Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

19-NJY SAPAK

Ýehowanyň Şaýatlary Isanyň şägirtlerimi?

Ýehowanyň Şaýatlary Isanyň şägirtlerimi?

Biz hak Hudaýyň adyny göterip, birek-biregi ýürekden söýýäris. Ynanýan zatlarymyz hem Mukaddes Kitaba esaslanýar. Şonuň üçin özümizi Isa pygamberiň hakyky şägirdi hasaplaýarys.

1. Ýehowanyň Şaýatlary nämä ynanýar?

Isa: «(Hudaýyň) sözi hakykat» diýdi (Ýahýa 17:17). Isa ýaly, Ýehowanyň Şaýatlary hem Mukaddes Kitapda ýazylan zatlara ynanýarlar. Geliň, Ýehowanyň Şaýatlarynyň 1870-nji ýyllardaky taryhy hakda bileliň. Şol wagtky Ýehowanyň Şaýatlaryna Mukaddes Kitaby öwrenýänler diýilýärdi. Olar şol ýyllar Mukaddes Kitaby gowy öwrenip başladylar. Emma olaryň ynanýan zatlary buthanada öwredilýän zatlardan düýbünden tapawutlanýardy. Wagtyň geçmegi bilen, Mukaddes Kitapdan öwrenen zatlaryny adamlara-da gürrüň berip başladylar a.

2. Biz näme üçin özümize Ýehowanyň Şaýatlary diýýäris?

Ýehowa bizi öz şaýady hasaplaýar, sebäbi biz ol barada hakykaty gürrüň berýäris (Ýewreýler 11:4—12:1). Gadym döwürlerden bäri Ýehowa Hudaý özüne sežde edýän adamlara: «Siz meniň şaýatlarym» diýýär (Işaýa 43:10-y oka). Isa pygambere-de «wepaly şaýat» diýilýär (Ylham 1:5). Şol sebäpli 1931-nji ýylda Ýehowanyň Şaýatlary diýen ady aldyk. Biz şol ady uly buýsanç bilen göterýäris.

3. Ýehowanyň Şaýatlary Isa ýaly söýgüsini nädip görkezýär?

Isa şägirtlerini öz maşgalasy ýaly gowy görýärdi, söýýärdi (Markus 3:35-i oka). Şol sebäpli bütin dünýädäki Ýehowanyň Şaýatlary bir maşgala ýaly agzybir ýaşaýarlar. Olar biri-birine dogan, uýa diýýärler (Filimun 1, 2). Şeýle-de biz Hudaýyň: «Bütin dünýädäki doganlary söýüň» diýen tabşyrygyna gulak asýarys (1 Petrus 2:17). Biz bütin dünýädäki dogan-uýalara her dürli ýagdaýda söýgimizi görkezýäris. Esasanam, kyn güne düşen dogan-uýalara kömek edýäris.

SÖHBETDEŞLIK

Ýehowanyň Şaýatlarynyň taryhy hakda bileliň we Isanyň hakyky şägirtlerini ýakyndan tanalyň.

Isanyň şägirtleriniň ynanýan zatlary Mukaddes Kitaba esaslanýar, olar öwrenen zatlaryny gürrüň berýärler.

4. Ynanýan zatlarymyz Mukaddes Kitaba esaslanýar

Ýehowa Mukaddes Kitapda ýazylan hakykatyň ýuwaş-ýuwaşdan açyljakdygyny öňünden aýdypdy. Danyýar 12:4-i okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Hudaýyň halky Mukaddes Kitaby öwrendigiçe näme «artdy»?

Çarlz Rasseliň we Mukaddes Kitaby öwrenýänleriň Hudaýyň Sözüni gowy öwrenendigini bileliň. WIDEONY görüp, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Çarlz Rassel ýoldaşlary bilen Mukaddes Kitaby nädip öwrendi?

Bilýäňizmi?

