyn erkekleri kowýar. Ol hatda enesi «Magakany melikelikden boşadýar, çünki ol Aşera üçin ýigrenji but ýasapdy» (1 Pat. 15:11—13). Mundan başga-da Asa halky Ýehowany agtarmaga, «Onuň kanunyny we tabşyryklaryny berjaý etmäge» höweslendirýär. Şeýdip, Asa hakyky seždäni dikeldýär (2 Ýyl. 14:4).

6. Efiopiýalylar Ýahuda çozanda, Asa näme etdi?

6 Asanyň günlerinde Ýehowa Ýahuda on ýyllap parahatlyk berýär. Soňra efiopiýaly Zera bir million esgeri we üç ýüz söweş arabaly goşuny bilen Ýahuda hüjüm edýär (2 Ýyl. 14:1, 6, 9, 10). Şeýle kyn ýagdaýda Asa özüni nähili alyp bardy? Ol Ýehowa doly bil baglady (2 Ýyl ýazgylary 14:11-i okaň) *. Ýehowa Asanyň ýürekden eden dogasyna jogap berip, Efiopiýanyň üstünden ýeňiş gazanmaga kömek etdi (2 Ýyl. 14:12, 13). Ýehowa öz adynyň hatyrasyna hatda Özüne wepaly bolmadyk patyşalara-da kömek edýärdi (1 Pat. 20:13, 26—30). Emma Asa bütin ýüregi bilen bil baglandygy üçin, Ýehowa onuň dogasyna jogap berdi. Gynansak-da, Asa soňra akylsyzlyk etdi. Meselem, ol kömek üçin Ýehowa däl-de, Aramyň (Siriýanyň) patyşasyna ýüz tutdy (1 Pat. 15:16—22). «Muňa garamazdan, Asanyň ýüregi bütin ömründe Rebbe wepaly boldy». Biz Asanyň göreldesine nädip eýerip bileris? (1 Pat. 15:14).

7, 8. Ýehowa gulluk edenimizde, Asanyň göreldesine nädip eýerip bileris?

7 Biz Hudaýa bütin ýüregimiz bilen bil baglaýandygymyzy nädip barlap bileris? Munuň üçin özümizden: «Men Ýehowanyň göwnünden turmaga, hakyky seždäni we Hudaýyň halkyny erbet täsirden goramaga jan edýärinmi?» diýip sorasak gowy bolar. Enesi «Magakany melikelikden boşatmak» üçin, Asa patyşa, gör, nähili batyrgaýlyk gerek bolandyr! Belki-de, biz Asanyň enesi ýaly işleri edýän adamlary bilýän däldiris. Ýöne Asa ýaly aýgytly hereket etmeli ýagdaýlar ýüze çykmagy mümkin. Aýdaly, maşgala agzalarymyzdan biri ýa-da ýakyn dostumyz günä edip, toba etmändigi üçin gatnaşykdan kesilýär. Şonda biz näme ederis? Onuň bilen gatnaşmazlyk üçin elimizde baryny ederismi? Gelnen karary ýürekden goldarysmy?

8 Ýeňmesi kyn bolup görünýän kynçylyklara duşanymyzda, biz hem Asanyň göreldesine eýerip, Hudaýa bütin ýüregimiz bilen bil baglamaly. Ýehowanyň Şaýadydygyňyz üçin, belki-de, mekdepde üstüňizden gülýändirler. Ýa-da işdeşleriňiz köp wagtyňyzy ruhy zatlara sarp edýändigiňiz üçin ýaňsylaýandyrlar. Şeýle ýagdaýda Asa ýaly Ýehowa doga edip, bil baglaň we edýän işiňiziň dogry hem-de paýhaslydygyny unutmaň. Asany berkiden we oňa kömek eden Hudaý, size-de güýç berer.

