Nakyllar 1:1—33

  • Nakyllaryň peýdasy (1—7)

  • Erbetler azdyrýar (8—19)

  • Akyldarlyk köçelerde gygyrýar (20—33)

1  Ysraýyl patyşasy+ Dawut ogly+ Süleýmanyň nakyllary+.   Nakyllar akyldar bolmaga+, terbiýäni kabul etmäge,Pähimli sözlere düşünmäge kömek edýär.   Nakyllar terbiýeleýär+, düşünjäňi artdyrýar,Dogruçyl+, adalatly bolmagy+, halal ýaşamagy* öwredýär.   Ynanjaňlary* ätiýaçly edýär+,Ýaşlara bilim we akyl* berýär+.   Paýhasly adam diňläp, tabşyryga* düşünýär+,Düşünjeli adam maslahat* soraýar+,   Nakyllara, matallara,Pähimlere we tapmaçalara düşünýär+.   Ýehowadan gorky* bilimiň başydyr+, Akylsyzlar akyldarlygy, terbiýäni ýigrenýändir+.   Oglum, ataň terbiýesini kabul et+,Eneň öwüt⁠-⁠ündewini* unutma+.   Olar başyňa owadan täç+,Boýnuňa monjuk bolar+. 10  Oglum, erbetler seni azdyrjak bolsa, olara ynanma+. 11  Olar saňa: «Ýör, bile gideli. Adam öldürmek üçin duzak guraly. Bigünä adama garaşyp bukuda ýataly. 12  Biz olary mazar* kimin,Çukur kimin diriligine ýuwudarys. 13  Olaryň baýlygyny alarys,Öýümizi oljadan doldurarys. 14  Bize şärik bol,Oljany deň paýlaşarys» diýseler, 15  Oglum, olara goşulma, Olaryň ýolundan ýöreme+. 16  Sebäbi olar zalymlyk etmäge ylgaýar,Gan dökmäge howlugýar+. 17  Guşuň gözüniň öňünde tor gurup tutup bolmaz. 18  Olar hem bigünä gany dökmek üçin,Jan almak üçin bukuda ýatýarlar. 19  Haram gazanjyň yşkyna düşenler şeýle işleri edýärler,Olar baýlyk diýip, öz janyny pida edýärler+. 20  Akyldarlyk*+ köçelerde gygyrýar+, Sesi şäher meýdançalarynda* eşidilýär+. 21  Çatryklarda durup, uly märekä ýüzlenýär. Şäher derwezelerinde durup şeýle diýýär+: 22  «Sadalar*, haçana çenli her söze ynanyp ýörjek? Ýaňsylaýjylar, haçana çenli ýaňsylamakdan keýp aljak? Akmaklar, haçana çenli bilimi ýigrenjek?+ 23  Käýinjimi diňläp, düzeliň+. Şonda size güýjümi* bererin,Sözlerimi size düşündirerin+. 24  Men çagyrdym, jogap bermediňiz,Elimi uzatdym, ünsem bermediňiz+. 25  Maslahatyma gulak asmadyňyz,Käýinjimi diňlemediňiz. 26  Betbagtçylyga uçranyňyzda üstüňizden gülerin,Başyňyza gorkýan zadyňyz inende heşelle kakaryn+. 27  Betbagtçylyk tüweleý kimin inende,Bela⁠-⁠beter tupan ýaly gelende,Gaýgy⁠-⁠alada üstüňizi basanda, sizi utanja goýaryn. 28  Şonda olar çagyrarlar, men jogap bermerin.Jan edip meni gözlärler, ýöne tapmazlar+. 29  Sebäbi olar bilimi ýigrendiler+,Ýehowadan gorkmadylar+. 30  Olar maslahatymy diňlemediler,Käýinjime gulak asmadylar. 31  Olar näme ekse, şony orar+.Gazan çukuryna özi düşer. 32  Tejribesizleri* özdiýenliligi heläk eder,Akmaklary biperwaýlygy öldürer. 33  Emma maňa gulak asan adam asuda ýaşar+,Betbagtçylyk döwri kalby rahat bolar»+.

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: dogruçyllygy.
Ýa⁠-⁠da: Tejribesizleri; sadalary.
Sözme⁠-⁠söz: pikirleniş ukybyny.
Ýa⁠-⁠da: görkezmä.
Ýa⁠-⁠da: tejribeli adamdan öwüt⁠-⁠nesihat.
Ýehowa çuňňur hormat goýmak göz öňünde tutulýar.
Ýa⁠-⁠da: kanunyny; görkezmesini.
Sözlüge serediň.
Ýa⁠-⁠da: Hakyky akyldarlyk.
Sözlüge serediň.
Ýa⁠-⁠da: Tejribesizler; ynanjaňlar.
Sözme⁠-⁠söz: ruhumy.
Ýa⁠-⁠da: Sadalary; ynanjaňlary.