Resullar 10:1—48

  • Korneliýiň gören görnüşi (1—8)

  • Petrusyň gören görnüşi (9—16)

  • Petrus Korneliýiň öýüne barýar (17—33)

  • Petrus başga milletlere wagyz edýär (34—43)

    • «Hudaý hiç kimi ala tutmaýar» (34, 35)

  • Başga milletler mukaddes ruhy alyp, suwa çümdürilýär (44—48)

10  Kaýsariýada Korneliý atly adam bardy. Ol Italiýanyň goşunynyň* ýüzbaşysydy.  Korneliý bilen tutuş maşgalasy hudaýhon adamlardy. Ol garyplara kömek edip, elmydama Hudaýa doga⁠-⁠dileg ederdi.  Bir gezek ol öýlän sagat üçlerde*+ görnüş* arkaly Hudaýyň perişdesini gördi. Perişde: «Korneliý!» diýip ýüzlendi.  Korneliý gorkudan ýaňa titräp: «Diňleýän, agam!» diýip jogap berdi. Perişde: «Hudaý seniň dilegiňi eşitdi, garyplara kömek edýändigiňi gördi+.  Indi bolsa Ýafa adam ugradyp, Petrus diýilýän Simuny çagyr.  Ony deňziň golaýynda ýaşaýan Simun atly deri ussasy myhman aldy» diýdi.  Perişde gidenden soň, Korneliý iki hyzmatkäri bilen hudaýhon esgerini ýanyna çagyryp,  bolan wakany gürrüň berdi, soňra olary Ýafa ugratdy.  Ertesi gün olar günortan on iki* töweregi şähere golaýlap gelýärdiler. Şol wagt Petrus doga etmek üçin jaýyň üçegine çykdy. 10  Ol gaty ajykdy, nahar iýesi geldi. Nahar bişirip ýörkäler, Petrus görnüş gördi+. 11  Ol görnüşde gögüň açylyp, uly saçaga meňzeş bir zadyň dört burçundan tutulyp ýere sallanyp gelýänini gördi. 12  Saçakda her dürli haýwanlar, süýrenijiler we guşlar bardy. 13  Perişde: «Petrus, tur, olary soýup iý!» diýdi. 14  Petrus: «Ýok, agam! Hapa we haram zatlary ömrümde iýen däldirin»+ diýdi. 15  Perişde ikinji gezek: «Hudaýyň halal hasaplaýan zatlaryna haram diýme» diýdi. 16  Perişde üçünji gezek hem şol sözleri aýtdy, soňra saçak derrew göge galdy. 17  Petrus gören görnüşine geň galyp, manysy hakda oýlanyp durdy. Şonda Korneliýiň iberen adamlary Simunyň öýüni tapyp, gapysynyň agzyna geldiler+. 18  Olar öý eýesini çagyryp, Petrus diýilýän Simuny soradylar. 19  Petrus henizem gören görnüşi hakda oýlanyp otyrka, mukaddes ruh+: «Seni üç adam sorap geldi. 20  Aşak düşüp, olar bilen git. Olara ynanmazçylyk etme, sebäbi olary men ugratdym» diýdi. 21  Petrus aşak düşüp: «Men siziň gözleýän adamyňyz. Näme üçin geldiňiz?» diýdi. 22  Olar: «Bizi ýüzbaşy Korneliý+ ugratdy. Ol dogruçyl, hudaýhon, ýehudy halkynyň arasynda abraýly adam. Hudaýyň mukaddes perişdesi seni öýüne çagyryp, diňlemegi tabşyrypdyr» diýdiler. 23  Petrus olary öýe çagyryp, myhman aldy. Ertesi gün Petrus olar bilen ýola düşdi. Ýafada ýaşaýan doganlaryň käbiri hem onuň bilen gitdiler. 24  Ertesi ol Kaýsariýa geldi. Korneliý dogan⁠-⁠garyndaşlaryny we dost⁠-⁠ýarlaryny öýüne çagyryp, Petrusa garaşyp otyrdy. 25  Petrus öýe gelende, Korneliý ony garşy aldy, dyza çöküp, tagzym etdi. 26  Petrus ony ýerinden galdyryp: «Tur, menem seniň ýaly adam ahyry»+ diýdi. 