Ikinji Taryh 17:1—19

  • Ýahuda patyşasy Ýehoşapat (1—6)

  • Tälim (7—9)

  • Ýehoşapatyň goşuny (10—19)

17  Asanyň ýerine ogly Ýehoşapat+ patyşa boldy. Ol Ysraýylda patyşalygyny has⁠-⁠da berkidip başlady.  Ýehoşapat Ýahudanyň galalarynda goşun goýdy. Ýahuda topragynda we kakasy Asanyň Efraýymda basyp alan şäherlerinde+ esgerlerini goýdy.  Ýehowa Ýehoşapaty goldaýardy, sebäbi ol Bagal butlaryna sežde etmän, atasy Dawudyň+ ýolundan ýöreýärdi.  Ol kakasynyň Hudaýyna gulluk edip+, tabşyryklaryny berjaý edýärdi, ysraýyllaryň edýän işlerine baş goşmaýardy+.  Ýehowa Ýehoşapatyň patyşalygyny has⁠-⁠da berkidýärdi+. Tutuş Ýahuda ilaty oňa sowgat⁠-⁠serpaý getirýärdi. Ýehoşapat ummasyz baýlyga we at⁠-⁠abraýa eýe boldy+.  Ol Ýehowanyň ýoluna ýürekden ýapyşyp, Ýahudadaky seždegähleri*+ we keramatly pürsleri*+ ýok etdi.  Ýehoşapat hökümdarlygynyň üçünji ýylynda, baştutanlardan Benhaýyly, Abdyýary, Zekerýany, Netaneli, Mikhaýy çagyryp, Ýahudanyň şäherlerinde halka tälim bermegi tabşyrdy.  Olar bilen lewilerden Şemaýa, Netanýa, Zabdyýar, Asahel, Şemramot, Ýehonatan, Adonyýar, Tabyýar we Tobadonaý, ruhanylardan+ Alyşam, Ýehoram hem gitdi.  Olar Ýehowanyň Kanun kitabyny+ äkidip, Ýahudada tälim berip başladylar. Ýahudanyň şäherlerine aýlanyp, halka Kanuny öwretdiler. 10  Ýahudanyň daş⁠-⁠töweregindäki ähli patyşalyklara Ýehowadan gorky aralaşdy, olar Ýehoşapata garşy söweşe çykyp bilmediler. 11  Piliştliler Ýehoşapata sowgat⁠-⁠serpaý getirip, salgyt töleýärdiler. Araplar bolsa 7 700 goç bilen 7 700 teke getirerdiler. 12  Ýehoşapatyň güýç⁠-⁠kuwwaty barha artýardy+. Ol Ýahudada beýik diwarly+ we ammarly şäherleri+ gurýardy. 13  Ol Ýahudanyň şäherlerinde uly işleri etdi. Iýerusalimde Ýehoşapatyň gaýduwsyz esgerleri we söweşijileri bardy. 14  Olary tireleri boýunça topara bölenlerinde, Ýahudanyň müňbaşylaryndan Adnah serkerde bilen 300 000 gaýduwsyz esgeri+, 15  Adnahyň baştutanlygynda Ýehohanan serkerde bilen 280 000 esgeri, 16  Adnahyň baştutanlygynda Zikriniň ogly Amasýa bilen 200 000 gaýduwsyz esgeri bardy. Amasýa Ýehowa höwes bilen* gulluk edýärdi. 17  Benýaminlerden+ gaýduwsyz esger Alyýat bilen ýaýly we galkanly 200 000 esgeri+, 18  Alyýatyň baştutanlygynda Ýehozabat bilen ýaragly 180 000 esgeri bardy. 19  Olar patyşanyň Ýahudadaky galalarda+ goýan esgerlerinden başga esgerlerdi.

Çykgytlar

Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Ýa⁠-⁠da: meýletin.