Birinji Korinfliler 14:1—40

  • Pygamberlik etmek we dürli dilde geplemek (1—25)

  • Duşuşyklary tertip⁠-⁠düzgün boýunça geçirmeli (26—40)

    • Aýal⁠-⁠gyzlaryň ýygnakdaky orny (34, 35)

14  Biri⁠-⁠biriňizi söýmäge jan ediň. Mukaddes ruhuň berýän ukyplaryny*, esasan⁠-⁠da, pygamberlik etmek ukybyny aljak boluň+.  Dürli dilde gepleýän adam ruhuň kömegi bilen mukaddes syrlary açýar+. Emma onuň sözlerine hiç kim düşünmeýär+, diňe Hudaý düşünýär.  Pygamberlik edýän adam bolsa başgalaryň imanyny berkidýär, ruhlandyrýar we göwünlik berýär.  Dürli dilde gepleýän öz imanyny berkidýär, pygamberlik edýän bolsa ýygnakdakylaryň imanyny berkidýär.  Men siziň dürli dilde geplemegiňizi isleýärin+, ýöne pygamberlik etseňiz has gowy+. Dürli dilde geplemekden, pygamberlik etmek has peýdalydyr. Sebäbi dürli dilde gepleýän aýdanlaryny terjime etmese, ýygnagy ruhlandyryp bilmez.  Doganlar, siziň ýanyňyzda başga dilde geplesem peýdaly bolarmy? Eger ylhamly sözleri+, bilimi+, pygamberlikleri ýa⁠-⁠da taglymatlary düşündirmesem, size peýdam degermi?  Tüýdük ýa arfa ýaly saz gurallarynyň owazy hakda hem şeýle diýse bolar. Eger tüýdükde ýa⁠-⁠da arfada şol bir heň çalynsa, haýsy sazyň çalynýandygyna düşünip bolarmy?  Surnaýyň owazy düşnüksiz bolsa, söweşe kim taýýarlansyn?  Siz hem düşnükli dilde geplemeseňiz, aýtjak zadyňyza kim düşünsin? Eger düşünmeseler, bary biderek bolar. 10  Dünýäde ençeme diller bar, ýöne her sözüň öz manysy bar. 11  Eger gepleýän adamyň sözlerine düşünmesem, onda men ýat ýurtdan gelen adam ýaly bolaryn. Gepleýän adam hem meniň üçin başga ýurtdan gelen ýalydyr. 12  Siz mukaddes ruhuň berýän ukyplaryny* almak isleýän bolsaňyz, onda ýygnagy berkidýän ukyplary almaga jan ediň+. 13  Goý, dürli dilde gepleýän adam terjime edip biler ýaly doga etsin+. 14  Men başga dilde doga edýän bolsam, muny mukaddes ruhuň güýji bilen edýändirin, ýöne özüm hiç zada düşünmeýärin. 15  Onda näme etmeli? Mukaddes ruhuň berýän ukyby bilen doga etsem, sözümiň manysyna⁠-⁠da düşünjek bolaryn. Mukaddes ruhuň berýän ukyby bilen Hudaýyň şanyna aýdym aýtsam, aýdymyň manysyna⁠-⁠da düşünjek bolaryn. 16  Sen mukaddes ruhuň ukyby bilen Hudaýa doga edip, alkyş aýtsaň, sada adam hem aýdanlaryňa düşünmese, onda nädip «Omyn» diýsin? 17  Sen Hudaýa ýürekden şükür etseň⁠-⁠de, adamyň imany berkemeýär. 18  Hudaýa şükür, men size garanyňda köp dilde gepleýärin. 19  Ýöne başga dilde on müň söz aýdanymdan ýygnaga öwüt⁠-⁠ündew bermek üçin düşnükli dilde bäş söz aýdanym gowudyr+. 20  Doganlar, düşünjäňiz çagalaryňky ýaly däl⁠-⁠de+, uly adamlaryňky ýaly bolsun+. Ýöne ýamanlyk etmekde çagalar ýaly boluň+. 