Esasy materiala geçiň

Durmuşyň manysy näme?

Durmuşyň manysy näme?

Mukaddes Kitabyň jogaby

 Durmuşyň manysy hakda oýlananymyzda: «Biz näme üçin ýaşaýarys?» ýa-da «Biz näme maksat bilen ýaradyldyk?» ýaly soraglar ýüze çykýar. Mukaddes Kitapda durmuşymyzy manyly etmek üçin Hudaý bilen dostlaşmalydygy aýdylýar. Geliň, bu barada Mukaddes Kitapdan käbir esasy aýatlara seredeliň.

  •   Hudaý biziň Ýaradyjymyz. Mukaddes Kitapda: «Bizi ýaradan Oldur (Hudaýdyr). Biz Onuňkydyrys» diýilýär (Zebur 100:3; Ylham 4:11)

  •   Hudaý ähli zady, şol sanda bizi-de belli bir maksat bilen ýaratdy (Işaýa 45:18)

  •   Hudaý adamlary ruhy zatlar barada, şol sanda durmuşyň manysyny bilmek islegi bilen ýaratdy (Matta 5:3)Ol biziň şol zerurlygymyzy kanagatlandyrmagymyzy isleýär (Zebur 145:16)

  •   Biz ruhy zerurlygymyzy kanagatlandyrmak üçin Hudaý bilen dost bolmaly. Käbir adamlaryň aýtmagyna görä, Hudaý bilen dostlaşmak mümkin däl. Emma Mukaddes Kitapda: «Hudaýa ýakynlaşyň, ol hem size ýakynlaşar» diýip maslahat berilýär (Ýakup 4:8; 2:23)

  •   Hudaýyň dosty bolmak üçin biz onuň adamzat babatdaky niýetine görä ýaşamaly. Onuň bu niýeti barada Nesihat 12:13-de, «Hudaýdan gork we Onuň tabşyryklaryny sakla» çünki bu ynsanyň esasy borjudyr, diýilýär.

  •   Gelejekde Hudaý ähli horluklary aýryp, wepaly gulluk edýän dostlaryna ebedi ýaşaýşy berer. Şonda Onuň adamzat babatdaky ilkinji niýeti doly amala aşar (Zebur 37:10, 11).