1 Patyşalar 15:1—34

  • Ýahuda patyşasy Abyýam (1—8)

  • Ýahuda patyşasy Asa (9—24)

  • Ysraýyl patyşasy Nadap (25—32)

  • Ysraýyl patyşasy Başa (33, 34)

15  Nebatyň ogly Ýerobgamyň hökümdarlygynyň+ 18⁠-⁠nji ýylynda, Abyýam Ýahudanyň patyşasy boldy+.  Ol Iýerusalimde üç ýyl höküm sürdi. Ejesi Magaka+ Abyselimiň* agtygydy.  Abyýam kakasynyň eden ähli günäsini gaýtalady. Ol atasy Dawut ýaly, Ýehowa Hudaýa bütin ýüregi bilen gulluk etmedi.  Emma Dawudyň hatyrasyna+, Ýehowa Abyýamyň ýerine ogluny patyşa belläp, neslini Iýerusalimde şa tagtynda oturtdy*+, Iýerusalimiň hem weýran edilmegine ýol bermedi.  Sebäbi Dawut Ýehowanyň öňünde dogry işleri edipdi, diňe hetlerden Uryýa garşy eden günäsi+ diýmeseň, bütin ömrüne Hudaýyň tabşyryklaryny gyşarnyksyz ýerine ýetirdi.  Rehobam dünýäden ötýänçä, hemişe Ýerobgam bilen söweşerdi+.  Abyýamyň durmuşynda bolan başga⁠-⁠da wakalar, ähli eden işleri hakda Ýahuda patyşalarynyň taryhy kitabynda ýazylandyr+. Abyýam bilen Ýerobgamyň arasynda⁠-⁠da söweş bolardy+.  Soňra Abyýam aradan çykyp, Dawudyň şäherinde jaýlandy, ýerine ogly Asa+ patyşa boldy+.  Ysraýyl patyşasy Ýerobgamyň hökümdarlygynyň 20⁠-⁠nji ýylynda, Asa Ýahudanyň patyşasy boldy. 10  Asa Iýerusalimde 41 ýyl höküm sürdi. Mamasy Magaka+ Abyselimiň* agtygydy. 11  Asa hem atasy Dawut ýaly, Ýehowanyň öňünde dogry işleri etdi+. 12  Ol buthanalardaky ähli azgyn erkekleri* ýurtdan kowdy+, ata⁠-⁠babalarynyň ýasan ýigrenji butlaryny*+ ýok etdi. 13  Asa hatda mamasy Magagy+ hem şa aýalyň wezipesinden aýyrdy, sebäbi ol ýigrenji but ýasap, keramatly pürse* sežde edýärdi. Asa mamasynyň ýasan ýigrenji butuny çapyp+, Kidron jülgesinde+ ýakdy. 14  Emma seždegähler* ýok edilmändi+. Asa bolsa bütin ömrüne Ýehowa ýürekden gulluk etdi. 15  Ol özüniň⁠-⁠de, kakasynyň⁠-⁠da Hudaýa bagyş eden* altyn⁠-⁠kümüşlerini we gap⁠-⁠gaçlaryny+ Ýehowanyň öýüne getirdi. 16  Ysraýyl patyşasy Başa+ elmydama Asa bilen söweşerdi. 17  Ysraýyl patyşasy Başa Ýahuda garşy söweşe çykdy. Ol Ýahuda patyşasy Asanyň+ ýurduna gelip gidýänleriň ýoluny ýapmak üçin, Rama galasyny+ dikeldip başlady. 18  Şonda Asa Ýehowanyň öýündäki we köşkdäki hazynalarda galan altyn⁠-⁠kümüşleri alyp, hyzmatkärlerine berdi⁠-⁠de, Damaskda ýaşaýan Siriýa patyşasyna+, Tabrymonyň ogly, Hezýonyň agtygy Benhadata iberdi. Asa Benhadata: 19  «Kakalarymyz hem, ikimiz hem ylalaşyk* baglaşypdyk. Ine şu altyn⁠-⁠kümüşleri saňa sowgat iberýärin. Gel⁠-⁠de, Ysraýyl patyşasy Başa bilen baglaşan ylalaşygyňy boz, goý, ol ýurdumdan yza çekilsin» diýip habar ýollady. 