9. Wagyz edenimizde, Ýehowa bütin ýüregimiz bilen gulluk edýändigimizi nädip görkezip bileris?

9 Hudaýyň gullukçylary diňe özi hakda pikir etmeýär. Bizem Asa patyşa ýaly hakyky seždäni goldap, adamlara Ýehowany agtarmaga kömek edýäris. Biz Ýehowany ýürekden söýýändigimiz we adamlaryň ebedi gelejegi hakda aladalanýandygymyz üçin, goňşularymyza hem-de başgalara Hudaý hakda gürrüň berýäris. Ýehowa edýän tagallalarymyzy görüp, nähili begenýändir!

ÝEHOŞAPAT ÝEHOWANY AGTARDY

10, 11. Siz Ýehoşapatyň göreldesine nädip eýerip bilersiňiz?

10 Ýehoşapat «kakasy Asanyň ýollaryndan ýöredi» (2 Ýyl. 20:31, 32). Ol hem kakasy ýaly halky Ýehowany agtarmaga höweslendirdi. Ýehoşapat «Rebbiň kanun kitabyny alyp, Ýahudanyň ähli şäherlerine aýlanyp, halka tälim bermegiň» aladasyny etdi (2 Ýyl. 17:7—10). Ol hatda Ysraýylyň demirgazyk patyşalygyndaky Efraýymyň daglyk ýerlerine baryp, halky Ýehowa «tarap öwürdi» (2 Ýyl. 19:4). Hawa, Ýehoşapat «Rebbi bütin kalby bilen agtaran» patyşady (2 Ýyl. 22:9).

11 Bizem şu günler Ýehowanyň gurnaýan uly wagyz işine gatnaşyp bilýäris. Siz her aý adamlara Ýehowanyň Sözüni öwredip, olary Hudaýa ýürekden gulluk etmäge höweslendirýärsiňizmi? Eger siz jan etseňiz we Hudaýa bil baglasaňyz, Mukaddes Ýazgylar okuwyna başlap bilersiňiz. Siz bu babatda doga edýärsiňizmi? Adamlar size «boş aýlanyp ýörsüňiz» diýseler-de, bu aňsat bolmadyk işi höwes bilen berjaý edermisiňiz? Ýehoşapatyň Efraýyma baryp, halky hakyky seždä tarap öwürmek üçin tagalla edişi ýaly, sizem yhlasy gowşan wagyzçylara kömek edip bilersiňiz. Şeýle-de ýaşulular gatnaşykdan kesilen, ýöne günäli işlerden el çeken adamlary idäp, öz kömegini teklip edip bilerler.

12, 13. a) Kyn ýagdaýa düşende, Ýehoşapat özüni nähili alyp bardy? b) Ejizliklerimizi boýun almak babatda näme üçin Ýehoşapatyň göreldesine eýermeli?

12 Ýehoşapat hem kakasy Asa ýaly duşmanlaryň güýçli garşylygyna garamazdan, Hudaýa wepaly boldy (2 Ýyl ýazgylary 20:2—4-nji aýatlary okaň) *. Ýehoşapat gorksa-da, Ýehowany «agtarmagy ýüregine düwdi». Ol pesgöwünlilik bilen doga edip: «Bu beýik goşuna garşy çykmaga bizde güýç-kuwwat ýok. Biz näme etjegimizi bilemizok, gözümizi Saňa dikýäris» diýdi. Şeýdip, ol Ýehowa doly bil baglaýandygyny görkezdi (2 Ýyl. 20:12).

13 Käte bizem Ýehoşapat ýaly gorkudan ýaňa näme etjegimizi bilmeýän bolmagymyz mümkin (2 Kor. 4:8, 9). Ýehoşapatyň märekäniň öňünde özünde güýç-kuwwatyň ýokdugyny boýun alyp hem-de halkyň duýgusy barada doga edendigi ýadymyzda bolsa gerek (2 Ýyl. 20:5, 6). Maşgalabaşylar hem Ýehoşapatyň göreldesine eýerip, Ýehowadan görkezme, kynçylyklara döz gelmäge güýç sorap bilerler. Maşgala agzalaryňyzyň öňünde şeýle zatlar hakda dilemäge utanmaň. Olar şonda siziň Ýehowa bil baglaýandygyňyzy görerler. Ýehoşapata kömek eden Hudaý size-de kömek eder.

