1 Patyşalar 20:1—43

  • Siriýalylaryň Ahap bilen söweşi (1—12)

  • Ahap siriýalylary ýeňýär (13—34)

  • Ahaba garşy pygamberlik (35—43)

20  Siriýanyň+ patyşasy Benhadat+ tutuş goşunyny ýygnady. Ol 32 patyşany atlary, söweş arabalary bilen ýanyna aldy⁠-⁠da, Samariýanyň+ daşyny gabap+, söweşe başlady.  Soňra ol şähere Ysraýyl patyşasy Ahabyň+ ýanyna çaparlaryny iberip: «Benhadat şeýle diýýär:  „Seniň altyn⁠-⁠kümşüň⁠-⁠de, owadan aýallaryň⁠-⁠da, gerçek ogullaryň⁠-⁠da meniňkidir“» diýdi.  Ysraýyl patyşasy: «Şa hezretleri, aýdyşyň ýaly, meniň özümem, ähli zadymam seniňki»+ diýdi.  Soňra çaparlar ýene⁠-⁠de gelip: «Benhadat şeýle diýýär: „Altyn⁠-⁠kümşüňi⁠-⁠de, aýallaryňy⁠-⁠da, ogullaryňy⁠-⁠da maňa berersiň“ diýip habar ýollapdym.  Ertir şu wagtlar hyzmatkärlerimi ibererin. Olar köşgüňi, hyzmatkärleriň öýüni döküp, gymmatbaha zatlaryň ählisini alyp gaýdarlar“» diýip habar berdiler.  Ysraýyl patyşasy ähli ýaşululary ýygnap: «Ol başda aýallarymy, ogullarymy, altyn⁠-⁠kümüşlerimi sorady, men hem bererin diýdim. Indi bolsa bahana gözläp, başymyza betbagtçylyk getirjek bolýar» diýdi.  Şonda ýaşulular we tutuş halk: «Aýdanyny etme, razylaşma» diýdiler.  Ol Benhadatyň iberen çaparlaryna: «Patyşahyma şeýle diýiň: „Başdaky soran zatlaryňy bereýin, ýöne soňky soran zatlaryňy berip biljek däl“» diýdi. Çaparlar gidip, patyşanyň sözlerini Benhadata ýetirdiler. 10  Benhadat ýene⁠-⁠de Ahaba habar ýollap: «Ägirt uly goşun bilen baryp, Samariýany weýran ederin, ondan galan daşlary esgerlerime paýlasamam ýetmez. Eger aýdyşym ýaly etmesem, goý, taňrylar maňa has beterini görkezsin!» diýdi. 11  Ysraýyl patyşasy: «Benhadata şeýle diýiň: „Heniz uruş başlamanka, ýeňiş gazanan ýaly öwünmäň näme?!“»+ diýdi. 12  Şol wagt Benhadat beýleki patyşalar bilen çadyrynda şerap içip otyrdy. Ol Ahabyň jogabyny eşiden badyna, hyzmatkärlerine: «Boluň, söweşe taýýarlanyň!» diýip buýruk berdi. Olar şähere çozmaga taýýarlyk gördüler. 13  Ysraýyl patyşasy Ahabyň+ ýanyna bir pygamber gelip: «Ýehowa şeýle diýýär: „Ägirt uly goşuny görýäňmi? Şu gün olary eliňe bererin. Şonda sen meniň Ýehowadygymy bilersiň“»+ diýdi. 14  Ahap: «Kim arkaly ýeňiş gazanarys?» diýip sorady. Pygamber: «Ýehowa şeýle diýýär: „Welaýat häkimleriniň nökerleri arkaly“» diýdi. Ahap ondan: «Söweşiň başyny kim başlar?» diýip sorady. Pygamber: «Siz başlarsyňyz!» diýdi. 15  Ahap häkimleriň nökerlerini sanady. Olar 232 adam eken. Ysraýyllardan bolsa 7 000 esger bardy. 16  Olar günortan söweşe çykdylar, Benhadat 32 patyşa bilen çadyrda şerap içip otyrdy. 17  Şäherden ilki häkimleriň nökerleri çykdy. Şonda Benhadat hem nökerlerini iberdi. Olar gelip: «Adamlar Samariýadan çykyp başlady» diýip habar berdiler. 18  Benhadat: «Olar ylalaşmaga gelýän bolsa⁠-⁠da, söweşmäge gelýän bolsa⁠-⁠da, ählisini diriligine ele salyň» diýdi. 19  Häkimleriň nökerleri bilen yzyndan gelýän esgerler bolsa 20  öňünden çykan duşmany öldürýärdi. Şonda siriýalylar gaçdylar+, ysraýyllar bolsa olary kowaladylar. Emma Siriýa patyşasy Benhadat ata münüp, birnäçe atlylar bilen gaçyp ýetişdi. 21  Ysraýyl patyşasy bolsa atlylara hem⁠-⁠de söweş arabaly esgerlere hüjüm edip, siriýalylary derbi⁠-⁠dagyn etdi. 22  Biraz wagtdan Ysraýyl patyşasynyň ýanyna bir pygamber+ gelip: «Indiki ýylyň başyna* Siriýa patyşasy ýene üstüňe çozar+. Git⁠-⁠de, goşunyňy güýçlendir, näme etjekdigiň hakda gowy oýlan»+ diýdi. 23  Siriýa patyşasynyň maslahatçylary: «Olaryň Hudaýy daglaryň Hudaýy, şonuň üçin olardan ýeňildik. Olar bilen düzlükde söweşsek ýeňeris. 24  Söweşe patyşalary+ däl⁠-⁠de, häkimleri äkit, esgerlere şolar baş bolsun. 