20  Benhadat Asa patyşanyň aýdyşy ýaly edip, goşun serkerdelerini Ysraýyl şäherlerine hüjüm etmäge iberdi. Olar gidip, Iýony+, Dany+, Abyl⁠-⁠beýtmagagy, tutuş Kinnereti we Naftaly topragyny basyp aldylar. 21  Başa muny eşiden badyna, Ramany dikeltmegini goýup, Tirsa+ dolandy. 22  Asa patyşa bolsa Ýahuda ilatyny çagyryp, Başanyň gurluşykda ulanan daşlaryny we agaçlaryny Rama galasyndan daşatdy. Patyşa şol daşlar we agaçlar bilen Benýamin topragynda ýerleşýän Gebany+ we Mispany+ dikeltdi. 23  Asanyň durmuşynda bolan başga⁠-⁠da wakalar, şan⁠-⁠şöhraty, ähli eden işleri we dikelden şäherleri hakda Ýahuda patyşalarynyň taryhy kitabynda ýazylandyr. Emma ol garran wagty aýagagyrydan ejir çekdi+. 24  Soňra Asa aradan çykyp, atasy Dawudyň şäherinde, ata⁠-⁠babalarynyň ýanynda jaýlandy. Asanyň ýerine ogly Ýehoşapat+ patyşa boldy. 25  Ýahuda patyşasy Asanyň hökümdarlygynyň ikinji ýylynda, Ýerobgamyň ogly Nadap+ Ysraýylyň patyşasy boldy. Ol Ysraýylda iki ýyl höküm sürdi. 26  Nadap Ýehowanyň öňünde erbet işleri edýärdi. Ol kakasynyň ýaman ýolundan ýöräp+, Ysraýyla etdiren ähli günälerine baş goşdy+. 27  Nadap bilen ysraýyllar piliştlileriň Gibeton şäherini+ gabap ýörkä, Ysaharyň neslinden Ahyýaryň ogly Başa Nadaba garşy dildüwşük gurap, ony Gibetonda öldürdi. 28  Ýahuda patyşasy Asanyň hökümdarlygynyň üçünji ýylynda, Başa Nadaby öldürip, ýerine özi patyşa boldy. 29  Başa tagta geçen badyna, Ýerobgamyň neslini bütinleý gyrdy. Ýehowanyň guly şiloly Ahyýar pygamberiň aýdyşy ýaly, Başa Ýerobgamyň maşgalasynda hiç kimi diri galdyrman, ählisini gyrdy+. 30  Muňa Ýerobgamyň özi günäkärdi, ol günäli işlere baş goşup, Ysraýyl Hudaýy Ýehowanyň göwnüne degipdi, halka⁠-⁠da günä etdiripdi. 31  Nadabyň durmuşynda bolan başga⁠-⁠da wakalar, ähli eden işleri hakda Ysraýyl patyşalarynyň taryhy kitabynda ýazylandyr. 32  Ysraýyl patyşasy Başa elmydama Asa bilen söweşerdi+. 33  Ýahuda patyşasy Asanyň hökümdarlygynyň üçünji ýylynda, Ahyýaryň ogly Başa Tirsada tutuş Ysraýyla patyşa boldy. Ol 24 ýyl höküm sürdi+. 34  Başa Ýehowanyň öňünde erbet işleri edýärdi+. Ýerobgamyň ýaman ýolundan ýöräp, onuň Ysraýyla etdiren ähli günälerine baş goşdy+.

Çykgytlar

«Abselim» adynyň başgaça aýdylyşy.
Sözme⁠-⁠söz: oňa çyrag berdi.
«Abselim» adynyň başgaça aýdylyşy.
Käbir aýallar we erkekler butlara sežde edenlerinde ahlaksyzlyk edýärdiler.
Ýewreý dilindäki şu jümläniň tezek diýen manysy bolup, bir zada bolan ýigrenji aňladýar.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Sözme⁠-⁠söz: mukaddes eden.
Ýa⁠-⁠da: äht.