Matta 2:1—23

  • Müneçjimler gelýär (1—12)

  • Müsüre gaçýarlar (13—15)

  • Hirodes çagalary öldürýär (16—18)

  • Nazarete dolanýarlar (19—23)

2  Hirodesiň* höküm süren döwri+ Ýahudanyň Beýtullaham şäherinde+ Isa doguldy. Birnäçe wagtdan Gündogardan Iýerusalime müneçjimler gelip:  «Ýehudylaryň patyşasy boljak oglan nirede?+ Biz Gündogarda onuň ýyldyzyny görüp, tagzym etmäge geldik» diýdiler.  Muny eşidip, Hirodes patyşa we Iýerusalimiň halky howsala düşdi.  Hirodes uly ruhanylaryň we kanunçylaryň ählisini ýygnap, Mesihiň* nirede dünýä inmelidigini sorady.  Olar şeýle diýdiler: «Ol Ýahudanyň Beýtullaham şäherinde+ dogulmaly, sebäbi şeýle pygamberlik bar:  „Eý Ýahudanyň Beýtullaham şäheri, Ýahuda hökümdarlary üçin sen asla kiçi dälsiň. Sebäbi ysraýyl halkymyň çopany boljak hökümdar senden dörär“»+.  Hirodes müneçjimleri gizlinlikde ýanyna çagyryp, ýyldyzy haçan görendiklerini çintgäp sorady.  Soňra olary Beýtullahama ýollap, şeýle diýdi: «Baryň, çagany gowuja gözläň. Tapsaňyz, maňa habar beriň, meniň hem tagzym edesim gelýär».  Olar patyşanyň aýdanlaryny diňläp, ýola düşdüler. Gündogarda görnen ýyldyz+ ýol görkezip, çaganyň bolýan öýüniň üstünde saklandy. 10  Olar ýyldyzyň durandygyny görüp, örän begendiler. 11  Müneçjimler öýe girip, çagany we ejesi Merýemi gördüler. Olar çaga tagzym edip, altyn, ladan*, mür* sowgat berdiler. 12  Emma Hudaý müneçjimleriň düýşüne girip+, Hirodesiň ýanyna barmaň diýdi. Olar hem ýurduna başga ýol bilen dolandylar. 13  Müneçjimler gidensoň, Ýehowanyň* perişdesi Ýusubyň düýşüne girip+: «Tur, çagany, aýalyňy al⁠-⁠da, Müsüre gaç, näme etmelidigini aýdýançam, şol ýerde bol. Sebäbi Hirodes çagany tapyp öldürjek bolýar» diýdi. 14  Ýusup ukudan oýanyp, şol gije çagany we aýalyny alyp, Müsüre gitdi. 15  Ol Hirodes aradan çykýança, şol ýerde boldy. Şeýdip, Ýehowanyň* pygamber arkaly: «Men oglumy Müsürden çagyrdym»+ diýen sözleri ýerine ýetdi. 16  Hirodes müneçjimleriň aldandygyny bilip, gahar⁠-⁠gazaba mündi. Ol Beýtullahama we onuň daş⁠-⁠töweregine nökerlerini iberip, müneçjimleriň aýdan wagtyna görä+, iki ýaşa çenli oglanlaryň ählisini öldürtdi. 17  Şonda Ýermeýa pygamberiň aýdan sözleri ýerine ýetdi: 18  «Rama şäherinde agy sesi, dady⁠-⁠perýat eşidilýär. Rahel+ ogullary üçin aglaýar, teselli sözlerini diňlemeýär, indi onuň ogullary ýok»+. 19  Hirodes ölenden soň, Ýehowanyň* perişdesi Müsürde ýaşaýan Ýusubyň düýşüne girip+: 20  «Tur, çagany we aýalyňy alyp, Ysraýyl topragyna dolan, sebäbi çagany öldürjek bolan adamlar aradan çykdy» diýdi. 21  Şonda ol çagany we aýalyny alyp, Ysraýyla dolandy. 22  Hirodesiň ýerine ogly Arhelasyň patyşa bolandygyny eşidende, Ýusup Ýahuda barmaga gorkdy. Emma düýşünde Hudaýdan duýduryş alyp+, Jelile etrabyna gitdi+. 23  Ýusup Nazaret şäherine baryp ornaşdy+. Şeýdip, pygamberleriň: «Oňa nazaretli*+ diýerler» diýen sözleri ýerine ýetdi.

Çykgytlar

Sözlüge serediň.
Ýa⁠-⁠da: belleneniň; saýlananyň. Sözlüge serediň: Saýlanmak.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Ýewreýçe baldak sözünden gelip çykan bolmaly.