Birinji Ýahýa 4:1—21

  • Ylhamly sözleri barlaň (1—6)

  • Hudaýy tanaň we söýüň (7—21)

    • «Hudaý söýgüdir» (8, 16)

    • Söýgüde gorky ýokdur (18)

4  Eziz balalarym, her bir aýdylan ylhamly söze* ynanmaň!+ Olaryň Hudaýdan gelendigini ýa⁠-⁠da gelmändigini anyklaň+. Sebäbi dünýäde ýalan pygamberler köpeldi+.  Siz ylhamly sözüň Hudaýdandygyny şeýdip anyklap bilersiňiz: Isa Mesihiň ynsan bedeninde gelendigini tassyklaýan her bir ylhamly söz Hudaýdandyr+.  Emma muny tassyklamaýan ylhamly söz Hudaýdan däldir+. Ol Mesihiň duşmanyndan* gelen ylhamly sözdür. Onsoňam, siz onuň ylhamly söz bilen geljekdigini eşidipdiňiz+, ol eýýäm dünýä gelendir+.  Balalarym, siz Hudaýyň tarapyny tutup, ýalan pygamberlerden üstün çykdyňyz+. Sebäbi sizi goldaýan Hudaý+ dünýäni goldaýan Iblisden güýçlüdir+.  Ýalan pygamberler dünýäniň tarapyndadyr+, dünýä degişli zatlar hakda gepleýändir we dünýä olara gulak asýandyr+.  Biz bolsa Hudaýyň tarapynda. Hudaýy tanan adam bize gulak asýandyr+, Hudaýyň tarapynda bolmadyk adam gulak asýan däldir+. Şeýdip, ylhamly sözüň hakykatdygyny ýa⁠-⁠da ýalandygyny tapawutlandyryp bolar+.  Eziz balalarym, mundan beýläk⁠-⁠de birek⁠-⁠biregi söýeliň!+ Sebäbi söýgi Hudaýdandyr. Söýýän adam Hudaýyň çagasydyr we Hudaýy tanaýandyr+.  Söýmeýän adam Hudaýy tanan däldir, sebäbi Hudaý söýgüdir+.  Hudaýyň söýgüsini şundan bilýäris: Hudaý ýeke⁠-⁠täk Ogluny+ dünýä iberip, ol arkaly ýaşaýşa ýol açdy+. 10  Biz Hudaýy däl⁠-⁠de, Hudaý bizi söýüp, günälerimiz üçin+ Ogluny ýaraşdyrýan gurban hökmünde berdi+. 11  Eziz balalarym, eger Hudaý bizi şeýle söýýän bolsa, onda biz hem bir⁠-⁠birimizi söýmäge borçly+. 12  Hudaýy hiç kim hiç haçan gören däldir+. Eger biri⁠-⁠birimizi hemişe söýsek, Hudaý biziň bilen bolar, onuň söýgüsi bizde has⁠-⁠da gowy görner+. 13  Eger ol mukaddes ruhuny berýän bolsa, onda biz onuň bilen, ol hem biziň bilen agzybirdir. 14  Biz Atamyzyň Ogluny dünýä halasgär hökmünde iberendigini+ gözümiz bilen gördük we ol hakda gürrüň berdik. 15  Isany Hudaýyň Ogly+ hasaplaýan adam Hudaýyň tarapyny tutýandyr, Hudaý hem onuň tarapyny tutýandyr+. 16  Biz Hudaýyň söýýändigini bilip, söýgüsine ynandyk+. Hudaý söýgüdir+. Hudaýa bolan söýgüsini sowatmaýan adam onuň tarapyndadyr, Hudaý hem onuň tarapyndadyr+. 17  Şeýlelikde, söýgimiz kämil bolsa, höküm gününde ynamly* gepläris+. Biz hem dünýäde Isa meňzäp ýaşaýarys. 18  Söýgüde gorky ýokdur+, kämil söýgi gorkyny ýeňýändir*, sebäbi gorky el⁠-⁠aýagyňy ýüpsüz baglaýandyr. Dogrudan⁠-⁠da, gorkýan adamyň söýgüsi kämil däldir+. 19  Ilki bilen Hudaý söýdi+, şonuň üçin biz hem söýýäris. 20  Eger biri: «Men Hudaýy söýýärin» diýip, doganyny ýigrenýän bolsa, ol ýalançydyr+. Gözi bilen görýän doganyny söýmeýän adam+ görmedik Hudaýyny söýüp bilmez+. 21  Bize şeýle tabşyryk berildi: Hudaýy söýýän adam doganyny⁠-⁠da söýmeli+.

Çykgytlar

Sözme⁠-⁠söz: ruha.
Ýa⁠-⁠da: deçjaldan. Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň: Batyrgaý geplemek.
Ýa⁠-⁠da: kowýandyr.