Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

7-NJI BÖLÜM

Ýygnak duşuşyklary nähili geçirilýär?

Ýygnak duşuşyklary nähili geçirilýär?

Täze Zelandiýa

Ýaponiýa

Uganda

Litwa

I asyrda ýaşan mesihçiler ýygnak duşuşyklarynda aýdym aýdýardylar, Hudaýa doga edýärdiler we Mukaddes Ýazgylary okap, olaryň esasynda pikir alyşýardylar (1 Korintoslylar 14:26, 27). Biziň ýygnak duşuşyklarymyz hem şeýle görnüşde geçirilýär.

Mukaddes Ýazgylaryň esasynda bilim berilýär. Dynç günleri ähli ýygnaklarda 30 minutyň dowamynda Mukaddes Ýazgylara esaslanan nutuk bilen çykyş edilýär. Onda biziň durmuşymyz we ýaşaýan döwrümiz bilen Mukaddes Ýazgylaryň nähili baglanyşygynyň bardygy düşündirilýär. Biz nutukda okalýan aýatlaryň ählisini Mukaddes Ýazgylarymyzdan yzarlaýarys. Soňra bir sagadyň dowamynda «Garawul diňini» öwrenmek duşuşygy geçirilýär. Bu duşuşykda «Garawul diňi» žurnalyndan bir makala öwrenilýär we duşuşyga gelenleriň ählisi soraglara jogap berip bilýärler. Şeýle gürrüňdeşlik bize Mukaddes Ýazgylaryň maslahatlaryny durmuşymyzda ulanmaga kömek edýär. Bütin dünýäde 110 müňden gowrak ýygnaklaryň ählisinde birmeňzeş tema öwrenilýär.

Mugallymçylyk ukybyňy ösdürmäge kömek edýär. Şeýle-de biz hepdäniň başynda üç bölümden ybarat bolan «Mesihçileriň durmuşy we wagzy» duşuşygyny geçmek üçin ýygnanyşýarys. Ondaky her aýda berilýän maglumatlar «Durmuş we wagyz» okuw depderine esaslanýar. Onuň birinji bölümi, «Hudaýyň Sözündäki hazynalar» bize şol hepde okalýan aýatlara gowy düşünmäge kömek edýär. Soňra «Wagyzda ökdeleşiň» bölüminde, Mukaddes Ýazgylaryň esasynda adamlar bilen nädip gürrüňdeş bolmak hakda sahnalar bolýar. Duşuşygy geçirýän dogan çykyş edýänleri ünsli diňläp, olara okamak we geplemek ukyplaryny ösdürmäge kömek edýär (1 Timoteos 4:13). «Mesihçileriň durmuşy» bölüminde bolsa Mukaddes Ýazgylaryň prinsipleriniň gündelik durmuşda nädip ulanyp bolýandygyna seredilýär. Şeýle-de onda sorag-jogap arkaly Mukaddes Ýazgylara çuňňur düşünmäge kömek edýän söhbetdeşlik bolýar.

Biziň ýygnak duşuşyklarymyzda Mukaddes Ýazgylara esaslanan peýdaly bilim berilýär. Eger siz olara gatnaşsaňyz, munuň şeýledigine göz ýetirersiňiz (Işaýa 54:13).

  • Ýehowanyň Şaýatlarynyň ýygnak duşuşyklary nädip geçirilýär?

  • Siz her hepdede geçirilýän ýygnak duşuşyklarymyzyň haýsysyna gatnaşmak isleýärsiňiz?