21  Töwratda: «Ýehowa* diýýär: „Men olar bilen ýat halkyň we gelmişekleriň dilinde gepleşerin. Emma şonda⁠-⁠da meni diňlemezler“»+ diýip ýazylgy. 22  Şeýlelikde, dürli dilde geplemek sylagy iman edýänler üçin däl⁠-⁠de, iman etmeýänler üçin berilýär+. Pygamberlik etmek ukyby bolsa iman etmeýänler üçin däl⁠-⁠de, iman edýänler üçin berilýär. 23  Siziň hemmäňiz ýygnakda dürli dilde gepleseňiz, onda sada ýa⁠-⁠da iman etmeýän adamlar size akylyndan azaşandyr öýtmezmi? 24  Emma siziň ähliňiz pygamberlik etseňiz, ýygnaga gelen sada ýa⁠-⁠da iman etmeýän adam sizi diňläp, ýalňyşlaryna düşüner we edýän işleri hakda oýlanar. 25  Şonda ýüregindäki niýetini bilip: «Dogrudan⁠-⁠da, Alla siziň bilen eken»+ diýip, dyza çöküp sežde eder. 26  Doganlar, onda näme etmeli? Siz ýygnanyşanyňyzda her biriňize Hudaýyň şanyna aýdym aýtmak, öwretmek, Hudaýyň ylhamy bilen aýdylan sözleri düşündirmek, dürli dilde geplemek, terjime etmek ýaly dürli ukyplar berilýär+. Ýöne siz olar arkaly biri⁠-⁠biriňiziň imanyňyzy berkidiň. 27  Dürli dilde gepleýänler bar bolsa, olardan ikisi ýa⁠-⁠da üçüsi geplesin. Olaryň aýdanlaryny bolsa bir adam terjime etsin+. 28  Ýöne hiç kim terjime etmese, olar öz⁠-⁠özi bilen ýa⁠-⁠da Hudaý bilen gepleşsinler, ýygnakda bolsa geplemesinler. 29  Pygamberleriň+ hem ikisi ýa⁠-⁠da üçüsi geplesin, galanlary düşünmek üçin diňlesin. 30  Ýöne oturanlaryň birine Hudaýdan ylham gelse, onda gepläp duran adam dymsyn. 31  Hemmeler öwrenip, hemmeler ruhlanar ýaly+, gezekli⁠-⁠gezegine pygamberlik ediň. 32  Pygamberler hem mukaddes ruh arkaly ukyp* alyp, pygamberlik edenlerinde tertip⁠-⁠düzgüne eýersinler. 33  Sebäbi Hudaý hiç bir zadyň tertipsiz bolmagyny islemeýär, ol parahatlyk Hudaýydyr+. Mukaddesleriň ähli ýygnaklarynda bolşy ýaly, 34  aýallar ýygnakda ümsüm otursynlar, sebäbi olara geplemäge rugsat berilmeýär+. Hudaýyň kanunynda aýdylyşy ýaly, aýallar erkeklere tabyn bolsunlar+. 35  Aýallar düşünmedik zadyny öýünde ärinden sorasyn. Sebäbi ýygnakda aýal maşgala geplese, aýyp görülýändir. 36  Hudaýyň sözüni ilki siz aýtdyňyzmy ýa⁠-⁠da diňe size wagyz edildimi? 37  Özüni pygamber hasaplaýan ýa⁠-⁠da mukaddes ruhdan ukyp* alandyryn öýdýän adam size ýazýanlarymy Halypamyzyň tabşyrygy hökmünde kabul etsin. 38  Eger kabul etmese, özi⁠-⁠de kabul edilmez*. 39  Doganlarym, şol sebäpli pygamberlik etmäge jan ediň+, ýöne dürli dilde geplemegi⁠-⁠de gadagan etmäň+. 40  Ýöne ähli zady edepli we tertip⁠-⁠düzgün boýunça ediň+.

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: sylaglaryny.
Ýa⁠-⁠da: sylaglaryny.
Ýa⁠-⁠da: sylag.
Ýa⁠-⁠da: sylag.
Başga manysy: ol hiç zada düşünmez, düşünmän hem ýörer.