Ikinji Taryh 20:1—37

  • Goňşy halklaryň Ýahuda hüjümi (1—4)

  • Ýehoşapatyň dogasy (5—13)

  • Ýehowanyň jogaby (14—19)

  • Ýahuda ilaty gudrat bilen halas bolýar (20—30)

  • Ýehoşapatyň hökümdarlygynyň soňy (31—37)

20  Soňra mowaplar+ we ammonlar+ käbir ammonymlary* ýanyna alyp, Ýehoşapat bilen söweşmäge gitdiler.  Ýehoşapata: «Deňiz* tarapdan, Edomdan+ uly goşun gelýär. Olar eýýäm Hasason⁠-⁠tamara, ýagny En⁠-⁠gedä+ ýetdiler» diýip habar berdiler.  Muny eşidip, Ýehoşapat gorkdy. Ol Ýehowadan kömek soramak üçin+, Ýahuda ilatyna agyz beklemegi tabşyrdy.  Ýahuda şäherleriniň ilaty Ýehowa ýüz tutmak üçin+ ýygnandylar. Olar Ýehowadan maslahat soramaga gelipdiler.  Ýahuda we Iýerusalim ilaty Ýehowanyň öýüniň täze howlusynyň öňüne ýygnanypdy. Ýehoşapat ýerinden turdy⁠-⁠da,  şeýle diýdi: «Ata⁠-⁠babalarymyzyň Hudaýy Ýehowa, gökdäki ýeke⁠-⁠täk Hudaý sensiň!+ Ähli patyşalyklar seniň eliňde+, güýç⁠-⁠kuwwat hem seniňki. Hiç kim saňa garşy çykyp bilmeýär+.  Eý Hudaýymyz, başga halklary ysraýyl halkyň öňünden kowup çykaryp, ýurdy dostuň Ybraýymyň nesline ebedilik mülk edip berdiň+.  Halk ýurtda ýaşap başlady. Olar seniň adyňy göterýän ybadathana gurup+:  „Eger başymyza betbagtçylyk inse, gylyçdan geçirilsek, üstümizden agyr höküm çykarylsa, ýurtda mergi keseli ýa açlyk bolsa, adyňy göterýän+ ybadathanaňa gelip, huzuryňda doga⁠-⁠dileg etsek, bize jogap berip, halas et“+ diýipdiler. 10  Ysraýyllar Müsürden çykyp gelýärkä, ammonlary, mowaplary we Segir daglarynda+ ýaşaýan halky basyp almaga ýol bermediň. Şonuň üçin ysraýyllar olary öldürmän, sowlup geçdiler+. 11  Olar bolsa ýagşylyga ýamanlyk bilen jogap berip, bizi mülk edip beren ýurduňdan kowjak bolýarlar+. 12  Eý Hudaý, olary jezasyz goýma+. Üstümize gelýän ägirt uly goşuna gaýtawul bermäge güýjümiz ýok, näme etjegimizi bilemizok+, gözümiz saňa dikilgi»+. 13  Şol wagt ähli ýahudalar aýallary, ogul⁠-⁠gyzlary, çagalary bilen Ýehowanyň huzurynda durdylar. 14  Şonda halkyň arasynda duran Ýahazyýele Ýehowanyň ruhy indi. Ýahazyýel Zekerýanyň ogly, Binaýanyň agtygy, Ýegeliň çowlugy, Mattanýanyň ýuwlugydy, Asafyň neslinden bolan lewilerdendi. 15  Ýahazyýel şeýle diýdi: «Ýahuda we Iýerusalim ilaty! Eý Ýehoşapat patyşa, gulak asyň! Ýehowa şeýle diýýär: „Ägirt uly goşundan gorkup, howsala düşmäň, sebäbi söweş siziňki däl, Hudaýyňky+. 16  Ertir olaryň garşysyna çykyň. Olar Ziziň üstünden geçip gelerler. Olara Ýeruwel çölüniň garşysynda ýerleşýän jülgede duşarsyňyz. 17  Ýöne size söweşmek gerek bolmaz. Ýeriňizde durup+, Ýehowanyň halas edişini görüň+. Eý Ýahuda we Iýerusalim ilaty! Gorkup, howsala düşmäň+. Ertir olara garşy çykyň, Ýehowa siziň bilen bolar“»+. 18  Şonda Ýehoşapat ýüzüni ýere berip, tagzym etdi. Ýahuda bilen Iýerusalim ilaty hem Ýehowanyň huzurynda dyza çöküp, Ýehowa tagzym etdi. 19  Soňra Kohatyň+ we Karunyň neslinden lewiler ýerinden turup, Ysraýyl Hudaýy Ýehowany batly ses bilen şöhratlandyryp başladylar+. 