Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

28-NJI SAPAK

Ýehowanyň we Isanyň ýagşylygyna minnetdar boluň

Ýehowanyň we Isanyň ýagşylygyna minnetdar boluň

Aýdaly, dostuň kyn günüňde saňa kömek edýär. Sen begenseň gerek! Indi dostuň eden ýagşylygyny gaýtarasyň geler. Ýehowa Hudaý bilen Isa pygamber hem bize uly ýagşylyk etdi. Nähili ýagşylyk? Biz olaryň eden ýagşylygyna nädip minnetdar bolup bileris?

1. Hudaýyň we Isanyň ýagşylygyna nädip minnetdar bolup bileris?

Mukaddes Kitapda aýdylmagyna görä, Isa «iman eden her bir adam» ebedi ýaşap bilýär (Ýahýa 3:16). Iman etmek näme? Iman etmek ýöne bir Isa ynanmagy aňlatmaýar. Adamyň imany gelýän kararlaryndan we edýän işlerinden görünýär (Ýakup 2:17). Eger sen Isa iman edip, şoňa görä ýaşasaň, Isa bilen-de, Atasy Ýehowa bilen-de dostlugyň berkär (Ýahýa 14:21-i oka).

2. Ýehowanyň we Isanyň ýagşylygyna ýene nädip minnetdar bolup bileris?

Isa ölmezinden öňki gijesi şägirtlerine töleg gurbanyna minnetdar bolmagy öwretdi. Isa şägirtlerine ölen gününi bellemegi tabşyrdy. Mukaddes Kitapda şol waka «Halypamyzyň agşam nahary», ýagny Isa Mesihiň ölüminiň Ýatlama agşamy diýilýär (1 Korinfliler 11:20). Ýatlama agşamy resullaryna we ähli şägirtlerine Isanyň beren gurbanlygyny ýatlap, şol hakda oýlanmaga mümkinçilik berýärdi. Şol sebäpli Isa: «Muny meni ýatlamak üçin berjaý ediň» diýdi (Luka 22:19). Senem Ýatlama agşamyna barsaň, Ýehowanyň, Isanyň eden ýagşylygyna we söýgüsine minnetdarlygyňy bildirersiň.

SÖHBETDEŞLIK

Ýehowanyň we Isanyň eden ýagşylygyna, söýgüsine minnetdar bolmagy öwreneliň. Ýatlama agşamynyň wajyplygy hakda oýlanalyň.

3. Minnetdar boluň

Aýdaly, siz suwa düşmäge gitdiňiz. Suwuň çuňrak ýerine gidip, gark bolup başladyňyz, ýöne dostuňyz sizi halas etdi. Siz dostuňyzyň kömegini ýatdan çykararsyňyzmy? Elbetde, ýatdan çykarmarsyňyz. Siz dostuňyza minnetdar bolup, ýagşylygyny gaýtarmak üçin eliňizden gelenini edersiňiz.

Ýehowa-da bizi halas edip, ebedi ýaşamaga mümkinçilik döretdi. 1 Ýahýa 4:8—10-njy aýatlary okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Isanyň töleg gurbanyna näme üçin uly ýagşylyk diýse bolar?

  • Ýehowa bilen Isanyň eden ýagşylygy seni nämä höweslendirýär?

Biz Ýehowa bilen Isa nädip minnetdar bolup bileris? 2 Korinfliler 5:15 we 1 Ýahýa 4:11; 5:3-nji aýatlary okaň. Her aýady okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Biz nädip minnetdar bolup bileris?

4. Isadan görelde alyň

Biz Isadan görelde alyp, Ýehowa bilen Isanyň eden ýagşylygyna minnetdar bolup bileris. 1 Petrus 2:21-i okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Haýsy ýagdaýlarda Isadan görelde alyp bilersiňiz?

5. Ýatlama agşamyna baryň

Ilkinji Ýatlama agşamynyň geçirilişi hakda Luka 22:14, 19, 20-nji aýatlardan okaň. Soňra aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Halypamyzyň Ýatlama agşamy nähili geçirildi?

  • Çörek bilen şerap nämäni aňladýar? (19, 20-nji aýatlara serediň).

Isa şägirtlerine ölen gününi her ýyl ýatlamagy tabşyrdy. Şonuň üçin Ýehowanyň Şaýatlary Ýatlama agşamyny her ýyl belleýärler. Şol wajyp gün hakda bilmek üçin, WIDEONY görüň. Soňra aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Ýatlama agşamy nähili geçirilýär?

Ýatlama agşamynda çörek bilen şerap ulanylýar. Çörek Isanyň kämil bedenini, şerap bolsa ganyny aňladýar.

ADAMLAR ŞEÝLE DIÝSE: «Bizem Isa pygambere ynanýarys, ýöne ölen gününi bellemek hökmanmy?!»

GAÝTALAMAK

Isa pygambere iman etsek we Ýatlama agşamyna barsak, onda eden ýagşylygyna minnetdar bolup bileris.

Jemleýji soraglar

  • Isa pygambere iman etmek näme aňladýar?

  • Ýehowa bilen Isanyň ýagşylygyna nädip minnetdar bolup bilersiň?

  • Ýatlama agşamyna näme üçin gatnaşmaly?

Maksat goýuň

KÖPRÄK BILIŇ

Isanyň janyny gurban bermegi nämä höweslendirýär?

«Janyny gurban berip, Ýehowany şöhratlandyrdy» (9:28)

Isanyň töleg gurbany bir aýalyň durmuşyny üýtgedipdir. Şol hakda «Geçmişde eden günälerim indi ezýet bermeýär» diýen terjimehaldan okap bilersiňiz.

«Mukaddes Kitap durmuşyňy üýtgedýär» («Garawul diňi» 1 awgust, 2011)