Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

 20-NJI BÖLÜM

Ýolbaşçylyk maslahaty nähili işleri ýerine ýetirýär?

Ýolbaşçylyk maslahaty nähili işleri ýerine ýetirýär?

I asyrdaky ýolbaşçylyk maslahaty

Ýolbaşçylyk maslahatyndan gelen haty okaýarlar

I asyrdaky ýolbaşçylyk maslahaty Iýerusalimdäki resullardan we ýaşululardan ybaratdy. Olar mesh edilen mesihçileriň ähli ýygnaklaryna ýolbaşçylyk edip, wajyp kararlary kabul edýärdiler (Resullaryň işleri 15:2). Olar Mukaddes Ýazgylar esasynda maslahatlaşyp, Hudaýyň ruhunyň görkezmesine eýerýärdiler we biragyzdan karara gelýärdiler (Resullaryň işleri 15:25). Şu günlerem Ýolbaşçylyk maslahatynyň agzalary olaryň göreldesine eýerýärler.

Hudaý olar arkaly niýetini amala aşyrýar. Ýolbaşçylyk maslahatynda gulluk edýän mesh edilen doganlar Hudaýyň Sözüne çuňňur hormat goýýarlar. Olaryň durmuşy we ruhy meselelerde baý tejribesi bar. Olar bütindünýä doganlyk bilen bagly meseleleri çözmek üçin, her hepde duşuşýarlar. I asyrda bolşy ýaly, olar ýygnaklara hat üsti bilen, aýlanýan gözegçiler we beýleki doganlar arkaly Mukaddes Ýazgylara esaslanan görkezmeleri berýärler. Bu bolsa Hudaýyň halkyna bir pikirde bolmaga we agzybir işleşmäge ýardam edýär (Resullaryň işleri 16:4, 5). Ýolbaşçylyk maslahaty ruhy iýmitiň taýýarlanmagyna gözegçilik edýär, wagyz işini ugrukdyrýar we jogapkär doganlaryň bellenmegi barada alada edýär.

Hudaýyň ruhunyň görkezmesine eýerýärler. Ýolbaşçylyk maslahaty Älemiň Hökümdary Ýehowa we ýygnagyň Başy Isa ähli zatda gulak asýarlar (1 Korintoslylar 11:3; Efesliler 5:23). Olar özlerini Hudaýyň halkynyň ýolbaşçylary hasaplamaýarlar. Olar beýleki mesh edilen mesihçiler bilen bilelikde «Guzy (Isa) nirä gitse, Onuň yzyna düşýärler» (Ylham 14:4). Ýolbaşçylyk maslahaty biziň olar üçin edýän dogalarymyzy gymmat saýýarlar.

  • I asyrdaky ýolbaşçylyk maslahatyna kimler degişlidi?

  • Şu günler Ýolbaşçylyk maslahaty Hudaýyň görkezmesine nädip eýerýär?