Birinji Musa 24:1—67

  • Yshak üçin gelinlik (1—58)

  • Rebeka Yshagyň ýanyna gelýär (59—67)

24  Ybraýym garrap, ýaşy bir çene ýetipdi. Ýehowa onuň ähli işini ugruna edýärdi+.  Bir gün Ybraýym bütin mal⁠-⁠mülküni dolandyrýan baş hyzmatkärine+: «Maňa bir zady söz ber*.  Ogluma ýaşap ýören ýerimden, kenganlardan gyz alyp bermejekdigiňe+ ýeri⁠-⁠gögi ýaradan Ýehowa Hudaýdan ant iç.  Dogduk mekanyma git⁠-⁠de, oglum Yshaga garyndaşlarymdan+ gyz alyp ber» diýdi.  Hyzmatkäri bolsa: «Gyz bärik geljek däl diýse näme? Ogluňy aňryk äkideýinmi?»+ diýdi.  Emma Ybraýym: «Ýok, oglumy äkidäýme+.  Meni atamyň öý⁠-⁠içerisinden, dogan⁠-⁠garyndaşlarymyň ýurdundan çykaran+, meniň bilen gepleşip: „Şu ýurdy+ nesliňe+ bererin“ diýip ant içen+ gökleriň Hudaýy Ýehowa perişdesini iberip, saňa kömek eder+. Ogluma şol ýerden gyz alyp gaýdarsyň+.  Gyz bärik geljek däl diýse welin, içen antyňdan azat bolarsyň. Ýöne oglumy äkidäýmegin» diýdi.  Hyzmatkär ähli zady Ybraýymyň tabşyryşy ýaly etjekdigini söz berip*, hojaýynynyň öňünde ant içdi+. 10  Soňra ol hojaýynynyň düýelerinden onusyny we her dürli gymmatbaha zatlary alyp, Mesopotamiýada ýerleşýän Nahur şäherine gitdi. 11  Ahyry ol şäheriň golaýynda, bir guýynyň başynda düýelerini çökerdi. Agşamarady, gelin⁠-⁠gyzlaryň guýudan suw almaga gelýän wagtydy. 12  Şonda ýaňky hyzmatkär Hudaýa doga edip: «Hojaýynym Ybraýymyň Hudaýy Ýehowa, haýyş edýärin, işimi ugruna edip, hojaýynym Ybraýyma ýagşylyk et*. 13  Ine, guýynyň başynda durun, şäheriň gyzlary suw almaga gelýär. 14  Gyzlaryň birine: „Küýzäňden suw içeýin“ diýsem, ol hem: „Al, iç, düýeleriňi⁠-⁠de suwa ýakaýyn“ diýse, goý, ol guluň Yshak üçin saýlan gelniň bolsun. Şonda hojaýynyma ýagşylyk edendigiňe* göz ýetirerin» diýdi. 15  Hyzmatkär heniz sözüni tamamlamanka, şäherden egni küýzeli Rebeka çykdy. Ol Ybraýymyň dogany Nahur+ bilen Milkanyň+ ogly Betuweliň+ gyzydy. 16  Rebeka heniz durmuşa çykmadyk, erkek eli degmedik owadan gyzdy. Ol guýynyň başyna gelip, küýzesini suwdan doldurdy⁠-⁠da, yzyna ýöräp ugrady. 17  Hyzmatkär ylgap baryp: «Gyzym, küýzäňden bir owurt suw içäýin» diýdi. 18  Rebeka dessine egnindäki küýzäni düşürip: «Alyň, içiň, atam» diýip, suw berdi. 19  Suw içip bolanda, Rebeka oňa: «Indi guýudan suw çekip, düýeleriňizi hem suwa ýakaýyn» diýdi. 20  Rebeka küýzesindäki suwy nowa* boşatdy⁠-⁠da, guýudan gaýta⁠-⁠gaýta suw çekip, düýeleriň hemmesini suwa ýakdy. 21  Hyzmatkär bolýan zatlara haýran galyp, sesini çykarman, gyzy synlap otyrdy. Ol Ýehowa işini oňuna etdimi⁠-⁠etmedimi biljek bolýardy. 22  Düýeler suwdan gandy welin, Ybraýymyň hyzmatkäri gyza agramy ýarym şekel* altyn burunhalka we agramy on şekel iki altyn bilezik berdi. 23  Hyzmatkär ondan: «Sen kimiň gyzy? Öýüňizde gije ýatara ýer tapylarmy?» diýip sorady. 24  Gyz bolsa: «Kakama Betuwel+ diýýärler, men Nahur bilen Milkanyň+ agtygy» diýip jogap berdi. 