Ikinji Patyşalar 18:1—37

  • Ýahuda patyşasy Hizkiýa (1—8)

  • Ysraýylyň ýene⁠-⁠de weýran edilmegi (9—12)

  • Sanheribiň Ýahudany basyp almagy (13—18)

  • Ýehowanyň üstünden gülen baş şerapçy (19—37)

18  Ysraýyl patyşasy Elahyň ogly Hoseýanyň+ hökümdarlygynyň üçünji ýylynda, Ýahuda patyşasy Ahazyň+ ogly Hizkiýa+ patyşa boldy.  Hizkiýa 25 ýaşynda patyşa bolup, Iýerusalimde 29 ýyl höküm sürdi. Ejesi Aby* Zekerýanyň gyzydy+.  Hizkiýa atasy Dawut+ ýaly, Ýehowanyň öňünde dogry işleri edýärdi+.  Ol seždegähleri*+ ýumurdy, keramatly sütünleri çym⁠-⁠pytrak edip, keramatly pürsi*+ çapdy. Musanyň misden ýasan ýylanyny+ hem kül⁠-⁠owram etdi, sebäbi ysraýyllar şol ýylana Nehuştan* diýip at goýup, öňünde gurbanlyk ýakýardylar.  Hizkiýa Ysraýyl Hudaýy Ýehowa bil baglaýardy+. Ýahudanyň öňki⁠-⁠soňky patyşalarynyň arasynda Hizkiýa taý geljegi ýokdy.  Ol Ýehowa wepaly bolup+, ýolundan sowulmady. Hizkiýa Ýehowanyň Musa beren tabşyryklaryny ýerine ýetirýärdi.  Ýehowa hem ony goldaýardy. Hizkiýa haýsy işiň başyna barsa⁠-⁠da, paýhasly hereket edýärdi. Ol Assiriýa patyşasyna garşy çykyp, oňa gulluk etmekden boýun gaçyrdy+.  Gazadaky we daş⁠-⁠töweregindäki piliştlileri+ derbi⁠-⁠dagyn edip, olary garawul diňinden tä gala çenli* gyrdy.  Hizkiýanyň hökümdarlygynyň dördünji ýylynda, ýagny Ysraýyl patyşasy Elahyň ogly Hoseýanyň+ hökümdarlygynyň ýedinji ýylynda, Assiriýa patyşasy Şalmaneser Samariýanyň daşyny gabady+. 10  Üç ýyldan, ýagny Hizkiýanyň hökümdarlygynyň altynjy ýylynda, Ysraýyl patyşasy Hoseýanyň hökümdarlygynyň bolsa dokuzynjy ýylynda, assiriýalylar Samariýany basyp aldy+. 11  Ol ysraýyllary Assiriýa ýesirlige äkidip+, Halahda, Gozan derýasynyň boýundaky Haborda we midiýalylaryň şäherlerinde ýaşatdy+. 12  Sebäbi ysraýyllar Ýehowa Hudaýa gulak asmadylar, baglaşan ähtini bozup, Ýehowanyň Musa pygamber arkaly beren tabşyryklaryny äsgermezlik etdiler+. Olar ne gulak asdylar, ne⁠-⁠de boýun boldular. 13  Hizkiýanyň hökümdarlygynyň 14⁠-⁠nji ýylynda, Assiriýa patyşasy Sanherip+ Ýahudanyň galalaryny basyp aldy+. 14  Şonda Ýahuda patyşasy Hizkiýa Lakyş şäherine, Assiriýa patyşasyna habar ýollap: «Günä mende. Näme sorasaň bereýin, yza çekiläý» diýdi. Assiriýa patyşasy Ýahuda patyşasyna 300 batman* kümüş we 30 batman altyn salgyt saldy. 15  Hizkiýa Ýehowanyň öýündäki we köşgüň hazynalaryndaky ähli kümüşleri berdi+. 16  Hizkiýa Ýehowanyň ybadathanasyndaky gapylary+ we söýeleri+ altyna gaplapdy, ol şolary hem Assiriýa patyşasyna berdi. 17  Assiriýa patyşasy baş serkerdesini*, baş wezirini* we baş şerapçysyny* uly goşuny bilen Lakyşdan+ Iýerusalime, Hizkiýa patyşanyň ýanyna iberdi+. Olar Iýerusalime baryp, kir ýuwulýan meýdança gidýän uly ýoluň ugrundaky ýokarky howdanyň arygyna* bardylar+. 18  Olar patyşany çagyrdylar, emma olaryň ýanyna Hilkiýanyň ogly baş wezir* Alyýakym+, Şebna+ kätip we Asafyň ogly Ýowa mürze geldi. 19  Baş şerapçy olara şeýle diýdi: «Gidiň⁠-⁠de, Hizkiýa aýdyň: „Assiriýanyň beýik patyşasy şeýle diýýär: „Sen nämä daýanýaň?+ 20  „Men söweşe ökde, güýç⁠-⁠kuwwatym bar“ diýýäň, ýöne aýdýanyň boş söz. Kime bil baglap, maňa garşy çykdyň?