Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

8-nji bölüm

8-nji bölüm

Ýehowa Süleýmana akyldarlyk berdi. Ol hatda Hudaýyň ybadathanasyny gurdy. Ýöne Süleýman kem-kemden Ýehowadan daşlaşdy. Ene-atalar, çagalaryňyza Süleýmanyň butlara sežde edendigi üçin Ýehowadan daşlaşandygyny düşündiriň. Şol sebäpli patyşalyk hem ikä bölünýär. Hudaýa gulak asmaýan patyşalar halky Ýehowadan daşlaşdyrýar. Halk buta sežde edip başlaýar. Şol döwür Ýehowanyň wepaly pygamberleriniň köpüsi yzarlandy, hatda öldürildi. Şa aýaly Izabel sebäpli demirgazyk patyşalygy hem erbet işleri edip başlady. Hemme adamlar diýen ýaly Ýehowadan ýüz öwrüp, buta sežde etdiler. Şeýdip, Ýehowadan daşlaşdylar. Ýöne halkyň arasynda Ýehowa wepaly adamlaram bardy. Meselem, Ýehoşapat patyşa we Ylýas pygamber Ýehowa wepaly gulluk etdi.

ŞU BÖLÜMDE:

44-NJI SAPAK

Ýehowanyň öýi

Hudaý Süleýmanyň dilegine jogap berdi we oňa köp işleri ynandy.

45-NJI SAPAK

Patyşalyk ikä bölünýär

Ysraýyllaryň köpüsi Ýehowa sežde etmegini goýdular.

46-NJY SAPAK

Ýehowa hak Hudaýdygyny subut etdi

Ýehowa hak Hudaýmy ýa Bagal?

47-NJI SAPAK

Ýehowa Ylýasa güýç berdi

Ýehowa saňa-da kömek edermi?

48-NJI SAPAK

Dul aýalyň ogly direlýär

Dul aýalyň öýünde bolan iki gudrat.

49-NJY SAPAK

Şa aýaly öldürilýär

Izabel Nabotyň üzümligini almak üçin ony öldürdýär. Ýehowa ony zalymlygy we adalatsyzlygy üçin jezalandyrdy.

50-NJI SAPAK

Ýehowa Ýehoşapata kömek edýär

Ýehoşapat gowy patyşady. Duşmanlar Ýahuda çozanda, patyşa Ýehowadan kömek soraýar.