HIZKIÝA DOGRY IŞLERI ETDI

14, 15. Hizkiýa Hudaýa doly bil baglaýandygyny nädip görkezdi?

14 Ýehoşapatdan tapawutlylykda Hizkiýa patyşa butparaz kakasynyň täsirine düşmedi, ol Ýehowanyň «yzyna eýerýärdi». Meselem, «ol sežde edilýän ýerleri ýok etdi, sütünleri ýykdy we Aşera butlaryny kesip aýyrdy. Musanyň ýasan bürünç ýylanyny parçalady», sebäbi halk oňa sežde edip başlapdy. Hizkiýa Ýehowa doly bil baglaýardy we Hudaýyň «Musa beren tabşyryklaryny berjaý edýärdi» (2 Pat. 18:1—6).

15 Şol döwrüň dünýä imperiýasy bolan Aşur şalygy Ýahudanyň üstüne çozanda we Iýerusalime howp salanda, Hizkiýa bütin ýüregi bilen Ýehowa doga etdi. Aşuryň patyşasy Sanherip Ýehowany ýaňsylady we Hizkiýa haýbat atyp, ony gorkuzjak boldy. Emma Hizkiýa Ýehowanyň güýjüne bil baglap, oňa bütin ýüregi bilen doga etdi (Işaýa 37:15—20-nji aýatlary okaň) *. Ýehowa onuň dogasyny eşitdi we perişdesini iberip, Aşuryň 185 müň esgerini ýok etdi (Iş. 37:36, 37).

16, 17. Hudaýa gulluk edenimizde, biz Hizkiýanyň göreldesine nädip eýerip bileris?

16 Birnäçe wagtdan Hizkiýa agyr kesele uçraýar. Ol ölüm ýassygynda ýatyrka, Ýehowa ýalbaryp, oňa wepaly gulluk eden günlerini ýada salmagyny haýyş edýär (2 Patyşalar 20:1—3-nji aýatlary okaň) *. Ýehowa onuň dogasyna jogap berip sagaldýar. Şu günler biz Ýehowanyň gudrat bilen kesellerimizi sagaltmaýandygyny we ýaşymyzy uzaltmaýandygyny bilýäris. Muňa garamazdan, biz Hizkiýa ýaly Ýehowa: «Saňa wepalylyk bilen ak ýürekden hyzmat etdim» diýip, doga edip bileris. Agyr kesele uçranyňyzda, Ýehowanyň sizi goldamaga güýjüniň we isleginiň bardygyna ynanýarmysyňyz? (Zeb. 41:3).

17 Hizkiýa bilen bolan wakadan Hudaýa sežde etmäge päsgel berýän ýa-da hakyky seždeden ünsümizi sowýan zatlardan gaça durmagyň wajypdygyny görse bolýar. Biz aragatnaşyk ulgamlaryny hemme zatdan ileri tutýan adamlara meňzemek islemeýäris. Aragatnaşyk ulgamlary bize maşgala agzalarymyz ýa-da dost-ýarlarymyz bilen habarlaşmaga mümkinçilik berýär. Emma köp adamlar aragatnaşyk ulgamlary arkaly tanamaýan we bilmeýän adamlary bilen gatnaşyk saklaýarlar. Ýa-da olaryň suratlaryny görmäge, ýazan zatlaryny okamaga köp wagtyny sarp edýärler. Emma şeýle boş zatlara wagt sarp etmek howpludyr. Hatda mesihçilerem aragatnaşyk ulgamlary arkaly köp adamlar bilen gatnaşyk saklaýandygyna buýsanyp biler. Eger olardan biri gatnaşyk etmegini bes etse, gynanmaklary mümkin. Biz Pawlus resulyň, Akila bilen Priskillanyň her gün Internete girip, suratlaryny goýşuny ýa-da dünýewi adamlar bilen gatnaşyk edýändigini göz öňüne getirip bilerismi? Mukaddes Ýazgylarda Pawlus resulyň «Hudaýyň sözüni has yhlasly wagyz edendigi», Priskilla bilen Akilanyň bolsa «Hudaýyň ýoluny has dogry düşündirmäge» köp wagtyny sarp edendigi aýdylýar (Res. iş. 18:4, 5, 26). Biz özümizden: «Men adamlary öwüp arşa çykarmakdan we gymmatly wagtymy boş zatlara sarp etmekden gaça durýarynmy?» diýip, sorap bileris (Efesliler 5:15, 16-njy aýatlary okaň).

