Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

49-NJY SAPAK

Är-aýallar nädip bagtly bolup biler?

Är-aýallar nädip bagtly bolup biler?

Toý eden güni ýaş çatynjalar üçin ýatdan çykmajak gün bolýar. Olar maşgalasynyň hemişe bagtly bolmagyny arzuw edýärler. Köp är-aýallar Mukaddes Kitabyň maslahatlaryna eýerip, maşgalasyny bagtly hem agzybir edip bildiler.

1. Äriň nähili borjy bar?

Ýehowa äri maşgalabaşy edip belledi (Efesliler 5:23-i oka). Hudaý ärleriň maşgalasyna peýdaly karara gelmegini isleýär. Mukaddes Kitapda: «Ärler, siz hem aýalyňyzy elmydama söýüň!» diýip maslahat berilýär (Efesliler 5:25). Är aýalyny nädip söýüp biler? Ol öýde-de, köpçülikde-de aýalyny kemsitmez. Şeýle-de aýalynyň saglygynyň aladasyny eder, ruhdan düşmez ýaly goldap durar (1 Timoteos 5:8). Esasanam, aýalyna Ýehowa bilen dostlugyny berkitmäge kömek eder (Matta 4:4). Munuň üçin ol aýaly bilen bile Hudaýa doga edip, Mukaddes Kitaby okap biler. Eger är aýalyny söýse, Ýehowa bilenem dostlugy berk bolar (1 Petrus 3:7-ni oka).

2. Aýalyň nähili borjy bar?

Hudaýyň Sözünde: «Aýal hem ärine çuňňur hormat goýsun» diýilýär (Efesliler 5:33). Aýala ärine hormat goýmaga näme kömek eder? Ol äriniň gowy häsiýetleri hakda oýlansa, maşgalasy üçin edýän işleriniň gadyryny bilse, aýala ärine hormat goýmak aňsat bolar. Ärine hormat goýýan aýal hatda äri Ýehowa iman etmese-de, onuň bilen mähirli gepleşýär, kemçiliklerini başgalara aýdyp ýörmeýär, gelen kararyna garşy çykmaýar.

3. Är-aýal nädip maşgalasyny hemişe berk saklap biler?

Mukaddes Kitapda maşgala guransoň, är-aýalyň «ikisi bir beden bolar» diýilýär (Matta 19:5). Olar biri-birinden sowaşmaz ýaly, köpräk bile wagt geçirmeli, biynjalyk edýän zatlaryny aýdyşmaly, biri-birine ýüregini dökmeli, ýanýoldaşy bolmadyk adama ysnyşmakdan gaça durmaly. Ýehowadan başga hiç kim ýa-da hiç zat ýanýoldaşyndan has wajyp bolmaly däl.

SÖHBETDEŞLIK

Mukaddes Kitapda ýazylan prinsipler we maslahatlar maşgalany bagtly edýär.

4. Ärler aýalyňyzy söýüp, aladasyny ediň

Mukaddes Kitapda: «Är hem aýalyny öz bedenini söýşi ýaly söýmelidir» diýilýär (Efesliler 5:28, 29). Är şu maslahata nädip eýerip biler? WIDEONY görüp, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Är aýalyny söýüp, aladasyny etmek üçin näme etmeli?

Koloslylar 3:12-ni okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Är şeýle häsiýetli adam bolmak üçin näme edip biler?

5. Aýallar äriňizi söýüň we hormat goýuň

Mukaddes Kitapda aýallara äri Ýehowa gulluk etse-de, etmese-de, oňa hormat goýmalydygy aýdylýar. 1 Petrus 3:1, 2-nji aýatlary okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Belki, sizem äriňiziň Ýehowa gulluk etmegini isleýänsiňiz. Äriňiz Ýehowa iman eder ýaly hemişe wagyz etseňiz gowy bolarmy? Ýa-da gowy häsiýetleri öwrenip, hormat goýsaňyz has gowy bolarmy? Näme üçin?

Maşgalada är-aýal ylalaşyp karara gelse gowy bolýar. Käte aýal äriniň pikiri bilen ylalaşmazlygy mümkin. Şonda ol pikirini sypaýyçylykly we sylaşykly aýdyp biler. Ýöne ol soňky karara äriniň gelýändigini unutmaly däl. Ol äriniň gelen kararyny goldamak üçin elinde baryny etmeli. Şeýtse, maşgalasy agzybir bolar. 1 Petrus 3:3—5-nji aýatlary okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Ärine hormat goýýan aýallara Ýehowa nähili garaýar?

6. Kynçylygy ýeňip bolýar

Elbetde, ýalňyşmaýan adam ýok. Ýöne kynçylyk dörände är-aýalyň ikisi hem tagalla etmeli. WIDEONY görüp, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Är-aýalyň biri-birinden sowaşmagyna nämeler sebäp boldy?

  • Olar maşgalasyny berkitmek üçin nämeler etdi?

1 Korinfliler 10:24 we Koloslylar 3:13-nji aýatlary okaň. Her aýady okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Şu maslahat maşgalany berkitmäge nädip kömek eder?

Mukaddes Kitapda: «Biri-biriňize... hormat goýuň» diýilýär. Hormat goýmak birek-birek bilen mähirli gepleşmegi we sylaşykly bolmagy aňladýar. Rimliler 12:10-y okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Är ýa-da aýal ilki özüne hormat goýulmagyna garaşmalymy? Näme üçin?

ADAMLAR ŞEÝLE DIÝSE: «Biz birek-birekden sowaşdyk. Indi öňki ýaly söýgi ýok».

  • Mukaddes Kitapdaky maslahatlaryň kömek etjekdigini nädip düşündirip bilersiň?

GAÝTALAMAK

Är-aýal biri-birini söýse, hormat goýsa we Mukaddes Kitabyň kada-kanunlary boýunça ýaşasa, maşgalasyny bagtly edip bilýär.

Jemleýji soraglar

  • Maşgalasyny bagtly etmek üçin är näme etmeli?

  • Maşgalasyny bagtly etmek üçin aýal näme etmeli?

  • Maşgala guran bolsaň, Mukaddes Kitabyň haýsy maslahaty maşgalaňy berkidip biler?

Maksat goýuň

KÖPRÄK BILIŇ

Maşgalany bagtly etmäge kömek edýän maslahatlary öwreniň.

«Siziň maşgalaňyz bagtly bolup biler» (Broşýura)

Şekilli aýdymda Hudaýyň maslahatlary boýunça ýaşaýan är-aýallaryň bagtly bolýandygy görkezilýär.

«Hakyky söýgi» (4:26)

Äriňize tabyn bolmagy öwreniň.

«Aýallar näme üçin ýanýoldaşyna tabyn bolmaly?» («Garawul diňi» 15 maý, 2010)

Mukaddes Kitabyň maslahatlary biri-birinden sowaşan är-aýallara-da kömek edýär.

«Hudaýyň maslahatlary maşgalamyzy gorady» (7:12)