+ 21  Sen Müsüre, epilen gamşa bil baglaýansyň+. Gamşa söýenseň, gamyş eliňe çümüp, aýaňy keser. Müsür faraonyna bil baglan adamyň hem görjegi şudur. 22  Belki: „Biz Ýehowa Hudaýymyza bil baglaýarys“+ diýýänsiňiz. Hizkiýa Ýahuda we Iýerusalim ilatyna: „Iýerusalimdäki gurbanlyk ojagynyň* öňünde sežde ediň“+ diýipdi. Onda näme üçin ol Hudaýyňyzyň seždegählerini we gurbanlyk ojaklaryny aýyrdy?“+ 23  Sen meniň hökümdarym Assiriýa patyşasy bilen jedel etjekmi? Saňa 2 000 at bersem, ata çykar ýaly nöker tapyp bilermiň?+ 24  Müsüriň söweş arabalaryna we atlylaryna bil baglasaň⁠-⁠da, hökümdarymyň iň pes häkimine gaýtawul berip bilmersiň! 25  Onsoňam, bärik Ýehowadan birugsat gelendirin öýdýäňmi? Ýehowanyň özi maňa: „Bar, şol ýurda çoz⁠-⁠da, ýer bilen ýegsan et“ diýdi». 26  Şonda Hilkiýanyň ogly Alyýakym, Şebna+ we Ýowa baş şerapça+: «Gaýrat et⁠-⁠de, biz bilen arameý* dilinde+ gepleş, şol dile düşünýäris. Diwardaky adamlara eşitdirip, ýehudy dilinde gepleme»+ diýdiler. 27  Ýöne baş şerapçy: «Hökümdaryň habaryny diňe patyşaňyza we size aýtmaga gelendirin öýdýäňizmi? Muny diwaryň üstünde oturan adamlara⁠-⁠da aýtmaly. Olaram siz ýaly nejasadyny iýip, peşewini içerler» diýdi. 28  Soňra baş şerapçy duran ýerinden batly ses bilen gygyryp, ýehudy dilinde: «Beýik hökümdar Assiriýa patyşasynyň sözüni diňläň!+ 29  Patyşa şeýle diýýär: „Hizkiýa özüňizi aldatmaň! Ol sizi elimden halas edip bilmez+. 30  Hizkiýa: „Ýehowa bizi hökman halas eder, şäheri Assiriýa patyşasynyň eline bermez“+ diýip, Ýehowa bil baglatjak bolýar, ýöne oňa ynanmaň. 31  Hizkiýany diňlemäň! Assiriýa patyşasy şeýle diýýär: „Maňa tabyn boluň, boýun egiň. Şonda her kim öz üzümini, injirini iýer, öz guýusyndan suw içer. 32  Soňra men gelip, sizi öz ýurduňyz ýaly bal akýan mes toprakly ýurda, gallanyň, täze şerabyň, çöregiň, üzümiň, zeýtun agaçlaryň bol ýerine äkiderin+. Ölmersiňiz, ähliňiz diri galarsyňyz. Hizkiýany diňlemäň, ol: „Ýehowa bizi halas eder“ diýip aldaýar. 33  Haýsy halkyň taňrysy öz ýurduny Assiriýa patyşasynyň elinden halas edip bildi? 34  Hamatyň+, Arpatyň taňrylary nirede? Separwaýymyň+, Henanyň, Ywahyň taňrylary nirede? Olar Samariýany elimden halas edip bildimi?+ 35  Şol taňrylaryň haýsy biri öz ýurduny elimden halas etdi?! Onda Ýehowa Iýerusalimi nädip elimden halas etsin?!“»+ diýdi. 36  Ýöne adamlar sesini çykarmady, hiç zat jogap bermedi, sebäbi patyşa: «Hiç zat jogap beräýmäň»+ diýip tabşyrypdy. 37  Hilkiýanyň ogly baş wezir* Alyýakym, Şebna kätip we Asafyň ogly Ýowa mürze ýakalaryny ýyrtyp, Hizkiýanyň ýanyna geldiler. Olar baş şerapçynyň sözlerini gürrüň berdiler.

Çykgytlar

«Abyýar» adynyň gysga görnüşi.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Ýa⁠-⁠da: mis ýylan buty.
Az adamly we köp ilatly ýerler göz öňünde tutulýar.
Ýa⁠-⁠da: tartany. Baş serkerdä şeýle diýilýärdi.
Ýa⁠-⁠da: rabsarisi. Baş wezire şeýle diýilýärdi.
Ýa⁠-⁠da: rabşagy. Baş şerapça şeýle diýilýärdi.
Ýa⁠-⁠da: ýabyna.
Ýa⁠-⁠da: köşk dolandyryjy.
Sözlüge serediň.
Ýa⁠-⁠da: siriýa.
Ýa⁠-⁠da: köşk dolandyryjy.