Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Söweş arabalary we täç sizi gorar

Söweş arabalary we täç sizi gorar

«Eger siz Hudaýyňyz Rebbiň sözüni berk tutsaňyz,.. bu aýdylanlar amala aşar». ZAK. 6:15

AÝDYMLAR: 17, 136

1, 2. Zakarýa ýedinji görnüşini görende, Iýerusalimdäki ýehudylaryň ýagdaýy nähilidi?

ÝEDINJI görnüşiň soňunda Zakarýa pygamber çuňňur oýa batýar. Ýehowa erbetleriň edýän zalym işleri üçin jezasyny çekjekdigini söz beripdi. Hudaýyň bu wadasy Zakarýa pygamberi berkiden bolmaly. Emma hiç hili üýtgän zat ýokdy. Halk henizem adalatsyz we zalym işleri edýärdi. Iýerusalimdäki Ýehowanyň ybadathanasy bolsa gurlup gutarylmandy. Ýehudylar Hudaýyň tabşyran bu jogapkärli işinden nädip şeýle çalt ýüz öwrüp bildilerkä? Eýsem, olar watanyna öz bähbitleri üçin dolandylarmy?

2 Zakarýa Iýerusalime dolanan erkekdir aýallaryň imanynyň berkdigini bilýärdi. Olar howpsuz öýünden we öz şahsy bähbitlerinden geçmek üçin, «Hudaý tarapyndan kalby oýarylan» adamlardy (Ezra 1:2, 3, 5). Bu adamlaryň köpüsi ýaşaýan ýerini goýup, öň hiç haçan görmedik topragyna göçdüler. Eger olar Ýehowanyň ybadathanasyny dikeltmegiň wajypdygyna düşünmedik bolsalar, onda howply ýerlerden geçip, 1 600 km ýoly sökerdilermi?

3, 4. Watanyna dolanan ýehudylar nähili garşylyklara uçradylar?

3 Bu syýahat nähili bolduka? Ýehudylar ýolda barýarkalar, täze öýlerini göz öňüne getirip, sagatlap pikir eden bolmaly. Olar Iýerusalimiň öň owadan şäher bolandygy hakda eşidendirler. Halkyň arasynda ybadathananyň şöhratyny gören ýaşy bir çene ýeten adamlar hem bardy (Ezra 3:12). Eger siz olaryň arasynda bolan bolsaňyz, ilkinji gezek täze öýüňize, ýagny Iýerusalime gözüňiz düşende, özüňizi nähili duýardyňyz? Siz şäheriň harabaçylyga öwrülendigini we haşal ot basyp gidendigini görüp, gynanardyňyzmy? Onuň ýumrulyp ýatan derwezelerini we garawul diňlerini Wawilonyň iki gat beýik diwarlary bilen deňeşdirerdiňizmi? Emma Hudaýyň halky uzak syýahatyň dowamynda onuň halas ediji güýjini görendikleri üçin gurluşyk işine başlamagy berk ýüregine düwüpdiler. Şol sebäpli olar, ilki bilen, öňki ybadathananyň ýerinde gurbanlyk sypasyny ýasap, Ýehowa her gün gurban getirip başlaýarlar (Ezra 3:1, 2). Olaryň başdaky hyjuwy işden elini asla sowatmajak ýalydy.

4 Ybadathanadan başga-da olar ýumrulan şäherleri hem dikeltmelidiler. Olar öz öýlerini, ekin meýdanlaryny dikeldip, maşgalalaryny eklemek üçin köp zähmet çekmelidiler (Ezra 2:70). Hawa, edilmeli iş gaty köpdi. Emma biraz wagtdan olar ýowuz garşylyga duçar bolýarlar. Başda olar berk durmagy ýüregine düwen hem bolsalar, 15 ýyl dowam eden garşylyklar olarda erbet yz galdyrdy (Ezra 4:1—4). B. e. öň 522-nji ýylda Pars patyşasynyň Iýerusalimde alnyp barylýan gurluşyk işlerini togtatmagy olara has-da erbet täsir etdi. Hamala, şäher indi gaýdyp dikeldilmejek ýaly bolup görünýärdi (Ezra 4:21—24).

5. Ýehowa halkynyň işden eliniň sowandygyny görende näme etdi?

