Ýewreýler 6:1—20

  • Ruhy taýdan ösmäge jan edeliň (1—3)

  • Imandan dänip, Ogly gaýtadan pürse çüýlediler (4—8)

  • Umytda bolmak (9—12)

  • Hudaý wadasyny hökman berjaý eder (13—20)

    • «Hudaý wadasyna kepil geçmek üçin ant içdi» (17, 18)

6  Şonuň üçin, geliň, diňe bir Mesih hakdaky esasy taglymatlary öwrenmek bilen çäklenmän+, eýsem ruhy taýdan ösmäge jan edeliň+. Şeýle⁠-⁠de esasy taglymatlary, ýagny günäli işlere toba etmek, Hudaýa iman etmek,  suwa çümdürilmek, biriniň üstüne el goýmak+, direliş+ we ebedi höküm barada gaýta⁠-⁠gaýta öwrenip ýörmäliň.  Eger Hudaý halasa, biz ruhy taýdan öseris.  Käbirleri öň ýagtylygy kabul edip+, gökdäki sylagdan we mukaddes ruhdan datdylar.  Hudaýyň ýagşy sözüniň peýdasyny, geljekki dünýäniň* bereketlerini* gördüler.  Şonda⁠-⁠da olar imandan dändiler+. Olary hiç kim gaýtadan toba etdirip bilmez, sebäbi olar Hudaýyň Ogluny ýene⁠-⁠de pürse çüýläp, adamlaryň öňünde masgara edýärler+.  Toprak hem ýagşyň suwundan ganyp, Hudaýdan bereket alýandyr, daýhana hasyl berýändir.  Eger melleginde tikenek we ýandak gögerse, daýhanyň göwni geçip, gargap başlar. Soňunda bolsa tutuş mellegini otlar.  Eziz doganlar, şeýle zatlary aýtmaly bolsak⁠-⁠da, siziň ýagdaýyňyz imandan dänenleriňkiden has gowy, sebäbi siz gutulyşa mynasyp işleri edýärsiňiz. 10  Siz mukaddeslere häzire çenli hyzmat edip gelýärsiňiz. Hudaý şol işleriňizi we adyna bildiren söýgiňizi+ unutmaz. Sebäbi ol adalatsyz däldir. 11  Mundan beýläk⁠-⁠de şeýle yhlasly boluň, şonda umydyňyzy+ soňuna çenli saklap bilersiňiz+. 12  Şonuň üçin ýalta bolmaň⁠-⁠da+, iman ediň, sabyrly boluň, wadalary miras alan adamlardan görelde alyň. 13  Hudaý Ybraýyma wada berende, öz adyndan ant içipdi+, sebäbi özünden beýik hiç kim ýok. 14  Şonda ol: «Saňa ak pata berip, nesliňi köpelderin»+ diýipdi. 15  Sabyrly bolany üçin, Ybraýyma wada berildi. 16  Adamlar bir zady söz berse, has uly biriniň adyndan ant içip, jedeli ýatyrýar we sözüne kepil geçýär+. 17  Hudaý hem wadasyna kepil geçmek* üçin ant içip, wadany miras aljaklara+ niýetiniň üýtgemeýändigini has⁠-⁠da aýdyň görkezdi. 18  Şeýlelikde, Hudaýyň beren wadasy we içen anty üýtgeýän däldir, sebäbi ol ýalan sözläp bilmez+. Şonuň üçin biz Hudaýyň penasynda* gizlenip, has⁠-⁠da ruhlanyp bileris we berlen umyda berk ýapyşarys. 19  Şol umyt+ gämini saklaýan labyr kimindir, janymyzy berk hem ynamly saklaýandyr. Şol umyt tutynyň aňyrsyna geçirýändir+. 20  Biziň üçin tutynyň aňyrsyna ilkinji bolup Isa geçdi+. Ol Mäliksadyk ýaly ebedilik baş ruhany boldy+.

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: döwrüň. Sözlüge serediň.
Sözme⁠-⁠söz: güýçlerini.
Sözme⁠-⁠söz: araçy bolmak.
Sözme⁠-⁠söz: gaçybatalgasynda.