Nakyllar 4:1—27

  • Atamyň nesihaty (1—27)

    • Akyldarlyk iň wajyp zat (7)

    • Erbetleriň ýolundan ýöreme (14, 15)

    • Dogruçyllaryň ýodasy ýagtylýar (18)

    • «Ýüregiňi gora» (23)

4  Ogullarym, ata terbiýesini alyň*+,Düşünjäňiz artar ýaly ünsli boluň.   Sebäbi berýän tabşyrygym peýdalydyr,Öwredenlerimi* unutmaň+.   Men atamyň wepaly ogludym+,Enemiň eziz perzendidim+.   Atam şeýle nesihat berdi: «Sözlerimi ýüregiňde saklasaň+, Tabşyryklarymy mäkäm tutsaň, uzak ömür sürersiň+.   Akyldarlygy öwren, düşünjäňi artdyr+, Sözlerimi unutma, olardan çykma.   Akyldarlykdan ýüz öwürme, ol seni gorar. Kalbyň töründe sakla, saňa pena bolar.   Iň wajyp zat — akyldarlyk+, akyldarlygy öwren.Durmuşda näme gazansaň⁠-⁠da,Düşünje gazanmagy unutma+.   Onuň gadyryny bilseň, adyňy arşa galdyrar+, Bagryňa bassaň, abraýyňy artdyrar+.   Başyňa owadan täji,Şöhrat täjini geýdirer». 10  Oglum, aýdanlarymy diňleseň,Diýenimi etseň, uzak ömür sürersiň+. 11  Saňa akyldarlygyň ýoluny öwrederin+,Halal ýollardan äkiderin+. 12  Ýöräniňde büdremersiň,Ylganyňda ýykylmarsyň. 13  Terbiýäni kabul et, sowuk⁠-⁠sala garama+, Berk tut, sebäbi bütin ömrüň şoňa bagly+. 14  Zalymlaryň ýoluna gadam basma,Erbetleriň ýolundan ýöreme+. 15  Ol ýoldan uzakda dur, golaýyna⁠-⁠da barma+,Ondan ýüzüňi sow, aýlanyp geç+. 16  Olar ýamanlyk etmeseler, ýatyp bilmeýärler, Biriniň başyna ýetmeseler, gözüne uky gelmeýär. 17  Olar zalymlygy çörek kimin iýýärler,Zorlugy şerap kimin içýärler. 18  Dogruçyllaryň ýodasy daň şapagy kimindir,Ol süýr günortana çenli barha ýagtylýar+. 19  Erbetleriň ýoly garaňkylyga gaplanandyr,Olar nämä büdreýändigini bilýän däldir. 20  Oglum, sözlerimi diňle,Nesihatyma gulak goý. 21  Olara dykgatly bol,Ýüregiň töründe sakla+. 22  Olary tapan adamyň ömri uzak+,Jany sagdyn bolar. 23  Ähli zatdan öňürti ýüregiňi gora+,Sebäbi ol ýaşaýşyň gözbaşydyr. 24  Ýalan gep⁠-⁠gürrüňden+,Mekirlikden gaça dur. 25  Gözleriň öňe seretsin,Göreçleriň diňe öňe dikilsin+. 26  Ýollaryňy dogrulasaň*+,Ähli işleriň rowaçlanar. 27  Saga ýa çepe sowulma+, Erbetligiň golaýyna barma.

Çykgytlar

Sözme⁠-⁠söz: diňläň.
Ýa⁠-⁠da: Kanunymy.
Başga manysy: Ýollaryň hakda oýlansaň.