5 Ýehowa öz halkynyň nämä mätäçdigini gowy bilýärdi. Şol sebäpli ol halkyny söýýändigini görkezmek we gurluşygy dowam etseler, olary gorajakdygyna kepil geçmek üçin Zakarýa pygambere ýene bir görnüş berýär. Ybadathananyň dikeldiljekdigi barada Ýehowa şeýle wada berdi: «Eger siz Hudaýyňyz Rebbiň sözüni berk tutsaňyz, gurluşyk babatda bu aýdylanlar amala aşar» (Zak. 6:15).

PERIŞDELERIŇ GÜÝJÜNE EÝE BOLAN ATLYLAR

6. a) Zakarýanyň gören sekizinji görnüşiniň başynda näme barada aýdylýar? b) Atlaryň reňkleri näme üçin bir-birinden tapawutlanýar?

6 Zakarýanyň gören sekizinji görnüşi biziň imanymyzy has-da berkitse gerek (Zakarýa 6:1—3-nji aýatlary okaň) *. Onda iki bürünç dagyň arasyndan dört söweş arabasynyň çykyp gelýändigi aýdylýar. Dürli reňkdäki atlar söweşmäge barýan bolmaly. Bu atlylary bir-birinden tapawutlandyrmaga kömek edip bilerdi. Zakarýa pygamber geň galyp, perişdeden: «Bular näme?» diýip soraýar (Zak. 6:4). Biz hem bu görnüşiň näme aňladýandygyny bilmek isleýäris. Sebäbi ol bize-de gönüden-göni täsir edýär.

Ýehowa henizem perişdeleri arkaly halkyny goraýar we berkidýär

7, 8. a) Görnüşdäki iki dag nämäni aňladýar? b) Daglar näme üçin bürünçden ýasalan?

7 Mukaddes Ýazgylarda daglar patyşalyklary ýa-da hökümetleri aňladýar. Zakarýanyň gören görnüşindäki iki dag Danyýeliň pygamberliginde hem agzalýar. Daglaryň biri Ýehowanyň çäksiz beýik we ebedi hökümdarlygyny, beýlekisi bolsa Isanyň ýolbaşçylygyndaky Mesihi Patyşalygy aňladýar (Dan. 2:35, 45). 1914-nji ýylyň güýzünde Isa patyşalyk tagtyna çykandan bäri, bu iki dag Hudaýyň ýer babatdaky niýetiniň amala aşmagynda esasy orun eýeleýär.

8 Daglar näme üçin bürünçden ýasalandy? Sebäbi bürünç hem edil altyn ýaly gymmatbaha metal hasaplanýardy. Ýehowa çadyryň, soňra ybadathananyň gurluşygynda hem bürünç ulanmagy tabşyrypdy (Müs. çyk. 27:1—3; 1 Pat. 7:13—16). Diýmek, bürünç daglar Ýehowanyň hökümdarlygynyň we Mesihi Patyşalygyň täsin aýratynlygyny suratlandyrýar. Bu iki Patyşalyk hakyky howpsuzlygy üpjün edip, bütin adamzada bereket getirer.

9. Atlylar kim we olara nähili ýumuş tabşyryldy?

9 Geliň, ýene-de söweş arabalaryna dolanalyň. Bu arabalar we atlylar nämäni aňladýar? Atyň üstünde oturan adamlar perişdeleri, ýagny perişdelerden ybarat topary ýa-da goşuny aňladýar (Zakarýa 6:5—8-nji aýatlary okaň) *. Olar ýörite tabşyrygy ýerine ýetirmek üçin «bütin ýer ýüzüniň Taňrysynyň huzuryndan çykýar». Olara nähili tabşyryk berildikä? Söweş arabalary we atlylar özlerine tabşyrylan ýere gidýärler. Olar Ýehowanyň halkyny, esasan-da, demirgazykdaky «ýurtdan», ýagny Wawilondan goramalydy. Şeýdip, Ýehowa Wawilonyň gaýdyp hiç haçan halkyna sütem etmejekdigine ynandyrdy. Bu Zakarýanyň günlerinde ybadathanany gurmaga gatnaşan adamlara, gör, nähili teselli berendir! Olar duşmanlarynyň haýbatyndan asla gorkmaly däldiler.

