Ikinji Korinfliler 4:1—18

  • Hoş habaryň nury (1—6)

    • Imansyzlaryň aň⁠-⁠düşünjesi küteldilendir (4)

  • Toprakdan ýasalan gaplardaky hazyna (7—18)

4  Hudaýyň bize rehim edip, şeýle gullugy ynanandygy üçin elimizi gowşatmaýarys.  Ýöne biz gizlinlikde edilýän utanç⁠-⁠haýasyz işlere baş goşmaýarys, mekirlik etmeýäris. Hudaýyň sözüni ýoýman, hakykaty öwredýäris+. Hudaýyň öňünde ähli adamlaryň ynsabyny göz öňünde tutup, görelde görkezýäris+.  Biziň wagyz edýän hoş habarymyz diňe heläk boljak adamlar üçin mata bilen ýapylandyr.  Sebäbi şu dünýäniň* taňrysy+ iman etmeýän adamlaryň aň⁠-⁠düşünjesini küteldendir+. Ol Hudaýyň keşbinde ýaradylan Mesih+ hakdaky ajaýyp hoş habaryň nur saçmagyny islemeýär+.  Biz wagyzda özümiz hakda däl⁠-⁠de, Isa Mesihiň Halypamyzdygy hakda gürrüň berýäris. Şeýle⁠-⁠de Isanyň hatyrasy üçin size hyzmat edýändigimizi aýdýarys.  Sebäbi: «Garaňkylykda nur saçsyn»+ diýen Hudaý ýüreklerimizi ýagtylandyryp+, Mesih* arkaly Özi hakdaky ajaýyp bilim bilen şöhratlandy.  Biz gullugymyzy öz güýjümiz bilen däl⁠-⁠de, Hudaýyň güýji bilen edýäris+, sebäbi berlen hazynany+ toýun gaplarda+ saklaýarys.  Bizi her tarapdan gysyp⁠-⁠gowursalar⁠-⁠da, güýçden gaçmadyk. Biz aljyraňňy ýagdaýa düşsek⁠-⁠de, çykalgasyz ýagdaýda* däldiris+.  Biz yzarlansak⁠-⁠da, ýeke galmadyk+. Bizi urup⁠-⁠ýençseler⁠-⁠de, heläk bolmadyk+. 10  Isanyň ýaşaýşy durmuşymyzda görner ýaly, Isa ýaly hemişe görgi görüp, ölüm bilen ýüzbe⁠-⁠ýüz bolýarys+. 11  Biz ýaşasak⁠-⁠da, Isanyň hatyrasy üçin janymyzy howp astyna salýarys+. Adamlar hem biziň Isa ýaly görgi görýändigimizi görýärler. 12  Sizi ýaşaýşa gowşurmak üçin, biz ölüm bilen ýüzbe⁠-⁠ýüz bolýarys. 13  «Men iman bilen gepledim»+ diýip ýazylyşy ýaly, biz hem siziň imanyňyz üçin iman* bilen gepleýäris. 14  Isany direlden Hudaýyň bizi⁠-⁠de direldip, ählimizi Isanyň ýanyna eltjekdigini bilýäris+. 15  Ähli zat siziň üçin edilýär. Adamlar Hudaýa alkyş* aýdyp, şöhratlandyrar ýaly, Hudaý olara köp ýagşylyk edýär+. 16  Şeýlelikde, beden garrasa⁠-⁠da, içki dünýämiz günsaýyn täzelenýär, şonuň üçin ruhdan düşmeýäris. 17  Biziň häzirki görýän kynçylyklarymyz wagtlaýyn hem ýeňildir, ýöne şolar arkaly deňsiz⁠-⁠taýsyz we ebedi şöhrata ýeteris+. 18  Biz görünýän zatlara däl⁠-⁠de, görünmeýän zatlara seredýäris+, sebäbi görünýän zatlar wagtlaýyn, görünmeýän zatlar bolsa bakydyr.

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: döwrüň. Sözlüge serediň.
Sözme⁠-⁠söz: Mesihiň ýüzi.
Başga manysy: taşlanan; ýeke galan.
Sözme⁠-⁠söz: ruhy iman.
Ýa⁠-⁠da: minnetdarlyk.