27  Petrus saglyk⁠-⁠amanlyk soraşyp, öýe girip görse, birgiden adam oturan eken. 28  Petrus olara: «Bilýän bolsaňyz, ýehudylara başga milletli adam bilen gatnaşmak bolmaýar+. Emma Hudaý maňa hiç bir adamy haram hasaplamaly däldigini aýtdy+. 29  Şonuň üçin siziň öýüňize ýaýdanman geldim. Siz meni näme üçin çagyrdyňyz?» diýdi. 30  Korneliý şeýle diýdi: «Dört gün mundan öň, edil şu wagt öýlän sagat üçlerde* dileg edip durkam, birdenkä öňümde eşigi nur saçyp duran adam peýda boldy. 31  Ol maňa: „Korneliý, Hudaý dilegiňi eşitdi, garyplara kömek edýändigiňi gördi. 32  Indi bolsa Ýafa adam ugradyp, Petrus diýilýän Simuny çagyr. Ony deňziň golaýynda ýaşaýan Simun atly deri ussasy myhman aldy“+ diýdi. 33  Men derrew seniň ýanyňa adam ugratdym. Biz geleniňe begendik. Biziň hemmämiz Hudaýyň öňünde durup, Ýehowanyň* sen arkaly aýtjak zatlaryny diňlemäge taýyn». 34  Petrus gürrüňe başlady: «Dogrudan⁠-⁠da, Hudaý hiç kimi ala tutmaýan eken+. 35  Hudaý özünden gorkup, dogruçyl ýaşaýan islendik milletli adamdan razydyr+. 36  Hudaý ähli adamlaryň Halypasy Isa Mesih+ arkaly ysraýyl ogullaryna parahatlygyň hoş habaryny yglan etdi+. 37  Ýahýa suwa çümdürmek barada wagyz edenden soň, Jelilede+ we bütin Ýahudada şeýle gep⁠-⁠gürrüňleriň ýaýrandygyny bilýänsiňiz: 38  Hudaý mukaddes ruhy arkaly nazaretli Isany saýlap+, oňa güýç berdi. Isa ähli ýerlere aýlanyp, ýagşy işleri etdi, Iblisden ejir çekýän adamlary sagaltdy+, sebäbi Hudaý ony goldaýardy+. 39  Biz Isanyň ýehudylaryň ýurdunda we Iýerusalimde eden işlerini gözümiz bilen gördük. Emma olar Isany pürse çüýläp öldürdiler. 40  Hudaý Isany üçünji güni direldip+, adamlara ony görmäge mümkinçilik berdi. 41  Hudaýyň aýdyşy ýaly, onuň direlendigini hemmeler görmedi, diňe biz, onuň bilen bir saçakdan iýip⁠-⁠içenler gördi+. 42  Hudaý Isany dirileri we ölüleri höküm etmäge belledi+. Şol hakda wagyz etmegi we birkemsiz şaýatlyk etmegi Isanyň özi tabşyrdy+. 43  Ähli pygamberler hem ol hakda şaýatlyk edipdiler+. Olar Mesihe iman eden adamlaryň onuň ady bilen günäsiniň geçiljekdigini aýdypdylar»+. 44  Petrus gepläp durka, diňläp oturanlaryň ählisine mukaddes ruh indi+. 45  Petrusyň ýanyndaky sünnetlenen şägirtler mukaddes ruhuň başga milletleriň üstüne inýändigini görüp, haýran galdylar. 46  Sebäbi olaryň başga dillerde gepläp, Hudaýa alkyş aýdýandyklaryny eşitdiler+. Petrus: 47  «Olar hem biz ýaly mukaddes ruhy aldylar. Olara suwa çümdürilmäge kim garşy çykyp biler?»+ diýdi. 48  Soňra Petrus olara Isa Mesihiň ady bilen suwa çümdürilmelidigini aýtdy+. Olar Petrusdan birnäçe gün myhmançylykda galmagy haýyş etdiler.

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: kogortasynyň. Rimiň 600 esgerden ybarat goşun bölümi.
Sözme⁠-⁠söz: dokuzynjy sagat töweregi.
Sözlüge serediň.
Sözme⁠-⁠söz: altynjy sagat.
Sözme⁠-⁠söz: takmynan dokuzynjy sagatda.