10. Görnüşdäki söweş arabalar we atlylar şu günler Hudaýyň halkyny nämä ynandyrýar?

10 Zakarýanyň günlerinde Ýehowa halkyny goramak we berkitmek üçin perişdelerini ulanýardy (Mal. 3:6; Ýew. 1:7, 14). Ruhy ysraýyl 1919-njy ýylda Beýik Wawilonyň gulçulygyndan azat edilenden bäri, üznüksiz yzarlamalara uçrasa-da, hakyky sežde gitdigiçe gülläp ösýär (Ylh. 18:4). Perişdeleriň bizi goraýandygy üçin, Ýehowanyň guramasy ýene-de ruhy taýdan zyýan çeker diýip gorkmaly däl (Zeb. 34:7). Gaýtam, biz Hudaýyň gullukçylarynyň mundan beýläk hem ruhy taýdan ösjekdigine doly ynanyp bileris. Zakarýanyň gören görnüşi barada oýlananymyzda, özümiziň iki dagyň kölegesi, ýagny goragy astyndadygymyza şübhelenmän bileris.

11. Hudaýyň halkyna hüjüm edilende, biz näme üçin gorkmaly däl?

11 Hudaýyň halkyny ýok etjek bolýan Şeýtanyň dünýäsindäki syýasy guramalaryň tizden soňy geler (Ezek. 38:2, 10—12; Dan. 11:40, 44, 45; Ylh. 19:19). Ezekiýeliň pygamberliginde olar «ýer ýüzüni gaplaýan bulut kimin» güýçli gahar-gazap bilen üstümize gelýändigi suratlandyrylýar (Ezek. 38:15, 16) *. Onda biz olardan gorkmalymy? Elbetde, ýok. Sebäbi biziň arkamyzda perişdeleriň güýjüne eýe bolan atlylar dur. Agyr muşakgatda boljak şol gorkunç günde goşunlar Hudaýy Ýehowa bizi halas etmek we hökümdarlygyna garşy çykýanlary ýok etmek üçin perişdelerden ybarat goşunyny ýollar (2 Sel. 1:7, 8). Şol gün Hudaý beýik güýjüni aýan eder! Eýsem, Ýehowanyň gökdäki goşunyna kim ýolbaşçylyk edýärkä?  

ÝEHOWANYŇ BELLÄN PATYŞASY WE RUHANYSY

12, 13. a) Zakarýa nähili ýumuş tabşyrylýar? b) Pygamberlikde agzalýan «Şahanyň» Isa Mesihi aňladýandygyny düşündiriň.

12 Zakarýa pygamber sekiz görnüşi hem görensoň, Hudaýyň ybadathanasyny dikeldýän adamlary ruhlandyrmaga gatnaşýar (Zakarýa 6:9—12-nji aýatlary okaň) *. Ýehowa Zakarýa pygambere «Babyl sürgüninden gaýdyp gelen Heldaýdan, Tobyýadan hem-de Ýedaýadan altyn-kümüş ýygnap», ondan bir täç ýasamagy tabşyrýar (Zak. 6:11). Täjiň ýahuda taýpasyndan we Dawudyň neslinden bolan Zerubabeliň başyna geýdiriljekdigi aýdyldymy? Ýok. Şonuň üçin Zakarýa ony baş ruhany Ýeşuwanyň başyna geýdirende, adamlar juda geň galan bolmaly.

13 Täjiň baş ruhany Ýeşuwa geýdirilmegi onuň patyşa bolandygyny aňladýarmy? Elbetde, ýok. Sebäbi ol Dawudyň neslinden däldi. Şonuň üçin patyşa bolmaga hiç hili hukugy ýokdy. Onuň başyna täç geýdirilmeginiň pygamberlik manysy bolup, gelejekki patyşany we baş ruhanyny suratlandyrýardy. Oňa «Şaha» ýa-da «Baldak» diýilýär. Mukaddes Ýazgylardaky pygamberliklere görä, bu Şahanyň Isa Mesihi aňladýandygy aýdyň görünýär (Iş. 11:1; Mat. 2:23, çykgyt).

