Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

 15-NJI BÖLÜM

Ýygnak ýaşululary dogan-uýalara nädip hyzmat edýärler?

Ýygnak ýaşululary dogan-uýalara nädip hyzmat edýärler?

Finlýandiýa

Tälim berýärler

Dogan-uýalary ideg edýärler

Wagyz edýärler

Biziň guramamyzda ýerine ýetirilýän ruhy işler üçin töleg tölenilmeýär. I asyrdaky mesihçiler ýygnagynda bolşy ýaly, şu günler hem «Hudaýyň ýygnagyny bakmak üçin» tejribeli doganlar gözegçi hökmünde bellenilýär (Resullaryň işleri 20:28). Bu ruhy taýdan ýetişen ýaşuly doganlar ýygnaga «mejburlyk bilen däl-de, meýletinlik bilen» we «biabraýçylykly gazanç üçin däl, isleg bilen» gözegçilik edýärler (1 Petrus 5:1—3). Ýaşuly doganlar ýygnakda nähili işleri ýerine ýetirýärler?

Ýaşulular ýygnagyň aladasyny edýärler. Ýaşulular ýygnak agzalaryna Mukaddes Ýazgylaryň esasynda görkezme berýärler we olary ruhy taýdan goraýarlar. Olar bu jogapkärli işi Ýehowanyň tabşyrandygyna düşünip, Onuň halkyna agalyk etmeýärler. Gaýtam, olaryň abadançylygyna we şatlygyna hemaýat edýärler (2 Korintoslylar 1:24). Çopanyň öz sürüsindäki her bir goýnuň aladasyny edişi ýaly, ýaşulular hem ýygnak agzalarynyň her birini gowy tanamak üçin jan edýärler (Süleýmanyň tymsallary 27:23).

Ýaşulular bize Hudaýyň islegini ýerine ýetirmegi öwredýärler. Olar biziň imanymyzy berkitmek üçin her hepde ýygnak duşuşyklarynyň geçirilmeginiň aladasyny edýärler (Resullaryň işleri 15:32). Şeýle-de ýaşuly doganlar wagyz işine ýolbaşçylyk edýärler. Olar biziň bilen gullugyň ähli görnüşlerine gatnaşyp, ökdelik bilen wagyz etmegi öwredýärler.

Ýaşulular bizi ruhlandyrýarlar. Ýaşulular her bir ýygnak agzalarynyň ruhy taýdan aladasyny edýärler. Olar bizi goldamak we Mukaddes Ýazgylaryň esasynda teselli bermek üçin öýümize gelýärler ýa-da ýygnak duşuşyklarynyň geçirilýän ýerlerinde biziň bilen gürrüňdeş bolýarlar (Ýakup 5:14, 15).

Ýaşulular ýygnagyň işlerinden başga-da, maşgala agzalarynyň aladasyny etmek üçin zähmet çekýärler we maşgaladaky borçlaryny ýerine ýetirmek üçin wagt sarp edýärler. Bu zähmetsöýer doganlar biziň hormatymyza mynasypdyrlar (1 Selanikliler 5:12, 13).

  • Ýaşulular ýygnakda nähili borçlary ýerine ýetirýärler?

  • Ýaşulular nädip biziň her birimiziň aladamyzy edýärler?