Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

 24-NJI BÖLÜM

Guramanyň çykdajylary nädip ödelýär?

Guramanyň çykdajylary nädip ödelýär?

Nepal

Togo

Beýik Britaniýa

Biziň guramamyz her ýyl millionlarça Mukaddes Ýazgylary hem-de oňa esaslanan edebiýatlary çap edýär we mugtuna paýlaýar. Şeýle-de biz Patyşalyk zallaryny we filiallary gurýarys hem-de olary gowy ýagdaýda saklamak üçin bejeriş işlerini geçirýäris. Biz müňlerçe Beýtel gullukçylaryny we missionerleri maddy taýdan goldaýarys hem-de tebigy betbagtçylyga uçran dogan-uýalara ýardam edýäris. Şol sebäpli sizde şeýle soragyň döremegi mümkin: «Bu işler nämäniň hasabyna amala aşyrylýar?»

Biz adamlardan pul dilemeýäris. Wagyz işimize köp çykdajy edilýän hem bolsa, biz adamlardan pul dilemeýäris. Ýüz ýyldan gowrak mundan öň çap edilen «Garawul diňi» žurnalynyň ikinji sanynda Ýehowanyň bizi goldajakdygy we biziň «kömek üçin hiç bir adama ýalbarmajakdygymyz» barada aýdylypdy. Bu sözler aýdylyşy ýaly-da boldy! (Matta 10:8).

Biziň işimiz meýletin sowgatlar arkaly amala aşyrylýar. Köp adamlar biziň Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirýändigimiz üçin minnetdarlyk bildirip, meýletin sowgat berýärler. Ýehowanyň Şaýatlary bütin ýer ýüzünde Hudaýyň islegini berjaý etmek üçin wagtyny, güýjüni, serişdesini we başga-da zatlaryny ak ýürekden sarp edýärler (1 Ýyl ýazgylary 29:9). Ýygnak duşuşyklarynyň we kongresleriň geçirilýän ýerlerinde pul sadakalary üçin ýörite guty bar. Ýa-da pul sadakalaryny jw.org web-saýtymyz arkaly iberip bilersiňiz. Sowgatlary berýänleriň köpüsi gurply maşgaladan däl. Olar hem Isanyň öwgüli sözlerine mynasyp bolan dul hatyn ýaly, sowgatlary ýürekden berýärler (Luka 21:1—4). Şol sebäpli her bir adam sowgat hökmünde «öz göwnünden çykaranyny» berip bilýär (1 Korintoslylar 16:2; 2 Korintoslylar 9:7).

Biz akýürekli adamlaryň «bütin baýlygy» bilen Ýehowany şöhratlandyrjakdyklaryna ynanýarys. Bu bolsa Patyşalyk işini doly berjaý etmäge ýardam eder (Süleýmanyň tymsallary 3:9, MK).

  • Biziň guramamyzyň başga dinlerden näme tapawudy bar?

  • Meýletin berilýän sowgatlar nämä sarp edilýär?