14. Patyşa we Baş ruhany hökmünde Isa nähili işi ýerine ýetirýär?

14 Patyşa we Baş ruhany hökmünde Isa Ýehowanyň gökdäki goşunyna ýolbaşçylyk edýär. Şol sebäpli ol duşmanlaryň üznüksiz garşylyklaryna garamazdan, Hudaýyň halkynyň howpsuzlygy barada ýürekden alada edýär (Ýer. 23:5, 6). Tizden Isa Hudaýyň hökümdarlygyny goldaýan we onuň halkynyň tarapyny tutýan adamlary goramak üçin söweşer (Ylh. 17:12—14; 19:11, 14, 15). Emma Hudaýyň çykaran hökümini amala aşyrmazdan öň, Isa ägirt uly işi berjaý etmeli.

OL YBADATHANANY GURAR

15, 16. a) Soňky günlerde nähili dikeldiş we arassalaýyş işi alnyp baryldy we muny kim etdi? b) Mesihiň Müňýyllyk hökümdarlygynyň ahyrynda näme bolar?

15 Patyşa hem-de Baş ruhany edip bellenen Isa «(Ýehowanyň) ybadathanasyny gurmalydy» (Zakarýa 6:13-i okaň) *. Ol 1919-njy ýylda hakyky seždäniň tarapdarlaryny Beýik Wawilonyň gulçulygyndan azat edip we mesihçiler ýygnagyny täzeden dikeltmek bilen, bu gurluşyk işini amala aşyrýar. Şeýle-de ol arassa seždä ýolbaşçylyk etjek «wepaly we paýhasly hyzmatkäri» belledi (Mat. 24:45). Mundan başga-da Isa Hudaýyň halkyny arassalap, oňa ýaramly sežde etmäge kömek edýär (Mal. 3:1—3).

16 Müňýyllyk Patyşalygynda Isa 144 müň egindeşleri bilen patyşalar we ruhanylar hökmünde wepaly adamlara kämillige ýetmäge kömek eder. Şonda ýer ýüzi erbetlikden doly arassalanyp, diňe Hudaýyň hakyky gullukçylary galar. Şeýdip, hakyky sežde doly dikeldiler.

GURLUŞYK IŞINE ÖZ GOŞANDYŇY GOŞMAK

17. Ýehowa halkyny nämä ynandyrdy we bu olara nähili täsir etdi?

17 Zakarýanyň habary ýehudylara nähili täsir etdi? Ýehowa gurluşyk tamamlanýança, olary gorap, aladasyny etjekdigini söz berdi. Bu olaryň ejiz kalbynda täzeden umyt döretdi. Ýöne az sanly adam ägirt uly gurluşyk işini amala aşyryp bilermi? Zakarýanyň indiki aýdan sözleri olaryň ýüregindäki gorkyny we şübhäni sogrup taşlady. Hudaý wepaly gullukçylary Heldaý, Tobyýa hem-de Ýedaýadan başga-da köp adamlaryň «Rebbiň ybadathanasynyň gurluşygyna kömek etjekdigini» aýtdy (Zakarýa 6:15-i okaň) *. Ýehowanyň kömek etjekdigine bolan güýçli ynam bilen ýehudylar derrew gurluşyk işine başladylar we b. e. öň 515-nji ýylda ybadathanany doly gurup gutardylar (Ezra 6:22; Zak. 4:6, 7). Emma Ýehowanyň aýdan sözleri biziň günlerimizde has uly gurluşyk işiniň alnyp baryljakdygyny görkezýär.

Ýehowa adyna görkezýän söýgiňizi hiç haçan unutmaz! (18, 19-njy abzaslara serediň)

18. Zakarýa 6:15-däki sözler şu günler nädip ýerine ýetýär?

18 Şu günler millionlarça adamlar hakyky seždä goşulyp, Ýehowanyň beýik ruhy ybadathanasyny goldamak üçin wagtyny, güýjüni we serişdesini sarp edýärler hem-de ýürekden çykaran «hasylynyň ilkinji miwesini» getirýärler (Sül. tym. 3:9). Biziň bu işi goldamak üçin edýän tagallamyzy Ýehowanyň gymmat saýýandygyna näme üçin ynamly bolup bileris? Ýadymyzda bolsa, Heldaý, Tobyýa hem-de Ýedaýa dagylar täç ýasamak üçin Zakarýa pygambere altyn-kümüş getiripdiler. Bu täç hakyky seždäni goldamak üçin olaryň goşant goşandygyny ýatladýardy (Zak. 6:14). Şonuň ýaly Ýehowa biziňem çekýän zähmetimizi we söýgimizi hiç haçan unutmaz (Ýew. 6:10). Olar Ýehowanyň egsilmez ýadynda ebedi saklanyp galar.

