Birinji Taryh 28:1—21

  • Dawudyň ybadathana hakda sözi (1—8)

  • Süleýmana berlen görkezme; ybadathananyň çyzgysy (9—21)

28  Dawut Ysraýyl baştutanlaryny: taýpa baştutanlaryny, patyşa gulluk edýän goşun bölümleriň serkerdelerini+, müňbaşylary we ýüzbaşylary+, patyşanyň mal⁠-⁠mülküne+ we ogullaryna+ seredýän baştutanlary, köşk emeldarlary, gaýduwsyz we başarjaň adamlary+ Iýerusalime ýygnady.  Dawut patyşa ýerinden turdy⁠-⁠da, şeýle diýdi: «Eý halkym, doganlarym, gulak asyň! Men Ýehowanyň äht sandygyny goýmak üçin, Hudaýyň aýagyna basgançak boljak öý gurmagy arzuw edipdim+. Gurluşyga gerek zatlary hem taýynladym+.  Emma hak Hudaý: „Adymy göterjek öýi sen gurmarsyň+, sebäbi köp söweşlere gatnaşyp, gan dökdüň“+ diýdi.  Ysraýyl Hudaýy Ýehowa atamyň hojalygyndan meni saýlap, Ysraýyla ebedilik patyşa etdi+. Ol Ýahudany baştutan edip saýlapdy+. Ýahuda taýpasyndan bolsa atamyň hojalygyny+, atamyň ogullarynyň arasyndan meni Ysraýyla patyşa belledi+.  Ýehowa maňa köp ogul berdi+. Ogullarymdan Süleýmany+ Ysraýylda Ýehowanyň şa tagtynda oturtmaga mynasyp gördi+.  Hudaý maňa: „Öýümi we howlularymy ogluň Süleýman gurar, ony oglum edip saýladym, men onuň atasy bolaryn+.  Eger ol meniň tabşyryklarymy we hökümlerimi häzirkisi ýaly yhlas bilen ýerine ýetirse+, patyşalygyny hiç wagt sarsdyrmaryn“+ diýdi.  Tutuş ysraýyl halkynyň, Ýehowanyň jemagatynyň, Hudaýymyzyň öňünde size diýýärin: Ýehowa Hudaýyň tabşyryklaryna gowy düşünjek boluň, olary birkemsiz ýerine ýetiriň. Şonda eşretli ýurdy+ geljekki nesilleriňize hemişelik miras edip galdyrarsyňyz.  Süleýman, oglum, senem ataň Hudaýyny gowy tanap, bütin ýüregiň bilen+, höwes bilen* gulluk et, sebäbi Ýehowa ýürekleri barlaýandyr+, ynsanyň her bir oý⁠-⁠pikirini we niýetini bilýändir+. Hudaýy agtarsaň, hökman taparsyň*+. Ýöne Hudaýdan ýüz öwürseň, ol hem senden hemişelik ýüz öwrer+. 10  Ine, Ýehowa ybadathana gurmagyň üçin, seni saýlady. Batyrgaý bol⁠-⁠da, işe başla». 11  Soňra Dawut ogly Süleýmana minaranyň+, otaglaryň, ammarlaryň, ýokarky otaglaryň, içki otaglaryň+ we günä geçilýän jaýyň* çyzgysyny berdi+. 12  Dawut Hudaýyň mukaddes ruhy arkaly Ýehowanyň ybadathanasynyň howlularyny+, daş⁠-⁠töweregindäki naharhanalary, hak Hudaýyň öýüniň hazynalaryny we Hudaýa bagyş edilen zatlar saklanýan hazynalary+ çyzypdy, çyzgylaryň ählisini Süleýmana berdi. 13  Şeýle⁠-⁠de ol ruhanylaryň+, lewileriň toparlary, Ýehowanyň öýünde ýerine ýetirmeli borçlary we Ýehowanyň öýünde ulanyljak gap⁠-⁠gaçlar hakda görkezme berdi. 14  Dawut her dürli gap⁠-⁠gaçlara näçe altyn⁠-⁠kümşüň gitjekdigini aýtdy. 15  Altyn⁠-⁠kümüş şemdanlaryň+ we şemleriň, başga⁠-⁠da her dürli şemdanlaryň we şemleriň agramyny, 16  hödür çöregi goýuljak stollaryň+ her birine näçe altynyň, kümüş stollara näçe kümşüň gitjekdigini, 17  sap altyndan çarşaklara, tabaklara, küýzelere, altyn⁠-⁠kümüş tabaklaryň+ her birine näçe altyn⁠-⁠kümşüň gitjekdigini, 18  tütetgi ojagyna*+ näçe sap altynyň gitjekdigini, altyn keruplara näçe sap altynyň gitjekdigini aýtdy. Ganatlaryny ýaýyp, Ýehowanyň äht sandygyna kölege salyp duran şol keruplar+ Hudaýyň arabasyny suratlandyrýardy+. 19  Dawut: «Ýehowa meni goldap*, ähli zady jikme⁠-⁠jik çyzar ýaly akyldarlyk berdi»+ diýdi. 20  Soňra Dawut ogly Süleýmana: «Batyrgaý hem dogumly bol⁠-⁠da, işe başla. Hiç zatdan gorkma, howsala düşme, Ýehowa Hudaýym seniň bilendir+. Ol seni taşlamaz, terk etmez+, Ýehowanyň öýüniň gurluşygy tamamlanýança, seni goldar. 21  Ruhanylar+ we lewiler+ hak Hudaýyň öýündäki borçlaryny ýerine ýetirer. Hemme zatdan başy çykýan ökde ussalar saňa kömek eder+. Baştutanlar+ bilen halk ähli buýrugyňy ýerine ýetirer» diýdi.

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: bütin janyň bilen. Sözlüge serediň: Jan.
Ýa⁠-⁠da: ol saňa özüni tapdyrar.
Ýa⁠-⁠da: gapagyň durýan otagynyň. Äht sandygynyň gapagy göz öňünde tutulýar.
Sözlüge serediň.
Sözme⁠-⁠söz: Ýehowanyň eli üstümde bolup.