Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

3-NJI BÖLÜM

Mukaddes Ýazgylardaky hakykat nädip dykgatly öwrenilip başlanyldy?

Mukaddes Ýazgylardaky hakykat nädip dykgatly öwrenilip başlanyldy?

Mukaddes Ýazgylary öwrenýänler (1870)

Ilkinji «Garawul diňi» (1879)

Häzirki «Garawul diňi»

Mukaddes Ýazgylaryň aýtmagyna görä, Isa Mesih ölenden soňra, irki mesihçileriň arasynda ýalan pygamberler döräp, hakykat ýoýulmalydy (Resullaryň işleri 20:29, 30). Bu şeýle-de boldy. Olar Isanyň öwreden zatlaryny ýoýup, ýalan taglymatlary girizdiler. Şeýlelikde, hristian dini peýda boldy (2 Timoteos 4:3, 4). Mukaddes Ýazgylara biziň dogry düşünendigimizi bilmäge näme kömek edýär?

Ýehowa hakykaty öz wagtynda açdy. Allatagala soňky günlerde «akylly adamlaryň» hakykata düşünjekdigini aýtdy (Danyýel 12:9, 10). 1870-nji ýylda hakykaty gözleýän adamlaryň käbiri buthanalaryň öwredýän taglymatlarynyň Mukaddes Ýazgylara esaslanmaýandygyna göz ýetirdiler. Şol sebäpli olar Hudaýyň Sözüniň näme öwredýändigine düşünmek üçin, ony yhlasly öwrenip başladylar. Ýehowa olaryň eden tagallalaryna ak pata berdi.

Akýürekli adamlar Mukaddes Ýazgylary dykgatly öwrenýärdiler. Mukaddes Ýazgylary yhlasly öwrenen adamlaryň ulanan usullaryny biz hem ulanýarys. Olar Mukaddes Ýazgylary jikme-jik öwrenýärdiler. Düşünmesi kyn bolan ýerlerine gabat gelenlerinde, olar muny anyklamak üçin başga aýatlary okaýardylar. Hudaýyň Sözüniň esasynda belli bir netijä gelenlerinde, ony ýazyp, bellik edýärdiler. Şeýlelikde, olar Mukaddes Ýazgylardan Hudaýyň adyny, Patyşalygyny, Onuň adamzat we ýer babatdaky niýetini, ölen adamlaryň ýagdaýyny hem-de direliş baradaky hakykaty bildiler. Akýürekli adamlar Mukaddes Ýazgylary dykgatly öwrenip, ýalan taglymatlardan we däp-dessurlardan azat boldular (Ýahýa 8:31, 32).

1879-njy ýylda Mukaddes Ýazgylary öwrenýänler ähli adamlara hakykaty aýan etmelidigine düşündiler. Olar şondan soňra žurnal çap edip başladylar. Şu günler bu žurnal «Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär» ady bilen çap edilýär. Biz Mukaddes Ýazgylardaky hakykaty 240 ýurtda we 750-den gowrak dilde adamlara wagyz edýäris. Hakykat bilimi şeýle uly möçberde hiç haçan ýaýramandy!

  • Isa ölenden soň, Mukaddes Ýazgylardaky hakykata näme boldy?

  • Hudaýyň Sözündäki hakykatyň aýan bolmagyna näme kömek etdi?