Zebur 145:1—21

  • Beýik Patyşa, Hudaýa alkyş aýdyň!

    • «Beýikligiň barada yglan ederin» (6)

    • «Ýehowa ýaradanlarynyň ählisine ýagşylyk edýär» (9)

    • «Wepaly gullaryň saňa alkyş aýdarlar» (10)

    • Hudaýyň patyşalygy ebedidir (13)

    • Hudaý jomartlyk bilen elini açýar (16)

Dawudyň aýdan alkyşy. א [Elip] 145  Seni beýgelderin, eý Hudaýym, meniň Patyşam!+Adyňa ebedilik alkyş aýdaryn!+ ב [Bet]   Uzakly gün seni wasp ederin+,Adyňa ebedilik alkyş aýdaryn!+ ג [Gimel]   Ýehowa beýikdir, uly hormata mynasypdyr+.Onuň beýikligine akyl ýetirip bolýan däldir+. ד [Dal]   Seniň işleriňi nesilden⁠-⁠nesle wasp ederler,Gudratly işleriňi hemişe wagyz ederler+. ה [He]   Şan⁠-⁠şöhratyň barada gürrüň bererler+.Ajaýyp işleriň hakda oýa bataryn. ו [Waw]   Gudratly işleriň hakda jar ederler,Beýikligiň barada yglan ederin. ז [Zaýn]   Çäksiz ýagşylygyňy wasp ederler+,Dogruçyllygyňy taryplap, joşup aýdym aýdarlar+. ח [Het]   Ýehowa mähirli* we rehimdardyr+,Giň göwünli*, wepaly söýgä* baý Hudaýdyr+. ט [Tet]   Ýehowa ýaradanlarynyň ählisine ýagşylyk edýär+,Ähli işlerinde rehimdarlygy görünýär. י [Ýod] 10  Eý Ýehowa, elleriň işi seni şöhratlandyrar+,Wepaly gullaryň saňa alkyş aýdarlar+. כ [Käp] 11  Olar patyşalygyň şan⁠-⁠şöhratyny,Gudratly işleriňi jar ederler+. ל [Lam] 12  Beýik patyşalygyňy+,Gudratly işleriňi wagyz ederler+. מ [Mim] 13  Patyşalygyň ebedidir,Hökümdarlygyň nesilden⁠-⁠nesle dowam edýändir+. ס [Sameh] 14  Ýehowa ýykylanlary galdyrýar+,Bili bükülenleriň daýanjy bolýar+. ע [Aýn] 15  Olaryň ählisi saňa umyt bilen seredýär,Hersine öz wagtynda rysgalyny ýetirýärsiň+. פ [Pe] 16  Sen jomartlyk bilen eliňi açýarsyň,Her bir adamy we haýwany näz⁠-⁠nygmatdan doýurýarsyň+. צ [Sad] 17  Ýehowa ähli ýollarynda adalatlydyr+,Işlerinden wepalydygy görünýändir+. ק [Kap] 18  Ýehowa adyny çagyrýanlaryň ählisine,Hudaýy ýürekden* çagyrýanlaryň ählisine ýakyndyr+. ר [Reş] 19  Hudaýdan gorkýanlaryň arzuwyny hasyl edýändir+,Olaryň dady⁠-⁠perýadyny eşidip, halas edýändir+. ש [Şin] 20  Ýehowa Özüni söýýänleri goraýar+,Erbetleri bolsa ýok edýär+. ת [Taw] 21  Dilim bilen Ýehowany wasp ederin+.Goý, hemmeler* mukaddes adyna ebedilik alkyş aýtsyn!+

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: duýgudaş.
Ýa⁠-⁠da: Sabyr⁠-⁠takatly, çalt gaharlanmaýar.
Sözlüge serediň.
Ýa⁠-⁠da: hakykata laýyk.
Ýa⁠-⁠da: ähli janly zatlar.