Ikinji Taryh 16:1—14

  • Asanyň siriýalylar bilen ylalaşygy (1—6)

  • Hananýar Asany ýazgarýar (7—10)

  • Asa aradan çykýar (11—14)

16  Asanyň hökümdarlygynyň 36⁠-⁠njy ýylynda, Ysraýyl patyşasy Başa+ Ýahuda garşy söweşe çykdy. Ol Ýahuda patyşasy Asanyň+ ýurduna gelip gidýänleriň ýoluny ýapmak üçin, Rama galasyny+ dikeldip başlady.  Şonda Asa Ýehowanyň öýüniň we köşgüň hazynalaryndaky altyn⁠-⁠kümüşleri+ aldy⁠-⁠da, Damaskda ýaşaýan Siriýa patyşasy Benhadata+ iberip:  «Kakalarymyz hem, ikimiz hem ylalaşyk* baglaşypdyk. Ine şu altyn⁠-⁠kümüşleri saňa iberýärin. Gel⁠-⁠de, Ysraýyl patyşasy Başa bilen baglaşan ylalaşygyňy boz, goý, ol ýurdumdan yza çekilsin» diýip habar ýollady.  Benhadat Asa patyşanyň aýdyşy ýaly edip, goşun serkerdelerini Ysraýyl şäherlerine hüjüm etmäge iberdi. Olar gidip, Iýony+, Dany+, Abyl⁠-⁠maýymy we Naftaly topragyndaky ähli ammarly şäherleri basyp aldylar+.  Başa muny eşiden badyna, Ramany dikeltmegi goýbolsun etdi.  Asa patyşa bolsa Ýahuda ilatyny ýygnap, Başanyň gurluşykda+ ulanan daşlaryny we agaçlaryny Rama galasyndan+ daşatdy. Patyşa şol daşlar we agaçlar bilen Gebany+ hem⁠-⁠de Mispany+ dikeltdi.  Hananýar+ weli* Ýahuda patyşasy Asanyň ýanyna gelip: «Sen Ýehowa Hudaýa däl⁠-⁠de, Siriýa patyşasyna bil bagladyň. Şonuň üçin Siriýa patyşasynyň goşuny eliňden gaçyp gutuldy+.  Efiopiýalylaryň we liwiýalylaryň goşunynda ummasyz köp söweş arabalary we atly esgerleri bardy. Emma Ýehowa bil baglandygyň üçin, Hudaý olary eliňe beripdi+.  Ýehowa özüne ýürekden wepaly adamlara+ kömek etmek üçin ýer ýüzüne syn edýär+. Sen bolsa akmaklyk etdiň. Indi uruşdan gözüň açylmaz»+ diýdi. 10  Asa patyşa Hananýar weliniň aýdan zatlaryny halamady. Ol gahar⁠-⁠gazaba münüp, Hananýary zyndana* taşlady. Asa başga adamlara⁠-⁠da ýowuz daraşyp başlady. 11  Asanyň durmuşynda bolan wakalar Ýahuda we Ysraýyl patyşalarynyň kitabynda başdan⁠-⁠aýak ýazylandyr+. 12  Asa hökümdarlygynyň 39⁠-⁠njy ýylynda aýagagyrydan kösenip, ýagdaýy gitdigiçe erbetleşdi. Ýöne ol şonda⁠-⁠da Ýehowadan däl⁠-⁠de, tebiplerden kömek sorady. 13  Asa patyşa hökümdarlygynyň 41⁠-⁠nji ýylynda aradan çykdy+. 14  Asany Dawudyň şäherinde+ gazdyryp goýan uly mazarynda jaýladylar. Jesedini melhem ýagyndan we her dürli hoşboý ysly otlardan doly tabytda goýdular+. Soňra Asanyň hatyrasyna uly ot ýakyp, ýas tutdular.

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: äht.
Sözlüge serediň.
Sözme⁠-⁠söz: gandally jaýa.