Işaýa 45:1—25

  • Kir Wawilony basyp almak üçin saýlanýar (1—8)

  • Toýun Küýzegär bilen dawalaşmaz (9—13)

  • Halklar Ysraýylyň öňünde dyza çöker (14—17)

  • Hudaýyň ýaradan zatlary we aýdan sözleri ygtybarlydyr (18—25)

    • Ýer ýaşaýyş üçin ýaradyldy (18)

45  Ýehowa Kiri saýlady+,Onuň sag golundan tutup+,Halklary tabyn eder+,Patyşalary boýun egdirer*,Goşa gapylary açar,Derwezeleri açyp goýar.Hudaý Kire şeýle diýýär:   «Men seniň öňüňden giderin+,Depeleri tekizlärin. Mis gapylary bölek⁠-⁠bölek ederin,Demir gulplary döwerin+.   Garaňky ýerde duran hazynalary,Gizlin saklanýan genji⁠-⁠hazynany bererin+.Şonda meniň Ýehowadygymy,Adyňy tutup çagyran Ysraýylyň Hudaýydygymy bilersiň+.   Gulum Ýakubyň, saýlanym Ysraýylyň hatyrasyna,Adyňy tutup çagyraryn. Meni tanamasaň⁠-⁠da, hormatly at bererin.   Men, Ýehowa, menden başgasy ýokdur. Menden başga Hudaý ýokdur+. Meni tanamasaň⁠-⁠da, güýç⁠-⁠kuwwat bererin*.   Gündogardan günbatara çenli ähli halklar bilsinler,Menden başgasy ýokdur+, Men, Ýehowa, menden başgasy ýokdur+.   Ýagtylygy⁠-⁠da+, garaňkylygy⁠-⁠da+ men ýaratdym,Parahatlygy⁠-⁠da+, betbagtçylygy⁠-⁠da men getirýärin+.Olaryň ählisini edýän men, Ýehowadyryn.   Eý asman, ýere ýagyş ýagdyr+.Goý, bulutlar dogruçyllygy indersin. Ýer açylyp, gutulyş miwesini bersin,Onuň bilen dogruçyllyk gögersin+. Muny eden men, Ýehowadyryn».   Ýaradan bilen dawalaşýanyň waý halyna!Ol döwlen küýze bölegidir,Ýerde pytrap ýatan küýze böleginiň biridir. Toýun Küýzegäre: «Ýasan zadyň näme?» diýermi?+ Ýasan zadyň saňa: «Eliň ýok» diýermi?* 10  Kakasyna: «Meni näme üçin dünýä inderdiň?» Ejesine: «Meni näme üçin dogurdyň?» diýýäniň waý halyna! 11  Ysraýylyň Mukaddes Hudaýy,Ony ýaradan Ýehowa+ şeýle diýýär: «Etjek işlerime şübhelenýärmiň? Ogullaryma+, ýaradanlaryma näme etmelidigimi öwretjek bolýarmyň? 12  Ýeri döreden+, ynsanlary ýaradan mendirin+. Ellerim bilen asmany ýaýan+,Asman jisimlerine* buýruk beren mendirin»+. 13  «Men adalatyň hatyrasyna bir adamy saýlaryn+,Onuň ähli ýollaryny tekizlärin. Ol meniň şäherimi gurar+,Sürgün edilen halkymy tölegsiz, parasyz+ azat eder»+.Muny Serkerdebaşy Ýehowa aýdýar. 14  Ýehowa şeýle diýýär: «Müsüriň girdejisi*, Efiopiýanyň harytlary*,Sabanyň uzyn boýly halky saňa geler, olar seniňki bolar. Elleri gandally yzyňa düşer, Öňüňde dyza çöker+. Olar gorkudan ýaňa: „Alla seniň bilendir+.Başgasy ýok, ondan başga Hudaý ýokdur“ diýer». 15  Ysraýyl Hudaýy, Halasgär Alla!+Sen niýetiňi gizlin saklaýan Hudaýsyň. 16  But ýasaýanlaryň ählisi masgara bolar, utanja galar,Olaryň hemmesi abraýdan düşer+. 17  Eý Ysraýyl, Ýehowa seni hemişelik halas eder+, Indi sen hiç haçan utanja galmarsyň, masgara bolmarsyň+. 18  Men asmany döretdim+,Ýeri ýaratdym, şekil berdim we berkitdim+,Ýeri biderek ýere* däl, ýaşaýyş üçin ýaratdym+,Hak Hudaý Ýehowa şeýle diýýär:«Men Ýehowa, menden başgasy ýokdur. 19  Men gizlin ýerde+, tümlük mekanynda geplemedim,Ýakubyň nesline:„Meni agtaryň, ýöne bary biderek bolar“ diýmedim. Men hakykaty, dogry zady aýdýan Ýehowa Hudaýdyryn+. 20  Halklardan gaçyp gutulanlar!+ Geliň, toplanyň, bir ýere ýygnanyň. Oýma butlary göterýänler,Halas edip bilmeýän taňra dileg edýänler hiç zat bilmeýär+. 21  Aýdyň, dawaňyzy orta atyň, Özara maslahat ediň. Muny ozal başda aýdan kim?Gadymy günlerde yglan eden kim? Muny men, Ýehowa aýtmadymmy? Menden başga Alla ýok.Men dogruçyl we Halasgär Hudaý+, menden başgasy ýok+. 22  Eý ýer ýüzi, maňa dolan, halas bolarsyň!+Sebäbi men Hudaý, menden başgasy ýok+. 23  Adymdan ant içýärin,Agzymdan çykan sözüm hakdyr,Ýerine ýetmän galmaz+. Her bir adam öňümde dyza çöker,Ähli diller wepaly boljagyna ant içip+ diýer: 24  „Ýehowa adalatly we güýç⁠-⁠kuwwatly Hudaýdyr. Oňa gaharlanan her bir adam utana⁠-⁠utana öňüne geler. 25  Bütin Ysraýyl nesli Ýehowa bil baglanyna begener+,Onuň eden işlerine buýsanar“».

Çykgytlar

Sözme⁠-⁠söz: Patyşalaryň guşagyny çözer.
Ýa⁠-⁠da: biliňi berk guşaryn.
Başga manysy: Toýun: «Ýasan zadyň gulpy ýok» diýermi?
Sözme⁠-⁠söz: Gögüň goşunlaryna.
Başga manysy: işçileri.
Başga manysy: täjirleri.
Başga manysy: boş durmagy üçin.