Nakyllar 28:1—28

  • Gulak asmaýanyň dogasy ýigrenjidir (9)

  • Günäsini boýun alýana rehim ediler (13)

  • Baýlygyň yzynda hars urýan günäsiz galmaz (20)

  • Adama ýalňyşyny aýtsaň minnetdar bolar (23)

  • Garyplaryň hossary mätäçlik çekmez (27)

28  Erbet kowalamasaň⁠-⁠da gaçýar,Hudaýhon şir kimin mertdir+.   Ýurtda gozgalaň tursa, yzly⁠-⁠yzyna hökümdary çalşar+,Parasatly* we bilimli adam bilen maslahatlaşsa,Patyşa uzak höküm sürer+.   Ejiziň hakyny iýýän garyp+,Hasyly süpürip äkidýän sil ýalydyr.   Kanuny bozýanlar erbede alkyş aýdýar,Kanuna eýerýänleriň olara gahary gelýär+.   Zalym adam adalata düşünmez,Ýehowany gözleýän adam ähli zada akyl ýetirer+.   Ýalançy baý adamdan,Halal ýaşaýan* garyp ýagşydyr+.   Düşünjeli ogul kanuny berjaý edýär,Hajymelikler* bilen tirkeşýän adamAtasynyň ýüzüni ýere salýar+.   Süýthoruň göterimine berip+ toplan baýlygy,Garyplara howandarlyk edýäne galýar+.   Kanuna gulak asmaýanyňDogasy⁠-⁠da ýigrenjidir+. 10  Dogruçyllary ýoldan çykaran adamGazan çukuryna özi gaçýar+.Emma akýüreklileriň görjegi gowulyk bolar+. 11  Baý özüne akyllydyryn öýdýär+,Parasatly* garyp synçydyr, onuň içini bilýär+. 12  Dogruçyllar üstün çyksa, halk şatlanar,Erbetler tagta çyksa, halk bukular+. 13  Günäsini gizleýän üstünlik gazanmaz+,Günäsini boýun alyp, toba edene rehim ediler+. 14  Hudaýdan gorkýanlar bagtlydyr,Doňýürekler heläkçilige uçrar+. 15  Halkyny ezýän hökümdarArlaýan arslan, topulýan aýy ýalydyr+. 16  Parasatly* bolmadyk serdar zorluk⁠-⁠sütem edýär+,Haram gazanjy ýigrenýän uzak ömür sürýär+. 17  Biriniň ganyna galan adam mazara inýänçä gaçyp gezer+. Goý, hiç kim ony goldamasyn. 18  Hudaýa wepaly* adam halas bolar+,Hilegärlik edýän bolsa duýdansyz ýykylar+. 19  Mellegini sürýäniň nany bol bolar,Boş zatlara kowalaşýanyň gözi garyplykdan açylmaz+. 20  Wepaly adam bereket tapar+,Baýlygyň yzynda hars urýan günäsiz galmaz+. 21  Ala tutmak gowy däldir+,Käte adam bir döwüm çörek üçin şeýle erbetligi edýär. 22  Görip* baýajak bolup hars urýar,Başyna garyplygyň geljegini bilmeýär. 23  Iň soňunda, adam ýaranjaňlyk edene däl⁠-⁠de,Ýalňyşyny ýüzüne aýdana+ minnetdar bolar+. 24  Ene⁠-⁠atasyny talap: «Günä iş etmedim» diýýän+ Galtamanlaryň ýoldaşydyr+. 25  Açgöz* adam agzalalyk döredýär,Ýehowa bil baglaýanyň işi rowaç bolýar+. 26  Öz ýüregine bil baglaýan akylsyzdyr+,Akyldarlyk ýolunda ýöreýän halas bolar+. 27  Garyplaryň hossary mätäçlik çekmez+,Garyplardan ýüzüni sowýan gargyş astynda galar. 28  Erbet tagta çyksa, adamlar gizlener,Erbet ýok bolsa, hudaýhon köpeler+.

Çykgytlar

Sözme⁠-⁠söz: Saýgarma ukyply.
Ýa⁠-⁠da: Aýypsyz.
Ýa⁠-⁠da: Köp iýýänler.
Sözme⁠-⁠söz: Saýgarma ukyply.
Sözme⁠-⁠söz: Saýgarma ukyply.
Ýa⁠-⁠da: Aýypsyz.
Ýa⁠-⁠da: Açgöz.
Başga manysy: Tekepbir.