Ýahýa 20:1—31

  • Boş mazar (1—10)

  • Isa magdalaly Merýeme görünýär (11—18)

  • Isa şägirtlerine görünýär (19—23)

  • Tomas şübhelenýär, ýöne soňra ynanýar (24—29)

  • Şu kitabyň maksady (30, 31)

20  Hepdäniň birinji güni* magdalaly Merýem ir bilen, jahan ýagtylmanka mazara gelip+, agzyndaky daşyň aýrylandygyny gördi+.  Ol Simun Petrusyň we Isanyň gowy görýän şägirdiniň+ ýanyna ylgap baryp: «Halypamyzyň jesedini mazardan alyp gidipdirler+. Ýöne nirä äkidendiklerini bilemizok» diýdi.  Petrus bilen ýanyndaky şägirt mazary görmäge gitdiler.  Olaryň ikisi hem ylgap gitdiler, ýöne beýleki şägirt Petrusdan çalt ylgap, mazara öňürti bardy.  Ol eglip mazaryň içine seredende, ýerde ýatan kepeni* gördi+, emma mazara girmedi.  Yzyndan Simun Petrus gelip, mazara girdi. Ol hem ýerde ýatan kepeni* gördi.  Isanyň kellesine oralan mata kepeniň ýanynda däl⁠-⁠de, başga ýerde ýatyrdy.  Şonda birinji ylgap gelen şägirt hem mazara girdi. Ol ähli zady görüp, aýdylanlara ynandy.  Olar Isanyň direlmelidigi+ hakda ýazylanlara doly düşünmeýärdiler. 10  Soňra şägirtler öýlerine gaýtdylar. 11  Merýem bolsa mazaryň ýanynda aglap durdy. Ol aglaý⁠-⁠aglaý mazaryň içine seredende, 12  ak eşikli iki perişdäniň+ oturandygyny gördi. Olaryň biri Isanyň ýatan ýeriniň başujunda, beýlekisi aýagujunda otyrdy. 13  Olar Merýeme: «Sen näme üçin aglaýaň?» diýdiler. Ol: «Halypamyzy alyp gidipdirler. Nirä äkidendiklerini bilemok» diýdi. 14  Merýem gepläp durka, yzyna öwrülende, biriniň durandygyny gördi. Ol Isady, ýöne Merýem ony tanamady+. 15  Isa oňa: «Näme üçin aglaýaň? Kimi gözleýäň?» diýdi. Merýem oňa bagbandyr öýdüp: «Agam, jesedi sen aldyňmy? Nirede goýandygyňy aýdaý, men alyp gideýin» diýdi. 16  Isa: «Merýem!» diýdi. Merýem yzyna öwrülip: «Mugallym!» diýdi (ýewreýçe «Rabboni!»). 17  Isa oňa: «Meni beýdip saklap* durma. Men entek Atamyň ýanyna gidemok. Bar, doganlaryma aýt+: „Men Atamyň ýanyna barýaryn+. Ol siziň hem Ataňyzdyr, meniň we siziň Hudaýyňyzdyr“»+ diýdi. 18  Magdalaly Merýem şägirtleriň ýanyna gelip: «Halypamyzy gördüm!» diýip, Isanyň aýdanlaryny gürrüň berdi+. 19  Şol gün hepdäniň birinji günüdi*. Agşam düşende şägirtler ýygnanyşdylar we ýehudylardan gorkup gapylary gulplap otyrdylar. Şonda Isa olaryň arasynda peýda bolup: «Salam!*»+ diýdi. 20  Soňra Isa şägirtlerine elini we böwrüni görkezdi+. Olar Halypasyny görüp begendiler+. 21  Isa ýene⁠-⁠de olara: «Salam!*+ Atamyň meni dünýä iberişi ýaly+, menem sizi dünýä iberýärin»+ diýdi. 22  Soňra olara tarap üfläp: «Mukaddes ruhy alyň+. 23  Kimiň günäsini bagyşlasaňyz, Hudaý hem onuň günäsini bagyşlandyr. Emma siz bir adamyň günäsini bagyşlamasaňyz, Hudaý hem bagyşlan däldir» diýdi. 24  Isa gelende, 12 resulyň biri Ekiz lakamly Tomas+ olaryň ýanynda ýokdy. 25  Şägirtler oňa: «Halypamyzy gördük!» diýdiler. Tomas bolsa: «Eliniň çüýlenen ýerini görüp, barmagymy degirmesem, böwrüni elläp görmesem+ ynanmaryn» diýdi. 26  Sekiz günden şägirtler ýene⁠-⁠de bir öýde ýygnanyşdylar. Olaryň ýanynda Tomas hem bardy. Gapylar gulply bolsa⁠-⁠da, Isa peýda bolup: «Salam!*»+ diýdi. 27  Ol Tomasa: «Elime seret, barmagyňy degrip gör. Eliňi uzadyp, böwrüme degir. Indi şübhelenme, iman et» diýdi. 28  Tomas: «Halypam, Hudaýym!*» diýdi. 29  Isa: «Meni görendigiň üçin iman etdiňmi? Görmän iman edýänler bagtlydyr» diýdi. 30  Isa şägirtlerine ençeme gudratlary görkezdi, ýöne olaryň ählisi şu kitaba* ýazylmady+. 31  Şu zatlar bolsa Isanyň Mesihdigine we Hudaýyň Ogludygyna ynanmagyňyz üçin ýazyldy. Siz iman etseňiz, onuň ady arkaly ebedi ýaşarsyňyz+.

Çykgytlar

Ýagny ýekşenbe güni. Ýehudylarda ýekşenbe güni hepdäniň birinji güni hasaplanýardy.
Sözme⁠-⁠söz: zygyr matany. Sözlüge serediň.
Sözme⁠-⁠söz: zygyr matany. Sözlüge serediň.
Sözme⁠-⁠söz: Maňa ýapyşyp.
Ýagny ýekşenbe güni. Ýehudylarda ýekşenbe güni hepdäniň birinji güni hasaplanýardy.
Sözme⁠-⁠söz: Size parahatlyk bolsun!
Sözme⁠-⁠söz: Size parahatlyk bolsun!
Sözme⁠-⁠söz: Size parahatlyk bolsun!
Ýagny Hudaýyň wekili.
Sözme⁠-⁠söz: golýazma.