Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

44-NJI SAPAK

Ýehowanyň öýi

Ýehowanyň öýi

Süleýman Ysraýylyň patyşasy bolýar. Ýehowa oňa: «Islän zadyňy sora, saňa bereýin» diýýär. Süleýman: «Men ýaş, köp zady başarmaýaryn. Halkyň aladasyny eder ýaly maňa akyldarlyk ber» diýýär. Ýehowa: «Menden diňe akyldarlyk diläniň üçin, seni ýer ýüzünde iň akyldar adam ederin. Saňa köp baýlyk bererin, gulak assaň uzak ýaşadaryn» diýýär.

Süleýman patyşa ybadathanany gurup başlady. Ol ybadathananyň zatlaryny altyndan, kümüşden, iň gowy agaçdan we daşdan ýasady. Ybadathananyň gurluşygyna müňlerçe erkek adamlar we aýallar gatnaşdy. Olar örän ökdedi. Süleýman ýedi ýylda ybadathanany gurup gutardy. Soňra ony Ýehowa bagyş etdi. Ybadathananyň içinde gurbanlyk ojagy bardy. Ol ýerde gurbanlyk berilýärdi. Süleýman gurbanlyk ojagynyň öňünde dyza çöküp, şeýle doga edýär: «Ýehowa, sen has owadan we uly ybadathana mynasyp. Ýöne haýyş edýärin, biziň seždämizi kabul et we dileglerimizi eşit». Ýehowa Süleýmanyň guran ybadathanasyny haladymy? Onuň dilegini eşitdimi? Ýehowa ybadathanany halady. Süleýman dileg edip bolansoň, gökden ot geldi. Onuň beren gurbanlygyny ýakyp kül etdi. Ysraýyllar bolýan zatlary görüp begendiler.

Süleýman patyşanyň akyldarlygy hakda bütin ysraýyl halky bilýärdi. Muny hatda daş-töweregindäki halklaram eşitdi. Adamlar Süleýmanyň ýanyna kömek sorap gelýärdiler. Ondan maslahat soraýardylar. Bir gezek onuň ýanyna Şeba ýurdunyň şa aýaly gelýär. Ol Süleýmana kyn soraglary berip, akyldarlygyny barlap görýär. Şa aýaly Süleýmanyň beren jogaplaryna haýran galýar. Ol Süleýmana: «Adamlar sen hakda gürrüň berende ynanmadym. Ýöne sen olaryň aýdyşyndan hem akyldar ekeniň. Ýehowa Hudaýyň saňa kömek edýär» diýýär. Süleýmanyň patyşa bolan döwri ysraýyl halky gowy ýaşaýardy, adamlar bagtlydy. Ýöne wagtyň geçmegi bilen hemme zat üýtgedi.

«Bärde Süleýmandan-da beýik biri dur» (Matta 12:42).