25  Şeýle⁠-⁠de öňki goşunyň ýaly goşun, at hem söweş araba ýygna. Olar bilen düzlükde söweşeli, hökman ýeňeris» diýdiler. Benhadat olaryň maslahatyna gulak asyp, aýdyşlary ýaly etdi. 26  Ýylyň başyna* Benhadat siriýalylary jemläp, ysraýyllar bilen söweşmek üçin Apege+ bardy. 27  Ysraýyllar hem gerek zatlaryny ýygnap, siriýalylara garşy söweşe çykdylar. Olar duşmanyň öňünde düşelge guranda, iki sany kiçijik geçi sürüsi ýaly azdy, siriýalylar bolsa tutuş ýurdy dolduryp durdy+. 28  Ysraýyl patyşasynyň ýanyna hak Hudaýyň guly gelip: «Ýehowa şeýle diýýär: „Siriýalylar: „Ýehowa düzlügiň Hudaýy däl⁠-⁠de, daglaryň Hudaýy“ diýeni üçin, olaryň ägirt uly goşunyny eliňe bererin+. Şonda meniň Ýehowadygyma doly göz ýetirersiň“»+ diýdi. 29  Olar bir⁠-⁠biriniň garşysynda düşelge gurup, ýedi gün oturdylar. Ýedinji gün söweş başlandy. Ysraýyllar bir günde siriýalylaryň 100 000 esgerini* öldürdi. 30  Diri galanlary gaçyp, Apek şäherine+ girdi. Emma diri galan 27 000 esgeriň üstüne diwar ýykyldy. Benhadat bolsa gaçyp, şähere girdi⁠-⁠de, bir öýüň içki otagynda gizlendi. 31  Şonda Benhadatyň maslahatçylary: «Ysraýyl patyşalary rehim⁠-⁠şepagatly* diýip eşidipdik. Rugsat berseň, jul geýnip, boýnumyza ýüp salyp, Ysraýyl patyşasynyň ýanyna baraly. Belki, ol seni diri galdyrar»+ diýdiler. 32  Olar jul geýnip, boýnuna ýüp salyp, Ysraýyl patyşasynyň ýanyna bardylar⁠-⁠da: «Guluň Benhadat: „Ýalbarýaryn, meni öldürme“ diýýär» diýdiler. Ol hem: «Asyl Benhadat dirimi? Men ony doganym ýaly görýärin» diýdi. 33  Gelen adamlar muňa gowulygyň alamaty diýip düşündiler. Olar Ahabyň sözüni agzyndan kakyp alyp: «Hawa, Benhadat seniň doganyň» diýdiler. Şonda Ahap: «Baryň, ony getiriň» diýdi. Benhadat Ahabyň ýanyna geldi, Ahap hem ony arabasyna mündürdi. 34  Benhadat Ahaba: «Kakam seniň kakaň elinden şäherlerini alypdy, şolary yzyna bereýin. Kakamyň Samariýada edişi ýaly, sen hem Damasgyň köçelerinde söwda edersiň» diýdi. Ahap: «Eger şeýle ylalaşyk* baglaşsaň, seni goýbereýin» diýip jogap berdi. Şeýlelikde, Ahap ylalaşyk baglaşyp, Benhadaty goýberdi. 35  Ýehowanyň buýrugy bilen, pygamberleriň*+ biri ýanyndaky ýoldaşyna: «Hany, meni ur» diýdi, ýöne ýoldaşy ony urmady. 36  Şonda pygamber: «Ýehowanyň sözüne gulak asmandygyň üçin, ýanymdan giden badyňa, seni bir ýolbars öldürer» diýdi. Ol pygamberiň ýanyndan gaýdanda, öňünden ýolbars çykyp, ony parçalady. 37  Pygamber başga biriniň ýanyna baryp: «Hany, meni ur» diýdi. Ol adam urup, pygamberi ýaralady. 38  Soňra ýaňky pygamber gidip, ýoluň ugrunda patyşanyň gelerine garaşyp durdy. Ol özüni tanatmajak bolup, gözüni daňdy. 39  Patyşa deňinden geçip barýarka, pygamber batly ses bilen: «Patyşahym, men söweşiň gandöküşikli ýerine bardym. Şonda esgerleriň biri: „Şu adamdan gözüňi aýyrma, sypdyraýsaň, janyna derek seniň janyňy alaryn+ ýa⁠-⁠da bir batman* kümüş tölederin“ diýip, ýanymda bir adamy goýup gitdi. 40  Oňa⁠-⁠muňa güýmenip durkam, ýaňky adam ýitirim bolaýdy» diýdi. Şonda Ysraýyl patyşasy: «Indi jezaňy çekmeli bolarsyň, günä özüňde» diýdi. 41  Pygamber dessine gözündäki daňyny aýyrdy, Ysraýyl patyşasy onuň pygamberdigini+ bildi. 42  Pygamber Ahap patyşa ýüzlenip: «Ýehowa şeýle diýýär: „Sen meniň ölüme höküm eden adamymy goýberdiň+. Şonuň üçin onuň janyna derek seniň janyňy alaryn+, onuň halkyna derek seniň halkyňy gyraryn“»+ diýdi. 43  Şonda Ysraýyl patyşasy ýüzüni sallap, gamgyn halda Samariýa+ öýüne gaýtdy.

Çykgytlar

Ýagny indiki ýylyň ýaz pasly.
Ýagny ýaz pasly.
Sözme⁠-⁠söz: pyýada esgerini.
Ýa⁠-⁠da: wepaly söýgä baý.
Ýa⁠-⁠da: äht.
Sözme⁠-⁠söz: pygamber ogullarynyň.