Melek 2:1—17

  • Ruhanylar maslahat bermeýär (1—9)

    • Ruhanylar Alla hakda bilim bermeli (7)

  • Maşgalasyny bozýan günä edýär (10—17)

    • Ýehowa maşgalasyny bozýanlary ýigrenýär (16)

2  «Eý ruhanylar, size duýdurýaryn+:  eger siz maňa gulak asmasaňyz, adymy şöhratlandyrmagy ýüregiňize düwmeseňiz, men sizi näletlärin+. Bereketlerden mahrum edip, size gargaryn+. Duýduryşyma ýürekden gulak asmasaňyz, sizi bereketlerimden mahrum edip, başyňyzdan nälet indererin». Muny Serkerdebaşy Ýehowa aýdýar.  «Günäleriňiz üçin ekiniňizi guradaryn+. Baýramçylyklarda gurbanlyk berlen mallaryň tezegini ýüzüňize çalaryn. Özüňizi⁠-⁠de tezegiň içine zyňaryn.  Şu duýduryşy Lewi bilen baglaşan ähtim güýjüni ýitirmesin+ diýip berdim. Muňa şonda düşünersiňiz». Muny Serkerdebaşy Ýehowa aýdýar.  «Men äht baglaşyp, oňa uzak we parahat ömri wada berdim. Menden gorksun* diýip, äht baglaşdym. Ol menden gorkardy, adyma hormat goýardy.  Hakykat kanuny onuň dilinden düşmezdi+, agzyndan ýalan söz çykmazdy. Meniň bilen arasy gowudy*, ýolumda dogruçyl ýörärdi+, köpleriň toba etmegine kömek ederdi.  Ruhany Alla hakda bilim bermeli, adamlar ondan maslahat soramaly+. Sebäbi ol Serkerdebaşy Ýehowanyň wekilidir».  Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär: «Siz ýoldan çykdyňyz. Siz kanuny berjaý etmän* adamlary büdretdiňiz+. Lewi bilen baglaşan ähtimi bozduňyz+.  Siz tabşyryklarymy berjaý etmediňiz, kanunlarymy öz bähbidiňiz üçin ulandyňyz+. Şonuň üçin il⁠-⁠günüň öňünde abraýdan düşürerin, masgara ederin». 10  «Biziň atamyz bir dälmi?+ Bizi ýaradan ýeke⁠-⁠täk Alla dälmi? Onda näme üçin bir⁠-⁠birimize dönüklik edip+, ata⁠-⁠babalarymyzyň ähtini bozýarys? 11  Ýahuda dönüklik etdi, Ysraýyl we Iýerusalim haram işleri etdi. Ýahuda Ýehowanyň söýýän mukaddesligini*+ ýigrendi. Ol ýat taňrynyň gyzyna öýlendi+. 12  Ýehowa şeýle haram işleri edýän her bir adamy, kim bolaýanda⁠-⁠da, hatda Serkerdebaşy Ýehowa sadaka berýän bolsa⁠-⁠da+, Ýakubyň neslinden* ýok eder». 13  «Siziň ýene bir günäňiz bar. Siz sebäpli Ýehowanyň gurbanlyk ojagy* ahy⁠-⁠naladan we gözýaşdan doldy. Şonuň üçin ol sadakalaryňyzy kabul etmeýär, gurbanlyklaryňyzy halamaýar+. 14  Siz: „Näme üçin?“ diýýärsiňiz. Ýehowa ýaşlykda öýlenen aýalyň bilen seniň araňda şaýatdyr. Ol ömürlik ýoldaşyň, kanuny aýalyňdyr*+; sen bolsa oňa biwepalyk etdiň. 15  Ýöne käbirlerinde mukaddes ruh bardy, olar aýalyna wepaly bolmagy ýüregine düwdüler. Näme üçin? Sebäbi olar Hudaýa wepaly nesil hakda alada edýärdiler. Indi sizem ýüregiňizi barlap, dogry ýoly saýlaň. Ýaşlykda öýlenen aýalyňyza biwepalyk etmäň. 16  Sebäbi men maşgalasyny bozýany* ýigrenýärin+, ol zalymlyk edýändir — muny Ysraýyl Hudaýy Ýehowa aýdýar. — Ýüregiňizi barlap, dogry ýoly saýlaň, biwepalyk etmäň»+. Muny Serkerdebaşy Ýehowa aýdýar. 17  «Siz gepiňiz bilen Ýehowany irizdiňiz+. Şonda⁠-⁠da: „Irizer ýaly näme etdik?“ diýip soraýarsyňyz. Siz: „Ýehowa erbet adamy ýalkaýar, gowy görýär“+ ýa⁠-⁠da „Adalatly Hudaý nirede?“ diýmek bilen Hudaýy irizýärsiňiz».

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: Maňa hormat goýsun.
Sözme⁠-⁠söz: parahatlykdady.
Başga manysy: taglymatlaryňyz bilen.
Başga manysy: ybadathanasyny.
Sözme⁠-⁠söz: çadyrlaryndan.
Sözlüge serediň.
Sözme⁠-⁠söz: äht baglaşan aýalyňdyr.
Ýa⁠-⁠da: nikasyny bozýany; aýrylyşýany.