Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

 2-NJI SAPAK

Mukaddes Kitap gelejege umyt berýär

Mukaddes Kitap gelejege umyt berýär

Adamlaryň durmuşy kynçylykdan, gaýgy-aladadan doly. Belki, senem keselçilikden kösenýänsiň ýa-da dogan-garyndaşlaryňdan biri aradan çykandyr. Şonuň üçin: «Haçan gaýgy-aladasyz ýaşarkam?» diýýänsiň. Mukaddes Kitapda gowy habar aýdylýar.

1. Mukaddes Kitap nähili umyt berýär?

Mukaddes Kitapda näme üçin kynçylyk çekýändigimiz düşündirilýär. Şeýle-de şol kynçylyklaryň tizden aýryljakdygy aýdylýar. Mukaddes Kitap «ýagty gelejege umyt berýär» (Ýermeýa 29:11, 12-nji aýatlary oka). Şol umyt kynçylyklara döz gelmäge, hemişe bagtly bolmaga kömek edýär.

2. Mukaddes Kitapda gelejek barada näme diýilýär?

Mukaddes Kitapda: «Indi ne ölüm, ne hasrat, ne agy, ne-de agyry bolar» diýilýär (Ylham 21:4-i oka). Şu günler ýeter-ýetmezlik, adalatsyzlyk, keselçilik, ölüm-ýitim köp bolansoň, adamlar gowy durmuşyň boljagyna ynanmaýarlar. Ýöne şeýle kynçylyklar tizden aýrylar. Mukaddes Kitapda ýer ýüzüniň Jennet boljagy, adamlaryň ebedi ýaşajagy aýdylýar.

3. Gowy durmuşyň boljagyna nädip ynanyp bilersiň?

Köp adamlar ýagşy umytda bolsalaram, gowy durmuşda ýaşajakdygyna ynanyp bilmeýärler. Emma Mukaddes Kitapdaky sözler hökman ýerine ýeter. Eger sen «mukaddes kitaplary her gün» öwrenseň, onda ýer ýüzünde gowy durmuşyň boljagyna düşünersiň (Resullar 17:11).

 SÖHBETDEŞLIK

Mukaddes Kitapda gowy gelejek wada berilýär. Şol wadalar häzirden bagtly edýär.

4. Mukaddes Kitapda bagtly hem ebedi ýaşajagymyz aýdylýar

Aşakdaky aýatlarda gelejekde durmuşyň nähili boljagy aýdylýar. Sen şolaryň haýsysynyň bolmagyny isleýärsiň? Näme üçin?

Aýatlary okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Okan aýatlaryň saňa nämä umyt berýär? Olar maşgalaňa we dost-ýarlaryňa nähili umyt berip biler?

Göz öňüne getir!

HIÇ BIR ADAM. . .

HER BIR ADAM. . .

  • dogan-garyndaşlarynyň ýer ýüzünde direlişini görer (Ýahýa 5:28, 29).

 5. Mukaddes Kitapdaky wadalar hökman ýerine ýeter

Köp adamlar kynçylyklary görüp gynanýar, hatda gahary gelýär. Käbirleri bolsa ýagdaýy düzetjek bolup elinden gelenini edýär. Mukaddes Kitapda ýazylan wadalaryň adamlara häzirden kömek edişine seredeliň. WIDEONY görüp, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Rafikany näme biynjalyk edýärdi?

  • Adalatsyzlyk aýrylmasa-da, Mukaddes Kitap nädip kömek etdi?

Gelejege umyt göwünlik berýär, kynçylyklarda-da bagtly bolmaga kömek edýär. Nakyllar 17:22 we Rimliler 12:12-nji aýatlary okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Gelejege umyt seniň durmuşyňy nädip häzirden gowulandyryp biler? Näme üçin?

ADAMLAR ŞEÝLE DIÝSE: «Seniň aýdýan gowy durmuşyň hiç haçan bolmaýmasa».

  • Gowy durmuşyň boljagyna nädip ynandyryp bilersiň?

 GAÝTALAMAK

Mukaddes Kitapda bagtly durmuş wada berilýär. Gelejege umyt kynçylyklary ýeňmäge kömek edýär.

Jemleýji soraglar

  • Gelejege umydy bolmasa, adamlar özüni nähili duýýar?

  • Mukaddes Kitapda gelejek barada näme diýilýär?

  • Gelejege umyt nädip häzirden kömek edip biler?

Maksat goýuň

KÖPRÄK BILIŇ

Gelejege umyt kynçylyklarda çydamly bolmaga kömek edýär.

«Bize kim umyt berip biler?» («Oýanyň!» aprel 22, 2004)

Dowamly keselden kösenýän adama gelejege umyt kömek edýär.

«Dowamly keselden ejir çekýän bolsam Mukaddes Kitap kömek edermi?» (Internet makala)

Şekilli aýdymy diňläniňde, maşgalaň bilen özüňi Jennetde göz öňüne getir.

«Göz öňüne getir!» (3:37)

Hak-hukuklar ugrunda göreşen adam Mukaddes Kitapdaky wadalary öwrenip, durmuşyny üýtgedýär.

«Indi men dünýäni üýtgetjek bolmaýaryn» («Garawul diňi» 1 iýul, 2013)