Matta 5:1—48

5  Isa märekäni görüp, dagyň eteginde oturdy, şägirtleri hem ýanyna geldi.  Şonda Isa olara öwredip başlady:  «Hudaý barada bilim almagyň wajypdygyna düşünýän adamlar* bagtlydyr+, sebäbi gökdäki Patyşalyk olaryňkydyr.  Hasrat çekýän adamlar bagtlydyr, sebäbi olara göwünlik berler+.  Pesgöwünli*+ adamlar bagtlydyr, sebäbi olar ýeri miras alarlar+.  Adalatyň dikelmegini isleýänler bagtlydyr+, sebäbi olar arzuwyna ýeterler*+.  Rehimli adamlar bagtlydyr+, sebäbi olara rehim ediler.  Ýüregi päk adamlar bagtlydyr+, sebäbi olar Hudaýy görerler.  Parahatlyk döredýän adamlar bagtlydyr+, sebäbi olara Hudaýyň ogullary diýerler. 10  Dogruçyllyk üçin yzarlanýan adamlar bagtlydyr+, sebäbi gökdäki Patyşalyk olaryňkydyr. 11  Meniň adym üçin size sögenlerinde+, yzarlanlarynda+, her hili ýalan we erbet sözleri aýdanlarynda bagtlysyňyz+. 12  Şatlanyň, begeniň+, sebäbi gökdäki sylagyňyz+ uludyr. Sizden öň ýaşan pygamberler⁠-⁠de şeýle yzarlandylar+. 13  Siz ýeriň duzy+. Eger duz tagamyny ýitirse, ony ýene⁠-⁠de nädip tagamly edip bolar? Ol hiç zada ýaramaz+, ony aýak astyna zyňaýmaly bolar. 14  Siz dünýäniň yşygy+. Dagyň üstünde gurlan şäheri gizläp bolmaz. 15  Adamlar çyrany ýakyp, sebediň aşagynda däl⁠-⁠de, şemdanyň üstünde goýýarlar. Şonda ol öýdäkileriň hemmesine yşyk berýär+. 16  Siziň hem yşygyňyz adamlara şeýle nur saçsyn+ welin, ýagşy işleriňizi+ görüp, gökdäki Ataňyzy şöhratlandyrsynlar+. 17  Men Töwrady ýa⁠-⁠da Pygamberler kitabyny bozmaga gelendirin öýtmäň. Men bozmaga däl, olary berjaý etmäge geldim+. 18  Size hakykaty aýdýaryn, asman we ýer geçip gitse⁠-⁠de, Töwradyň ýekeje harpy, ýekeje nokady⁠-⁠da* bozulmaz, ählisi berjaý bolar+. 19  Kim iň kiçi tabşyryklaryň birini bozup, muny başgalara⁠-⁠da öwretse, gökdäki Patyşalyga girmäge mynasyp däldir. Emma olary berjaý edýän we başgalara⁠-⁠da öwredýän adam gökdäki Patyşalyga girmäge mynasypdyr. 20  Şuny bilip goýuň: eger siz kanunçylardan⁠-⁠da, fariseýlerden⁠-⁠de dogruçyl bolmasaňyz+, gökdäki Patyşalyga girip bilmersiňiz+. 21  Gadymy döwürde ýaşan adamlaryň şeýle diýenini eşidensiňiz: „Adam öldürme+. Kim adam öldürse, kazyýetde jogap berer“+. 22  Emma men size diýýärin, doganyna gaharlanýan+ adam kazyýetde jogap berer. Biri erbet söz aýdyp, doganynyň göwnüne degse, Ýokary kazyýetde jogap berer. Biri doganyna: „Sen akmak!“ diýse, Jähennem* oduna zyňlar+. 23  Gurbanlyk ojagyna* gurbanlygyňy* alyp barýarkaň+, doganyň senden öýkelidigi ýadyňa düşse, 24  gurbanlygyňy gurbanlyk ojagynyň ýanynda goý⁠-⁠da, gidip, ilki doganyň bilen ýaraş+. Soňra gurbanlygyňy ber. 25  Dawagäriň bilen ýüze çykan meseläňi kazyýete ýetmänkäň derrew çöz. Ýogsam ol seni kazyýetde günäkär edäýmesin. Şonda kazy seni garawula tabşyrar, garawul bolsa türmä basar+. 26  Saňa hakykaty aýdýaryn, soňkuja teňňäňi* berýänçäň, ol ýerden çykmarsyň. 27  Siz: „Zyna etme“+ diýlenini eşidensiňiz. 