Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

32-NJI SAPAK

Barak bilen iki aýal

Barak bilen iki aýal

Ýuşa Ýehowanyň halkyna köp ýyl ýolbaşçy boldy. Ol 110 ýaşynda aradan çykdy. Ýuşa dirikä, ysraýyllar Ýehowa gulluk edýärdi. Ýöne ölensoň, kenganlar ýaly butlara sežde edip başladylar. Şonuň üçin Ýehowa olara kömek etmedi. Kenganlaryň patyşasy Ýabin ysraýyllara azar berýärdi. Ysraýyllar ýadap, Ýehowadan kömek sorady. Ýehowa olara täze ýolbaşçy belledi, onuň ady Barak. Ol ysraýyllara Ýehowa bilen dostlaşmaga kömek etdi.

Şol wagtlar Debora atly pygamber aýal bardy. Ýehowa oňa bir habar aýdýar. Debora habary Baraga aýtmalydy. Ol Baragyň ýanyna adam iberip: «Ýanyňa 10 000 adam al. Ýabiniň goşuny bilen söweş. Olar Kişon derýasynyň ýanynda durlar. Sen Ýabiniň goşun serkerdesi Siserany ýeňersiň» diýdi. Barak Debora: «Meniň bilen gitseň giderin» diýýär. Debora: «Bolýar, giderin. Ýöne Siserany sen öldürmersiň. Ýehowa ony bir aýalyň öldürjegini aýtdy» diýdi.

Debora, Barak we esgerler Tabor dagyna çykdylar. Şol ýerde söweşe taýýarlandylar. Sisera olaryň daga çykandygyny eşitdi. Ol Kişon jülgesinde söweş arabalaryny we goşunyny ýygnady. Debora Baraga: «Şu gün Ýehowa saňa kömek eder. Sen duşmanlary ýeňersiň» diýdi. Ol Sisera bilen söweşmek üçin dagdan düşdi. Baragyň ýanynda 10 000 adam bardy.

Soň Ýehowa Kişon derýasyny joşdurýar. Siseranyň söweş arabalary palçyga batýar. Sisera arabasyny taşlap gaçyp gidýär. Barak bilen esgerleri Siseranyň goşunyny gylyç bilen öldürýär. Sisera Ýaýyl atly aýalyň çadyryna barýar. Ol gaty ýadawdy. Ýaýyl oňa içmäge süýt berýär, üstüne ýorgan ýapýar. Sisera uklap galýar. Ýaýyl eline çekiç bilen çadyryň ýere kakylýan agajyny ýa demrini alyp, ýuwaşlyk bilen Siseranyň ýanyna barýar. Ony Siseranyň kellesine goýup, çekiç bilen urýar. Sisera şol bada ölýär.

Barak Siserany gözläp ýördi. Ýaýyl onuň öňünden çykyp şeýle diýýär: «Geliň, gözleýän adamyňyzy görkezeýin». Barak çadyra girýär. Görse, Sisera öli ýatyr. Şeýdip, ysraýyllar duşmanlaryny ýeňýär. Barak bilen Debora Ýehowany şöhratlandyryp aýdym aýdýar. Şondan soň 40 ýyllap ysraýyllara hiç kim azar bermeýär.

«Hoş habary ýaýradýan zenanlar uly goşundyr» (Zebur 68:11).