Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

4-NJI SAPAK

Gaharyna adam öldürdi

Gaharyna adam öldürdi

Erem bagyndan kowlansoň, Adam ata bilen How enäniň köp çagalary boldy. Olaryň birinji oglunyň ady Kabyl. Ol ekin ekýärdi. Ikinji oglunyň ady Habyl. Ol goýun bakýardy.

Bir gün Kabyl bilen Habyl Ýehowa gurbanlyk berdiler. Gurbanlygyň nämedigini bilýäňmi? Hudaýy begendirmek üçin bir zat berseň, oňa gurbanlyk diýilýär. Ýehowa Habylyň beren zadyny gowy gördi. Kabylyňkyny halamady. Şonda Kabylyň gaty gahary geldi. Ýehowa Kabyla: «Gaharlanma, ýogsam erbet iş edersiň» diýdi. Ýöne ol diňlemedi.

Şondan soň Kabyl Habyla: «Ýör, açyk meýdana gideli» diýdi. Ol ýerde ikisinden başga adam ýokdy. Kabyl Habyla topulyp, ony öldürdi. Şonda Ýehowa näme etdi? Kabyla temmi berip, öýünden kowdy. Soň ol öýüne gelip bilmedi.

Biz şu wakadan näme öwrenýäris? Käte bir zat seniň isleýşiň ýaly bolmasa, gaharyň gelip biler. Belki, gahardan ýaňa özüňi saklamak kynlaşýandyr. Eger ejeň ýa kakaň saňa gaharlanma diýse, onda derrew gaharyňy sakla, ýogsam Hudaýy gynandyrarsyň.

Habyl Ýehowany gowy görýärdi, hemişe oňa gulak asýardy. Ýehowa ony hiç haçan ýadyndan çykarmaz, Jennetde direlder.

«Ilki doganyň bilen ýaraş. Soňra gurbanlygyňy ber» (Matta 5:24).