ÝOŞYÝA ÝEHOWANYŇ TABŞYRYKLARYNY BERJAÝ EDÝÄRDI

18, 19. Siz nädip Ýoşyýanyň göreldesine eýerip bilersiňiz?

18 Hizkiýanyň çowlugy Ýoşyýa patyşa hem Ýehowanyň tabşyryklaryny «bütin kalby bilen» gyşarnyksyz berjaý edýärdi (2 Ýyl. 34:31). Ol ýetginjek wagty «Dawudyň Hudaýyny agtarmaga», 20 ýaşynda bolsa Ýahudany butparazlykdan arassalamaga başlady (2 Ýyl ýazgylary 34:1—3-nji aýatlary okaň) *. Ýoşyýa Ýahudanyň köp patyşalaryndan tapawutlylykda Hudaýa ýaraýan işleri yhlasly berjaý etdi. Musanyň kitaby tapylanda we ony Ýoşyýa okap berenlerinde, Hudaýyň islegini has-da dogry berjaý etmäge jan etdi. Ol başgalary hem Ýehowa sežde etmäge çagyrýardy. Netijede, Ýoşyýanyň döwründe halk «Rebbiň ýoluna eýermekden dönmedi» (2 Ýyl. 34:27, 33).

19 Ýaşlar Ýoşyýanyň göreldesine eýerip, çagalykdan Ýehowany agtarmaly. Toba eden Manaşe patyşa Ýoşyýa Ýehowanyň rehimdar Hudaýdygy barada öwreden bolmaly. Ýaşlar, sizem maşgalaňyzyň we ýygnagyňyzyň wepaly agzalaryndan Ýehowanyň olara nädip ýagşylyk edendigi barada sorap bilersiňiz. Şeýle-de Ýazgylary okap berenlerinde, munuň Ýoşyýanyň ýüregine täsir edişini we ony dogry işleri etmäge höweslendirişini ýada salyp bilersiňiz. Sizem Hudaýyň Sözüni okasaňyz, Ýehowa bilen dostlugyňyzy berkidersiňiz we özüňizi has bagtly duýarsyňyz. Başgalara hem Hudaýy agtarmaga kömek edersiňiz (2 Ýyl ýazgylary 34:18, 19-njy aýatlary okaň) *. Mukaddes Ýazgylary çuňňur özleşdirseňiz, bu size gullukda has ökdeleşmäge kömek eder. Şonda siz hem Ýoşyýa ýaly dogry işleri edersiňiz.

ÝEHOWA BÜTIN ÝÜREGIŇ BILEN GULLUK ET!

20, 21. a) Dört patyşa Ýehowa nädip gulluk etdi? b) Indiki makalada nämä serederis?

20 Biz Ýehowa bütin ýüregi bilen gulluk eden Ýahudanyň dört patyşasy baradaky wakalardan köp peýdaly zatlary öwrendik. Olar Hudaýyň islegini yhlasly berjaý edip, oňa doly bil baglaýardylar. Olar hemişe, hatda güýçli duşmanlar howp salanda-da, Hudaýyň islegine görä hereket etdiler. Iň wajyby bolsa, Ýehowa ak ýürekden gulluk etdiler.

21 Indiki makalada bu dört patyşanyň nähili ýalňyşlyklar goýberendiklerine serederis. Emma ýürekleri barlaýan Hudaý şonda-da olary bütin kalby bilen gulluk eden adam hasaplady. Bizem bikämil. Ýehowa bizi-de barlanda şeýle diýip bilermi? Muny indiki makaladan bileris.