28  Emma men size diýýärin, bir aýala azgyn höwes bilen seredýän adam+ ýüreginde eýýäm zyna edendir+. 29  Eger sag gözüň günä etdirýän* bolsa, oýup taşla+. Bütin bedeniň Jähenneme* zyňlandan, bir gözüň ýok bolany gowudyr+. 30  Eger sag eliň günä etdirýän* bolsa, kesip taşla+. Bütin bedeniň Jähenneme* zyňlandan, bir eliň ýok bolany gowudyr+. 31  Siz: „Aýrylyşýan adam aýalynyň talak hatyny bersin“+ diýlenini⁠-⁠de eşidensiňiz. 32  Emma men size diýýärin, aýaly bilen zynadan* başga sebäbe görä aýrylyşýan adam aýalynyň zyna etmegine sebäp bolýandyr. Aýrylyşan aýala öýlenen hem zyna edýändir+. 33  Gadymy döwürde ýaşan adamlaryň şeýle diýenini⁠-⁠de eşidensiňiz: „Biderek ýere ant içme+. Eger ant içen bolsaň, Ýehowanyň* öňünde berjaý et“+. 34  Emma men size diýýärin, asla ant içmäň+, gökden hem ant içmäň, sebäbi gök Hudaýyň tagtydyr. 35  Ýerden hem ant içmäň, sebäbi ýer Hudaýyň aýagynyň basgançagydyr+. Iýerusalimden hem ant içmäň, sebäbi ol beýik Patyşanyň şäheridir+. 36  Öz başyňyzdan hem ant içmäň, sebäbi saçyňyzyň ýekeje taryny ak ýa⁠-⁠da gara edip bilmersiňiz. 37  Goý, siziň „hawa“ diýeniňiz „hawa“, „ýok“ diýeniňiz „ýok“ bolsun+. Bulardan artygy Şeýtandandyr*+. 38  Siz: „Göz ýerine göz, diş ýerine diş“ diýlenini eşidensiňiz+. 39  Emma men size diýýärin, ýamanlyk edýäne garşylyk görkezme. Biri sag ýaňagyňa ursa, oňa çep ýaňagyňy hem tut+. 40  Eger biri kazyýetiň üsti bilen köýnegiňi aljak bolsa, donuňy⁠-⁠da ber+. 41  Eger ygtyýarly adam bir çakrym* ýol ýöremegi talap etse, onuň bilen iki çakrym ýol ýöre. 42  Kömek sorana kömek et, karz sorandan ýüzüňi sowma+. 43  Siz: „Ýakynyňy* söý+, duşmanyňy ýigren“ diýlenini eşidensiňiz. 44  Emma men size diýýärin, duşmanlaryňyzy söýüň+, sizi yzarlaýanlar üçin doga⁠-⁠dileg ediň+. 45  Şonda gökdäki Ataňyzyň perzendi bolarsyňyz+. Sebäbi ol Güni hem erbetleriň, hem ýagşylaryň üstünden dogurýar, ýagmyry hem dogrularyň, hem egrileriň üstünden ýagdyrýar+. 46  Eger siz özüňizi söýýänleri söýseňiz, başgalardan näme tapawudyňyz bar?+ Salgytçylar hem şeýle etmeýärmi? 47  Eger diňe doganyňyz bilen salamlaşýan bolsaňyz, näme artykmaç zat edýäňiz? Başga halklar hem şeýle etmeýärmi? 48  Gökdäki Ataňyzyň kämil bolşy ýaly, siz⁠-⁠de kämil boluň+.

Çykgytlar

Sözme⁠-⁠söz: Ruhy garyplar.
Ýa⁠-⁠da: Ýumşak.
Ýa⁠-⁠da: Dogruçyllyga ajygyp⁠-⁠suwsanlar bagtlydyr, sebäbi olar doýup ganarlar.
Sözme⁠-⁠söz: çyzygy⁠-⁠da.
Iýerusalimiň daşynda zir⁠-⁠zibil ýakylýan ýer. Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Ýa⁠-⁠da: sadakaňy.
Sözme⁠-⁠söz: kodrantyňy. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Sözme⁠-⁠söz: büdredýän.
Sözlüge serediň.
Sözme⁠-⁠söz: büdredýän.
Sözlüge serediň.
Ýa⁠-⁠da: ahlaksyzlykdan. Grekçe «porneýa». Sözlüge serediň.
Sözme⁠-⁠söz: zalymdandyr.
Rim çakrymy takmynan 1,5 km deň. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Sözme⁠-⁠söz: Goňşyňy.