Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

97-NJI SAPAK

Hudaý Korneliýe mukaddes ruhuny berýär

Hudaý Korneliýe mukaddes ruhuny berýär

Kaýsariýada atly-abraýly adam bardy. Onuň ady Korneliýdi. Ol Rim esgerlerine gözegçilik edýärdi. Ol ýehudy däldi. Ýöne ýehudylar oňa hormat goýýardy. Korneliý Ýehowa ynanýardy, hemişe doga edýärdi. Ol jomart adamdy, garyplara we mätäçlere kömek edýärdi. Bir gün Korneliýiň ýanyna Ýehowanyň perişdesi gelýär. Perişde: «Hudaý seniň dilegleriňi eşitdi. Ýafa şäherine adam iber. Ol ýerde Petrus atly biri bardyr. Ony öýüňe çagyr» diýýär. Korneliý derrew Ýafa şäherine üç adam iberýär. Ýafa şäheri Kaýsariýadan 50 kilometr uzakdady. Ol gündogar tarapda ýerleşýärdi.

Şol wagt Petrus Ýafa şäherindedi. Ol görnüş görýär. Görnüşde köp haýwanlary görýär. Şol haýwanlary ýehudylar iýmeli däldi. Ol görnüşde bir ses eşidýär. Ses oňa: «Petrus, tur-da, şol haýwanlaryň etini iý» diýýär. Petrus bolsa: «Men şu ýaşyma çenli haram haýwanyň etini iýmedim» diýýär. Perişde: «Şol haýwanlara haram diýme. Hudaý olary halal hasaplaýar» diýýär. Soňra Hudaý: «Gapyda üç sany adam dur. Tur-da, şolar bilen git» diýýär. Petrus gapa barýar. Olardan näme üçin gelendigini soraýar. Olar Petrusa: «Bizi Korneliý ugratdy. Ol Rim esgerleriniň gözegçisi. Sen biziň bilen onuň öýüne gitmeli» diýýär. Petrus şol gün agşam olary myhman alýar. Ertesi olar bilen gidýär. Petrus bilen Ýafadaky käbir doganlar hem gidýär.

Şeýdip, Petrus Korneliýiň öýüne gelýär. Gapydan girende, Korneliý onuň öňünde dyza çökýär. Şonda Petrus: «Ýeriňden tur, menem seniň ýaly adam. Aslynda, ýehudylar başga milletli adam bilen gatnaşmaýar. Ýöne Hudaý meni seniň ýanyňa iberdi. Meni näme üçin çagyrandygyňy aýt» diýýär.

Korneliý Petrusa: «Dört gün mundan öň Hudaýa dileg edipdim. Şonda perişdäni gördüm. Perişde maňa Petrusy çagyr diýdi. Şonuň üçin hem seni çagyrdym. Bize Ýehowa barada öwredäý» diýýär. Petrus: «Hudaý adam saýlamaýan eken. Kim oňa sežde etmek islese, olardan ýüz öwürmeýär» diýdi. Soňra Petrus Isa barada köp zatlary öwretdi. Şol gün Hudaý Korneliýiň maşgalasyna mukaddes ruhuny berdi. Öýdäkileriň hemmesi suwa çümdürildi.

«Hudaý özünden gorkup, dogruçyl ýaşaýan islendik milletli adamdan razydyr» (Resullar 10:35).