^ abzas 6 2 Ýyl ýazgylary 14:11 Asa Hudaýy Rebbi çagyryp, şeýle diýdi: «Ýa Reb, güýçlä ýa-da güýçsüze ýardam bermelidiginiň Seniň üçin parhy ýok. Ýa Reb Hudaýymyz, bize ýardam et, çünki biz Saňa bil baglaýarys. Seniň adyň bilen biz bu ummasyz goşunyň garşysyna çykdyk».

^ abzas 12 2 Ýyl ýazgylary 20:2 Ýehoşapata şeýle habar geldi: «Deňziň aňyrsyndan, Edomdan bir uly mähelle seniň garşyňa gelýär. Olar eýýäm Hazazontamardadyr». Bu ýere Engedi-de diýilýär. 3 Ýehoşapat gorkup, Rebbi agtarmagy ýüregine düwdi. Ol bütin Ýahudada agyz beklemekligi yglan etdi. 4 Ýahuda halky Rebden medet dilemek üçin ýygnanyşyp, Ýahudanyň hemme şäherlerinden Rebbi agtarmaga geldiler.

^ abzas 15 Işaýa 37:15 Hizkiýa Rebbiň huzurynda dileg edip, şeýle diýdi: 16 «Eý, keruplaryň üstünde oturan Hökmürowan Reb, Ysraýyl Hudaýy! Bütin dünýäniň patyşalyklarynyň Hudaýy Sensiň, Sen ýeke-täksiň. Ýeri-gögi ýaradan-da Sensiň. 17 Ýa Reb, gulak as-da, eşit, ýa Reb, gözleriňi aç-da gör. Sanheribiň diri Hudaýy masgaralap iberen sözlerini eşit. 18 Ýa Reb, hakykatdanam, Aşur patyşalary ähli milletleri we olaryň ýurtlaryny weýran etdiler. 19 Şol milletleriň hudaýlaryny oda atyp ýakdylar, olar hudaýlar däldi. Olar adamlaryň agaçdan we daşdan ýasan butlarydy. 20 Indi, eý, Hudaýymyz Reb, bizi Aşur patyşasynyň elinden halas et. Ýa Reb, goý, bütin dünýäniň ähli patyşalyklary Seniň ýeke-täk Hudaýdygyňy bilsinler».

^ abzas 16 2 Patyşalar 20:1 Şol döwürlerde Hizkiýa syrkawlap, ölüm ýassygynda ýatyrdy. Amozyň ogly Işaýa pygamber onuň ýanyna gelip: «Reb şeýle diýýär: „Öýüňdäkilere weset et, çünki sen ölersiň, sen bu keselden gutulmarsyň“» diýdi. 2 Onsoň Hizkiýa ýüzüni diwara tarap öwrüp, Rebbe dileg etdi. 3 «Saňa ýalbarýaryn, eý, Reb, meniň Saňa wepalylyk bilen ak ýürekden hyzmat edenimi hem-de Seniň nazaryňda dogry işleri edenimi ýatla». Hizkiýa zar-zar aglady.

^ abzas 18 2 Ýyl ýazgylary 34:1 Ýoşyýa patyşa bolanda sekiz ýaşyndady. Ol Iýerusalimde otuz bir ýyl patyşalyk etdi. 2 Ýoşyýa Rebbiň nazarynda dogry işleri etdi. Ol saga-sola sowulman, atasy Dawudyň ýollaryndan ýöredi. 3 Ýoşyýanyň patyşalygynyň sekizinji ýylynda, ol entek ýaşka öz atasy Dawudyň Hudaýyny agtarmaga başlady. Patyşalygynyň on ikinji ýylynda Ýoşyýa Ýahuda bilen Iýerusalimi sežde edilýän ýerlerden we Aşera butlaryndan, oýma we guýma butlaryndan arassalamaga başlady.

^ abzas 19 2 Ýyl ýazgylary 34:18 Şapan kätip patyşa: «Hilkiýa ruhany maňa bir kitap berdi» diýdi. Onsoň Şapan kitaby alyp, patyşa sesli okap berdi. 19 Patyşa Töwrat kitabynyň sözlerini eşidende, ýakasyny ýyrtdy.