Esasy materiala geçiň

Ýehowanyň Şaýatlarynda duşuşmak babatda belli bir düzgünler barmy?

Ýehowanyň Şaýatlarynda duşuşmak babatda belli bir düzgünler barmy?

 Ýehowanyň Şaýatlary Mukaddes Kitapdaky kada-kanunlaryň we tabşyryklaryň Hudaýa ýaraýan hem-de dogry karara gelmäge kömek edýändigine ynanýarlar (Işaýa 48:17, 18). Biz bu kada-kanunlary özümiz oýlap tapmasak-da, olara eýerip ýaşaýarys. Geliň, duşuşmak meselesine degişli käbir prinsiplere seredeliň a.

  •   Nika — iki adamyň ömürlik birikmegi (Matta 19:6). Ýehowanyň Şaýatlary duşuşmagyň maşgala gurmaga taýýarlykdygyna düşünip, oňa çynlakaý garaýarlar.

  •   Durmuş gurmaga ýaşy ýeten we «ýaşlyk höwesleri», ýagny jynsy höwesleriniň güýjeýän döwri geçen adamlar duşuşyp bilýärler (1 Korinfliler 7:36).

  •   Ýanýoldaşy bolmadyk adamlar duşuşmak kararyna gelip biler. Käbir adamlar ýanýoldaşy bilen zynadan başga sebäbe görä kanun esasynda aýrylyşsalar-da, Hudaýyň gözünde täzeden durmuş gurup bilmeýärler (Matta 19:9).

  •   Durmuş gurmak isleýän mesihçi öz imandaşlarynyň arasyndan ýanýoldaş saýlamaly (1 Korinfliler 7:39). Ýehowanyň Şaýatlary bu tabşyryga görä, durmuş gurjak adamynyň diňe bir garaýşyna hormat goýman, eýsem, suwa çümdürilip, iman edýän zadyna eýerip ýaşamalydygyna düşünýärler (2 Korinfliler 6:14). Hudaý gullukçylaryna diňe imandaşy bilen durmuş gurmalydygyny aýdýar (1 Musa 24:3; Melek 2:11). Häzirki geçirilýän barlaglara görä, bu tabşyryk şu günlerem köp peýda berýär b.

  •   Çagalar ene-atasyna gulak asmaly (Nakyllar 1:8; Koloslylar 3:20). Bu tabşyryga görä, ene-atasy bilen ýaşaýan çagalar duşuşmak babatda olaryň gelen kararyna görä hereket etmeli. Meselem, ene-atalar oglunyň ýa-da gyzynyň näçe ýaşynda duşuşmalydygyny we duşuşykda nämelere ýol berilmelidigini çözüp biler.

  •   Mukaddes Kitapdaky prinsiplere görä, her bir mesihçi duşuşmalydygyny we kim bilen duşuşmalydygyny özi çözüp bilýär. Bu «her kim öz jogapkärçiligini özi çekmelidir» diýen prinsipe esaslanýar (Galatýalylar 6:5). Dogrudan-da, duşuşmak barada karara gelmeli bolanda mesihçileriň köpüsi paýhasly hereket edýärler. Olar ruhy taýdan ösen imandaşlaryndan maslahat soraýarlar (Nakyllar 1:5).

  •   Duşuşyk döwri edilýän işleriň köpüsi günä hasaplanýar. Meselem, Mukaddes Kitapda ahlaksyzlykdan gaça durmak maslahat berilýär. Muňa diňe bir ýanýoldaşy bolmadyk adam bilen jynsy gatnaşyk etmek däl-de, eýsem, oral (agyz), anal (täret deşigi) jynsy gatnaşygy we är-aýal bolmazdan biri-biriniň jynsy organlaryny oýnamak degişlidir (1 Korinfliler 6:9—11). Durmuş gurmadyk adamlar jynsy gatnaşyk etmeseler-de, biri-biriniň duýgusyny oýarýan hereketleri edýärler. Bu bolsa Hudaýa ýaramaýan «azgyn» işler hasaplanýar (Galatýalylar 5:19—21). Şeýle-de Mukaddes Kitapda «gelşiksiz sözleri» aýtmak hem ýazgarylýar (Koloslylar 3:8).

  •   Adamyň ýüregi ýa-da içki dünýäsi hilegär (Ýermeýa 17:9). Şol sebäpli adam nädogrudygyny bilse-de, günäli işleri edip bilýär. Duşuşyk döwri günä etmäge iterýän zatlara ýol bermezlik üçin ahlaksyzlyga eltýän ýagdaýlardan gaça durmaly. Olar seresaply bolmak üçin paýhasly hereket edip biler. Meselem, olar uly ýaşly dostlarynyň ýanynda ýa-da ýanlarynda ýene bir adam bolanda duşuşyp biler (Nakyllar 28:26). Durmuş gurmak isleýän mesihçiler Internet üsti bilen tanyşlygyň we doly tanamaýan adamy bilen ýakyndan gatnaşyk saklamagyň howpludygyny unutmaly däl (Zebur 26:4).

a Käbir ýerlerde duşuşmak ýerlikli hasaplansa, käbirlerinde ýazgarylýar. Mukaddes Kitapda hökman duşuşmalydygy ýa-da durmuş gurmak üçin munuň wajypdygy barada aýdylmaýar.

b Bir žurnalda maşgala we nika barada şeýle diýilýär: «Geçirilen barlaglaryň üçüsinde, är-aýallaryň dini ynançlary we garaýyşlary deň gelse, nikany azyndan 25—50 ýyla çenli berk saklap bolýandygy anyklandy» (2005-nji ýylda çykan «Marriage & Family Review» žurnalynyň 38-nji tomunyň, 1-nji sanynyň, 88-nji sahypasy).