20  Ertesi daň bilen turup, Tekoýa+ çölüne gitdiler. Ýola çykanlarynda, Ýehoşapat olara: «Eý Ýahuda we Iýerusalim ilaty, diňläň! Ýehowa Hudaýyňyza iman ediň, şonda heläk bolmarsyňyz*. Hudaýyň pygamberlerine iman etseňiz+, ýeňiş gazanarsyňyz» diýdi. 21  Soňra Ýehoşapat halk bilen maslahatlaşyp, Ýehowanyň şanyna aýdym aýdar ýaly adamlary belledi+. Olar mukaddes lybasda esgerleriň öňünden ýöräp: «Ýehowa şükür ediň, sebäbi wepaly söýgüsi* ebedidir»+ diýip, Hudaýy şöhratlandyrmalydy. 22  Olar Hudaýy şöhratlandyryp, joşup aýdym aýdyp başladylar. Şonda Ýehowa Ýahudany basyp almaga gelýän ammonlara, mowaplara we Segir daglarynyň ilatyna duzak gurdy. Olar biri⁠-⁠birini gyryp başladylar+. 23  Ammonlar bilen mowaplar Segir daglarynyň ilatyna+ hüjüm etdiler. Olaryň ählisini gyryp, soňra bir⁠-⁠birlerini öldürdiler+. 24  Ýahudalar çöldäki+ garawul diňine ýetip, duşmanlaryň jesetleriniň serlip ýatanyny gördüler+, olaryň ýekejesi⁠-⁠de diri galmandyr. 25  Ýehoşapat nökerleri bilen gelip, olja aldy. Olar birgiden goş⁠-⁠golam, egin⁠-⁠eşik we gymmatbaha zat tapdylar. Oljanyň köplüginden ýaňa olary göterip hem bilmediler+. Olary daşamaga üç gün gerek boldy. 26  Dördünji gün Bereket jülgesine baryp, Ýehowany şöhratlandyrdylar*. Oňa henizem Bereket* jülgesi diýilýär+. 27  Soňra Ýahuda we Iýerusalim ilaty Ýehoşapatyň baştutanlygynda şatlyk⁠-⁠şowhun bilen Iýerusalime dolandy. Ýehowa olara duşmanlary ýeňmäge kömek edipdi+. 28  Olar arfa+, surnaý+ we kirişli saz gurallary çalyp, Iýerusalime, Ýehowanyň öýüne geldiler+. 29  Ysraýyllaryň duşmanlaryna garşy Ýehowanyň söweşendigini eşidip, daş⁠-⁠töwerekdäki ähli patyşalyklara Hudaýdan gorky aralaşdy+. 30  Ýehoşapat asudalykda höküm sürýärdi, Hudaý ony ähli duşmanlaryndan goraýardy*+. 31  Ýehoşapat Ýahudanyň üstünden höküm sürmegini dowam etdi. Ol 35 ýaşynda patyşa bolup, Iýerusalimde 25 ýyl höküm sürdi. Ejesi Azuba Şilhiniň gyzydy+. 32  Ýehoşapat kakasy Asanyň ýolundan ýöräp+, hiç ýana sowulmady. Ol Ýehowanyň öňünde dogry işleri edýärdi+. 33  Emma seždegähler* ýok edilmändi+, halk henizem ata⁠-⁠babalarynyň Hudaýyna sežde etmegi ýüregine düwmändi+. 34  Ýehoşapatyň durmuşynda bolan başga⁠-⁠da wakalar Hananýaryň+ ogly Ýehuwyň+ golýazmasynda başdan⁠-⁠aýak ýazylandyr. Olary Ysraýyl patyşalarynyň kitabyna⁠-⁠da ýazdylar. 35  Soňra Ýahuda patyşasy Ýehoşapat erbet işleri eden Ysraýyl patyşasy Ahazýa+ bilen gatnaşyp başlady. 36  Olaryň ikisi Tarşyşa+ ibermek üçin Esýon⁠-⁠geberde+ gämi ýasap başladylar. 37  Emma mareşaly Dodawahunyň ogly Alygezer Ýehoşapata garşy pygamberlik edip: «Ahazýa bilen gatnaşanyň üçin, Ýehowa seniň çeken azabyňy biderek eder»+ diýdi. Şonuň üçin gämiler weýran bolup, Tarşyşa gidip bilmedi+.

Çykgytlar

Başga manysy: megunitleri.
Öli deňiz göz öňünde tutulýan bolmaly.
Ýa⁠-⁠da: berk durup bilersiňiz.
Sözlüge serediň.
Ýa⁠-⁠da: alkyş aýtdylar.
Manysy: Alkyş.
Sözme⁠-⁠söz: her tarapdan dynçlyk berýärdi.
Sözlüge serediň.