Käte dini ynançlarymyz üýtgeýän ýaly bolup görünýär. Näme üçin? Gün dogup, asmana galanda ýerdäki zatlar has gowy görnüp başlaýar. Şonuň ýaly Hudaýyň Sözüne-de ýuwaş-ýuwaşdan has gowy düşünýäris (Nakyllar 4:18-i okaň). Mukaddes Kitaba has gowy düşünip, käbir ynanýan zatlarymyz üýtgese-de, Ýehowanyň öwredýän hakykaty hiç haçan üýtgemeýär.

5. Adymyza görä ýaşaýarys

Biz näme üçin Ýehowanyň Şaýatlary diýen ady göterýäris? WIDEONY görüp, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Bize Ýehowanyň Şaýatlary diýilmegi näme üçin ýerlikli?

Ýehowa halkyny näme üçin öz şaýady etdi? Diňe olar hak Hudaýy tanadýarlar. Başgalar bolsa ol barada her dürli ýalan zatlary öwredýärler. Geliň, şol ýalan zatlaryň ikisi barada bileliň.

Käbir dinlerde Hudaý doga-tumar, şekiller, suratlar bilen sežde etmegi talap edýär diýip öwredýärler. 3 Musa 26:1-i okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Dogrudanam şeýlemi? Ýehowa şol zatlara nähili garaýar?

Käbir dini ýolbaşçylar Isa pygambere Hudaý diýýärler. Ýahýa 20:17-ni okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Dogrudanam Isa Hudaýmy?

  • Ýehowanyň şaýatlaryny iberip, özi we ogly hakda wagyz etdirmegi seni nämä höweslendirýär?

6. Birek-biregi söýýäris

Mukaddes Kitapda Ýehowanyň halky beden agzalaryna meňzedilýär. 1 Korinfliler 12:25, 26-njy aýatlary okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Dogan-uýalary kyn güne düşse, Isanyň şägirtleri näme edýärler?

  • Ýehowanyň Şaýatlarynyň biri-birini söýýändigini nämeden gördüň?

Ýehowanyň Şaýatlary tebigy betbagtçylyga uçrasa, beýleki ýurtdaky dogan-uýalar derrew kömege ýetişýärler. WIDEONY görüp, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Ýehowanyň Şaýatlary tebigy betbagtçylyk bolanda doganlyk söýgüsini nädip görkezýärler?

Isanyň şägirtleri kyn günde birek-birege kömek edýärler.

ADAMLAR ŞEÝLE DIÝSE: «Ýehowanyň Şaýatlary täze dörän din».

  • Ýehowa Hudaýyň şaýatlary haçandan bäri bar?

GAÝTALAMAK

Ýehowanyň Şaýatlary Isanyň hakyky şägirtleri. Olar dünýäniň dürli künjeginde ýaşasa-da, agzybir maşgala. Olaryň ynanýan zatlary Mukaddes Kitaba esaslanýar, Ýehowa Hudaý barada hakykaty gürrüň berýärler.

Jemleýji soraglar

  • Biz näme üçin özümize Ýehowanyň Şaýatlary diýýäris?

  • Biz biri-birimizi söýýändigimizi nädip görkezýäris?

  • Ýehowanyň Şaýatlary Isanyň hakyky şägirtlerimi?

Maksat goýuň

KÖPRÄK BILIŇ

Ýehowanyň Şaýatlary Hudaý baradaky ýalan zatlaryň üstüni açýar.

«Hudaýyň halky onuň adyny şöhratlandyrýar» (7:08)

Ýehowanyň Şaýatlary barada berilýän soraglaryň jogabyny biliň.

«Ýehowanyň Şaýatlary barada köplenç berilýän soraglar» (Internet makalalar)

Stefen zalym jenaýatçydy. Ol durmuşyny üýtgedip, Ýehowanyň Şaýady bolýar.

«Durmuşym itiň günüdi» («Garawul diňi» 1 iýul, 2015)

a «Garawul diňi» žurnaly 1879-njy ýyldan bäri çykarylýar. Ol Mukaddes Kitaba esaslanýar.