25  Ol sözüni dowam edip: «Bizde samanam, otam köp, ýatara ýerem bar» diýdi. 26  Şonda Ybraýymyň hyzmatkäri dyza çöküp, Ýehowa tagzym etdi⁠-⁠de: 27  «Hojaýynym Ybraýymyň Hudaýy Ýehowa şöhrat bolsun! Ol hojaýynyma wepaly bolup, uly ýagşylyk etdi*. Ýehowa meni göni hojaýynymyň doganlarynyň öýüne getirdi» diýdi. 28  Gyz ylgap gidip, bar zady ejesine we öýündäkilere gürrüň berdi. 29  Rebekanyň Laban+ atly dogany bardy. Laban öýlerinden çykyp, guýynyň başynda duran adamyň ýanyna ylgady. 30  Laban gyz jigisi Rebekanyň burunhalkasyny, elindäki bileziklerini görüp, ol adamyň aýdan zatlaryny eşidip, myhmany garşylamaga gitdi. Hyzmatkär bolsa henizem düýeleri bilen guýynyň başynda durdy. 31  Laban oňa: «Hoş geldiňiz, Ýehowanyň ýalkan adamy! Näme bärde dursuňyz? Ýörüň, öýe gideliň. Size myhman jaý, düýeleriňize⁠-⁠de agyl taýynladym» diýdi. 32  Şeýlelikde, Ybraýymyň hyzmatkäri olaryň öýüne bardy. Laban düýeleriň ýüküni düşürip, öňlerine saman bilen ot dökdi. Myhmanlara⁠-⁠da aýaklaryny ýuwmaga suw berdi. 33  Saçak ýazylanda, Ybraýymyň hyzmatkäri: «Habarymy alýançaňyz, duz datjak däl» diýdi. Şonda Laban: «Hany, onda aýdyp otur!» diýdi. 34  Ol hem söze başlap, şeýle diýdi: «Men Ybraýymyň hyzmatkäri+. 35  Ýehowa hojaýynyma bol bereket berdi, döwletini artdyryp, mal⁠-⁠garasyny, altyn⁠-⁠kümşüni, gul⁠-⁠gyrnagyny, düýesini, eşegini köpeltdi+. 36  Hojaýynymyň aýaly Bibisara garran çagy bir ogul dogurdy+. Hojaýynymyň bütin mal⁠-⁠mülki ogluna miras galar+. 37  Hojaýynym maňa ant içirip: „Ogluma ýaşap ýören ýerimden, kenganlardan gyz alyp beräýme+. 38  Atamyň hojalygyna, dogan⁠-⁠garyndaşlarymyň+ ýanyna git⁠-⁠de, ogluma şolardan gyz alyp ber“+ diýdi. 39  Menem: „Gyz bärik geljek däl diýse näme?“+ diýdim. 40  Ol bolsa: „Men Ýehowanyň ähli tabşyrygyny ýerine ýetirýärin+. Şonuň üçin ol perişdesini iberip+, saňa kömek eder. Ogluma dogan⁠-⁠garyndaşlarymdan, atamyň hojalygyndan+ gyz alyp berersiň. 41  Emma garyndaşlarym saňa gyz bermese, içen antyňdan azat bolarsyň. Diňe şonda içen antyňdan azat bolarsyň“+ diýdi. 42  Şu gün guýynyň başyna gelenimde, Hudaýa doga edip: „Hojaýynym Ybraýymyň Hudaýy Ýehowa, eger işimi oňlaýan bolsaň, şu haýyşymy bitir: 43  guýynyň başynda durkam, suw almaga gelen gyza+: „Küýzäňden bir owurt suw beräý“ diýeýin. 44  Ol hem: „Al, iç, düýeleriňi⁠-⁠de suwa ýakaýyn“ diýse, eý Ýehowa, şol gyzy hojaýynymyň ogly üçin saýladygyňdyr“+ diýdim. 45  Heniz içimden doga edip durkam, egni küýzeli gelýän Rebeka gözüm düşdi. Ol guýynyň başyna geldi⁠-⁠de, suw çekip başlady. Şonda oňa: „Içer ýaly suw beräý“+ diýdim. 46  Rebeka dessine egnindäki küýzesini düşürip: „Alyň, içiň+, düýeleriňizi⁠-⁠de suwa ýakaýyn“ diýdi. Suw içip boldum welin, ol düýeleri hem suwa ýakdy. 47  Soňra ondan: „Sen kimiň gyzy?