Ikinji Korinfliler 6:1—18

  • Hudaýyň ýagşylygyna sowuk⁠-⁠sala garamaň (1, 2)

  • Pawlusyň gullugy (3—13)

  • Imansyzlar bilen bir boýuntyryga girmäň (14—18)

6  Biz Hudaýyň işdeşleri+ hökmünde size Hudaýyň ýagşylygyna sowuk⁠-⁠sala garamazlygy ündeýäris+.  Hudaý: «Rehim eden döwrüm saňa jogap berdim, gutulyş güni saňa kömek etdim»+ diýýär. Ine, rehim edilýän wagt geldi! Ine, gutulyş güni geldi!  Adamlar gullugymyzdan kemçilik tapmaz ýaly, hiç kimi büdretmeýäris+.  Biz ähli ýagdaýda Hudaýyň gullukçylary hökmünde tanalmak isleýäris+. Biz köp kynçylyklara çydaýarys, betbagtçylyga, mätäçlige, kyn günlere+,  urgulara, türmä+, gozgalaňçylara, agyr zähmete, ukusyz gijelere we açlyga çydaýarys+.  Şeýle⁠-⁠de halal ýaşaýarys, bilim alýarys, sabyrly bolýarys+, ýagşylyk edýäris+, mukaddes ruha eýerýäris, ýürekden* söýýäris+,  ýalan sözlemeýäris we Hudaýyň güýjüne bil baglaýarys+. Onsoňam, sag* we çep* elimizde adalat* ýaraglary bar+.  Bize alkyş aýtsalar⁠-⁠da, kemsitseler⁠-⁠de, gybatymyzy etseler⁠-⁠de, öwseler⁠-⁠de Hudaýyň gullukçylary hökmünde tanalmak isleýäris. Bizi ýalançy hasaplasalar⁠-⁠da, hakykaty aýdýarys,  dünýä bizi tanamasa⁠-⁠da, Hudaý tanaýandyr, adamlar ölüme mynasyp görseler⁠-⁠de, biz diridiris+, jeza* berseler⁠-⁠de, ölen däldiris+. 10  Bizi biçäre hasaplasalar⁠-⁠da, elmydama şadyýandyrys, garyp görseler⁠-⁠de, köpleri baý edýändiris, hiç zadymyz ýokdur öýtseler⁠-⁠de, hemme zadymyz bardyr+. 11  Eý korinfliler, siziň bilen aç⁠-⁠açan gepleşdik, ýüregimizi giňden açdyk. 12  Biz size gysganman mähir siňdirdik*+, ýöne siz bizden mähriňizi gysgandyňyz. 13  Size çagalarym hökmünde aýdýaryn: siz hem ýüregiňizi giňden açyň+. 14  Imansyzlar bilen bir boýuntyryga girmäň+. Eýsem dogruçyllyk bilen kanunsyzlygyň nähili baglanyşygy bar?+ Ýagtylyk bilen garaňkylygyň näme meňzeşligi bar?+ 15  Mesih Şeýtan* bilen ylalaşyp bilermi?+ Ýa⁠-⁠da imanly bilen imansyzyň näme meňzeşligi* bar?+ 16  Heý⁠-⁠de, Hudaýyň ybadathanasynda butlar bolup bilermi?+ Biz Biribaryň ybadathanasy+, sebäbi Hudaý: «Men olaryň ýanynda+, olaryň arasynda bolaryn. Men olaryň Hudaýy, olar hem meniň halkym bolar»+ diýdi. 17  «Ýehowa* şeýle diýýär: „Olaryň arasyndan çykyň, olardan aýrylyň. Haram zada el degirmäň!“+, „şonda men sizi kabul ederin“»+. 18  «Gudratygüýçli Ýehowa* şeýle diýýär: „Men siziň ataňyz+, siz hem meniň ogul⁠-⁠gyzlarym bolarsyňyz“»+.

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: ikiýüzli bolmadyk söýgi bilen.
Ähtimal, hüjüm etmek üçin.
Ähtimal, goranmak üçin.
Sözme⁠-⁠söz: dogruçyllyk.
Ýa⁠-⁠da: temmi.
Ýa⁠-⁠da: Biziň ýüregimizde ýer darlyk edýän däldir.
Sözme⁠-⁠söz: Beliýal. Dereksiz diýmegi aňladýar.
Ýa⁠-⁠da: baglanyşygy.