19. Zakarýanyň gören görnüşi bize nähili täsir edýär?

19 Şu soňky günlerde hakyky seždäniň hatyrasy üçin alnyp barylýan işleriň ählisi Ýehowanyň hem-de Isanyň bizi goldaýandygyny aýdyň subut edýär. Biz durnukly, howpsuz we ebedi durjak guramanyň agzalary. Ýehowanyň arassa seždäni doly dikeltmek baradaky niýeti hökman «amala aşar». Şonuň üçin Ýehowanyň guramasynda tutýan ornumyzy gymmat saýalyň we «Hudaýymyz Rebbiň sözüni berk tutmagymyzy» dowam edeliň. Şonda biz Patyşamyzyň we Baş ruhanymyzyň hem-de gökdäki atlylaryň goragynda galyp bileris. Şol sebäpli hakyky seždäni goldamak üçin elimizde baryny edeliň. Eger şeýle etsek, goşunlar Hudaýy Ýehowanyň bizi şu soňky günlerde we ebedi gorajakdygyna ynanyp bileris!

^ abzas 6 Zakarýa 6:1 Men ýene-de seredip durkam, iki dagyň arasyndan çykyp gelýän dört söweş arabasyny gördüm. Ol daglar bürünçdendi. 2 Arabalaryň birine dor atlar, beýlekisine gara atlar, 3 üçünji birine ak atlar, soňkusyna bolsa güýçli gyr atlar goşulandy.

^ abzas 9 Zakarýa 6:5 Perişde: «Bular bütin ýer ýüzüniň Taňrysynyň huzuryndan çykýan gögüň dört ruhudyr. 6 Gara atlara goşulan araba ýurduň demirgazygyna, ak atlara goşulan araba olaryň yzyndan gidýär, gyr atlara goşulan araba bolsa günorta gidýär» diýdi. 7 Gyr atlar gidip, ýer ýüzüni aýlanmak isleýärdiler. Perişde: «Baryň, ýer ýüzüni aýlanyň» diýdi. Olar ýer ýüzüne aýlandylar. 8 Soňra ol meni çagyryp: «Seret, demirgazyk ýurda giden atlar ol ýerde Meniň gaharymy köşeşdirdiler» diýdi.

^ abzas 11 Köpräk bilmek üçin 2015-nji ýylyň 15-nji maýynda çykan «Garawul diňindäki» «Okyjylaryň sowallary» (sah. 29, 30) atly makala serediň.

^ abzas 12 Zakarýa 6:9 Maňa Rebbiň şu sözi aýan boldy: 10 «Şu gün Sepanýanyň ogly Ýoşyýanyň öýüne git-de, Babyl sürgüninden gaýdyp gelen Heldaýdan, Tobyýadan hem-de Ýedaýadan altyn-kümüş ýygna. 11 Ýygnan altyn-kümşüňden bir täç ýasap, ony Ýehosadagyň ogly baş ruhany Ýeşuwanyň başyna geýdir. 12 Hökmürowan Reb şuny jar edýär diý: „Ine, Şaha diýen adam. Ol öz ornundan şahalar çykarar we Rebbe ybadathana gurar“».

^ abzas 15 Zakarýa 6:13 Hawa, Rebbe ybadathana gurjak şoldur. Ol şalyk şöhratyny gazanar, tagtynda oturyp şalyk sürer. Onuň tagtynyň ýanynda ruhany bolar we ol ikisiniň arasynda ylalaşykly maslahat bolar.

^ abzas 17 Zakarýa 6:15 Uzakda ýaşaýanlar hem gelip, Rebbiň ybadathanasynyň gurluşygyna kömek ederler. Şeýlelikde, siziň ýanyňyza meni Hökmürowan Rebbiň iberendigini bilersiňiz. Eger siz Hudaýyňyz Rebbiň sözüni berk tutsaňyz, gurluşyk babatda bu aýdylanlar amala aşar.