Zebur 138:1—8

  • Beýik Ýehowa aladamyzy edýär

    • Çagyranymda jogap berdiň (3)

    • Howp abananda halas edersiň (7)

Dawudyň aýdymy. 138  Men bütin ýüregim bilen saňa alkyş aýdaryn+. Başga taňrylaryň gözüniň alnynda,Seniň şanyňa aýdym aýdaryn*.   Mukaddes ybadathanaňa bakyp sežde ederin+,Adyňa alkyş aýdaryn+.Sen söýgä* baý, wepaly Hudaýsyň. Sözüňi we adyňy ähli zatdan beýgeldýärsiň*.   Seni çagyran günüm maňa jogap berdiň+.Meni mert we güýçli etdiň+.   Ýehowa, ýer ýüzüniň patyşalary saňa alkyş aýdar+.Sebäbi beren wadalaryňy eşitdiler.   Olar Ýehowanyň işleri hakda aýdym aýdarlar,Sebäbi Ýehowanyň şan⁠-⁠şöhraty beýikdir+.   Ýehowa göklerde, ýöne pesgöwünlilere seredýär+,Tekepbirleri golaýyna⁠-⁠da getirmeýär+.   Janyma howp abananda, meni halas edersiň+. Gazaply duşmanlaryma el göterersiň.Sag eliň bilen meni halas edersiň.   Ýehowa maňa beren wadalaryny ýerine ýetirer. Ýehowa, wepaly söýgiň ebedidir+,Elleriň işinden ýüz öwürme+.

Çykgytlar

Başga manysy: Başga taňrylara garşy durup, seniň üçin saz çalaryn.
Ýa⁠-⁠da: wepaly söýgä.
Başga manysy: Sözüňi adyňdan hem beýgeldýärsiň.