“ diýip soradym. Ol: „Kakama Betuwel diýýärler, men Nahur bilen Milkanyň agtygy“ diýdi. Şonda Rebeka burunhalka bilen iki bilezik berdim*+. 48  Men dyza çöküp, Ýehowa tagzym edip, hojaýynym Ybraýymyň Hudaýy Ýehowany şöhratlandyrdym+. Sebäbi Hudaý işimi oňuna edip, hojaýynymyň ogly üçin doganynyň gyzyny tapmaga kömek etdi. 49  Indi siz aýdyň, hojaýynyma ynanýan bolsaňyz, ýagşylyk edip*, Rebekany berip bilersiňizmi? Men şoňa görä bolaýjak»+. 50  Laban bilen Betuwel: «Bu Ýehowanyň islegi, biziň elimizdäki zat däl*. 51  Ine gyzymyz, al⁠-⁠da, gidiber. Goý, ol Ýehowanyň aýdyşy ýaly, hojaýynyň ogluna gelin bolsun» diýdiler. 52  Şonda Ybraýymyň hyzmatkäri iki bükülip, Ýehowa tagzym etdi. 53  Soňra ol altyn⁠-⁠kümüş şaý⁠-⁠sepleri we egin⁠-⁠eşikleri çykaryp, Rebeka berdi. Erkek dogany bilen ejesine⁠-⁠de gymmatbaha zatlary sowgat berdi. 54  Şondan soň ol adamlary bilen iýip içdi, gijäni hem şol ýerde geçirdi. Ertesi irden ol: «Indi rugsat berseňiz, hojaýynymyň ýanyna gideýin» diýdi. 55  Şonda Rebekanyň dogany bilen ejesi: «Gyz, iň bolmanda, on gün ýanymyzda bolsun, soň äkidäý» diýdiler. 56  Emma hyzmatkär: «Meni ýolumdan saklamaň, Ýehowa işimi ugruna etdi. Indi bir eglenmäýin, hojaýynymyň ýanyna gideýin» diýdi. 57  Olar bolsa: «Hany, gyzy çagyryp, özünden hem sorap göreli» diýdiler. 58  Rebekany çagyryp: «Bu adam bilen gitjekmi?» diýip soradylar. Ol: «Hawa, gitjek» diýdi. 59  Rebekanyň+ ýanyna enekesini+ goşup, Ybraýymyň hyzmatkärini adamlary bilen ýola saldylar. 60  Öýündäkiler Rebeka ak pata berip: «Uýajygym, müňläp⁠-⁠müňläp* ogul⁠-⁠gyzyň bolsun! Goý, seniň nesliň duşmanlaryň şäherlerini* eýelesin!»+ diýdiler. 61  Rebeka gyrnaklary bilen düýelere münüp, ýaňky adamyň yzyna düşdi. Şeýdip, Ybraýymyň hyzmatkäri Rebekany alyp gaýtdy. 62  Yshak bolsa Beýer⁠-⁠lahaýroýdan+ Negebe+ gaýdyp gelipdi. 63  Agşamara ol oýlanmak üçin+ açyk meýdana çykdy. Bir seretse, düýeler gelýär. 64  Rebeka Yshagy gören badyna, düýeden düşdi⁠-⁠de, 65  hyzmatkärden: «Öňümizden gelýän kim?» diýip sorady. Ol: «Hojaýynym» diýip jogap berdi. Şonda Rebeka ýaglygyny alyp, başyny örtdi. 66  Hyzmatkär ähli zady Yshaga birin⁠-⁠birin gürrüň berdi. 67  Yshak Rebekany ejesi Bibisaranyň çadyryna eltdi+. Şeýdip, Rebeka onuň aýaly boldy. Yshak Rebekany ýürekden söýdi+ we ejesiniň ölümi+ sebäpli çekýän gam⁠-⁠gussasy ýeňledi.

Çykgytlar

Sözme⁠-⁠söz: Budumyň aşagyna eliňi goý. Öňler ant içilende şeýle edilýärdi.
Sözme⁠-⁠söz: Ybraýymyň budunyň aşagyna elini goýup. Öňler ant içilende şeýle edilýärdi.
Ýa⁠-⁠da: wepaly söýgiňi bildir.
Ýa⁠-⁠da: wepaly söýgiňi bildirendigiňe.
Mallary suwa ýakmak üçin agaçdan ýasalan gap.
Ýa⁠-⁠da: wepaly söýgüsini bildirdi.
Sözme⁠-⁠söz: dakdym.
Ýa⁠-⁠da: wepaly söýgi bildirip.
Ýa⁠-⁠da: saňa „hawa“ ýa „ýok“ diýip bilmeris.
Sözme⁠-⁠söz: müňlerçe on müňler. Ýa⁠-⁠da: on millionlarça.
Sözme⁠-⁠söz: derwezesini.