Nesihat 12:1—14

  • Ýaşlykda Ýaradany ýatla (1—8)

  • Nesihatçynyň jemleýji sözleri (9—14)

    • Akyldaryň sözleri çiş kimindir (11)

    • Hak Hudaýdan gork (13)

12  Ýaşlyk günleriňde Beýik Ýaradany ýatla+. Heniz agyr günleriň gelmänkä+, «durmuşyň mazasy gaçdy» diýjek ýyllaryň gelmänkä,  Gün, Aý we ýyldyzlar garalmanka+, ýagyşdan soň* ýene⁠-⁠de bulutlar gelmänkä, Ýaradany ýatla.  Ol gün öýüň garawullary sandyrar, pälwanlar iki büküler, aýallar däne üwemegini bes eder, sebäbi olaryň sany azalar, penjireden daşary seredýän zenanyň gözleri garaňkyrar+.  Köçä bakýan gapylar ýapylar, degirmeniň sesi peseler, sen guşlaryň sesine oýanarsyň, gyzlaryň aýdymyny gowy eşitmersiň+.  Beýiklikden gorkarsyň, köçä çykmakdan heder edersiň, badam agajy güllär+, çekirtge zordan ýörär, işdä* kesiler, sebäbi adam soňky öýüne tarap ýola düşer+, ýas tutýanlar köçelerde aýlanar+.  Kümüş zynjyr üzülmänkä, altyn käse döwülmänkä, çeşme başyndaky küýze owranmanka, guýynyň başyndaky çarh döwülmänkä,  adam topraga siňmänkä+, ýaşaýyş demi hak Hudaýa dolanmanka+, Ýaradany ýatla.  Nesihatçy+: «Bary biderek! Ähli zat biderekdir!»+ diýýär.  Nesihatçy diňe bir paýhasly bolman, eýsem bilýän zatlaryny hemişe halka öwredýärdi+. Ol köp nakyllary düzmek üçin oýlandy we çuňňur gözleg geçirdi+. 10  Nesihatçy ýakymly sözleri tapyp+, hakykat sözlerini dogry ýazmak üçin köp gözleg geçirdi. 11  Akyldaryň sözleri çiş* kimindir+, pähimli sözleri berk kakylan çüýler kimindir. Ählisi bir çopandandyr. 12  Onsoňam, oglum, unutma: köp kitap ýazmagyň soňy ýok, köp okamak bedeni tapdan düşürýär!+ 13  Ähli zady jemläp aýtsam: hak Hudaýdan gorkmak+ we tabşyryklaryny berjaý etmek+ ynsanyň esasy borjudyr+. 14  Sebäbi hak Hudaý ýagşy bolsun, ýaman bolsun — adamyň edýän her bir işini, hatda gizlin işlerini hem höküm eder+.

Çykgytlar

Başga manysy: ýagyş bilen.
Sözme⁠-⁠söz: göýül miwesi ýarylar. Işdäni açýan miwe göz öňünde tutulýar.
Sözlüge serediň.